• Nov 8 2023 - 14:12
  • 81
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti tamamlandy

2-nji noýabrda (11 aban) Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti Äli Mojtäbä Ruzbähani ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisiniň, Gülşat Ýazlyýewna Bakyýewa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň, diplomatlaryň , türkmenleriň we Aşgabatdaky eýranlaryň gatnaşmagynda tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň “Watan” kinokonsert merkezinde geçirilen bu  konsertde “Sämažin”, “Hätän”, “Daglar” toparlary ýurdumyzyň gündogar Azerbeýjan, Kermanşah, Lorestan, Razawi Horasan welaýatlarynyň halk döredijiligi, Türkmenistanyň halk artistleri bolsa özleriniň iň gowy aýdymlary we tans toparlary hem milli tanslary bilen çykyş etdiler. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

Konsertiň soňunda tomaşaçylar bilen Eýran barada sorag – jogaplar alyşylyp, Äli Mojtäbä Ruzbähani we  Gülşat Ýazlyýewna Bakyýewa iki ýurduň aragatnaşygynda medeniýetiň orny barada ýelläp, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentlerine sag bolsun aýtdylar. Şeýle hem olar şular medeni hemde dost – doganlykly çäreleriň iki ýurduň arasynda ýygy- ýygydan geçirilmegine umyt baglaýarys diýip aýtdylar.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: