• Feb 11 2026 - 17:31
  • 7
  • Okamak üçin wagt : Less than one minute

 Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

پیام تبریک رئیس جمهور ترکمنستان به مناسبت چهل و هفتمین سالگرد پیروزی انقلاب اسلامی

 

 Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Goňşy ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köp asyrlara uzaýan gatnaşyklarynyň bardygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: