Ýäzdiň botanika muzeýi täsin muzeýi görmek bilen ylym öwrenmek
Iranşähr medresesinde ýerleşen Ýäzdiň botanika muzeýi bu şäheriň iň täsin muzeýleriniň biridir. Muzeýiň dürli bölümlerinde ýerleşdirilen eserleri synlamak, gyzykly zatlar bilen tanyş bolmagyň lezzeti bilen dünýäniň dürli ugurlaryny öwrenmegiň lezzetini bir ýere jemleýär.
Ýäzdiň botanika muzeýiniň eýesi bolan Iranşähr medresesi
Iranşähr medresesi Ýäzdiň iň gadymy medresesi hasaplanylýar we 1998 – nji ýylda Eýranyň milli eserleriniň sanawyna girizildi. Bu medrese Ýäzdiň Şehit Räjaýi (Iranşähr) köçesinde ýerleşýär we häzir hem okuw hyzmatlary bilen meşgullanýar. Medrese 1927 – nji ýylda Pehlewi I döwründe işläp başlaýar. Şeýle – de bolsa onuň gurluşygy şu seneden 7 ýyl soň dowam edip, ahyrsoňy 1934 – nji ýylda resmi taýdan açylýar. Şondan soň bu medrese "Iranşähr" ady bilen şöhratlanýar.
Medresäniň gurluşy we durnuklylygy her bir tomaşaçynyň ünsüni çekýän ilkinji zatdyr. Medresäniň gurluşygyna Ýäzdiň birnäçe belli arhitektorlary gatnaşandyr. Binanyň asyl arhitektory fransuz arhitektory we taryhçysy Andre Godardyr (1881 – 1965). Ol XX asyryň başlarynda Eýrana gelýär. Soňra dürli wezipelerde işleýär. Gadymy Eýran muzeýi, Şiraz Hafeziýesi, Azerbeýjan muzeýi we Iranşähr medresesi onuň ýerine ýetiren iň möhüm ýadygärlikleri hasaplanylýar.
Iranşähr medresesiniň arhitektura
Bina çökündilerden emele gelen berk çäge gatlaklarynyň üstünde ýerleşýär. Medresäniň gurluşygynda ulanylan esasy zatlar toýun, palçyk we kerpiçdir. Binanyň gurluşygynda adamlaryň çölüň ýakyjy gününden goranmagy üçin saýawanlaryň gurulmagynada üns berlipdir. Synplaryň öňünde hem şol sebäpli eýwanlar gurulandyr. Howlynyň içine kerpiç düşelendir we diwarlaryň aşagynda daş plintuslar goýlupdyr. Binanyň daş görnüşinde 11 müň inedördül metrden gowrak reňkli syrçaly kafellar ulanylypdyr. Binanyň daşky görnüşinde dar we uzyn penjireleriň bolmagy hem özüne üns çekýär. Binanyň gurluşygynda biri – biriniň kenarynda özboluşly we sazlaşykly utgaşyk döreden Sefewi döwrüniň (XVI – XVII) we Sasani döwrüniň (III – VII) alamatlaryny hem görmek bolýar. Iranşähr medresesi gurlan wagtynda şäherde turba arkaly geçirilen suw ýokdy, emma özünde agyz suwy we arassaçylyk suwlary üçin suw saklaýan bir suw çeşmesi ýasalypdyr. Bu çeşme öz döwrüniň iň ýokary standartlaryna laýyk şekilde ýasalypdyr we bu çeşmeden “Guýynyň çarhy” atly gadymy abzalyň kömegi bilen guýydan suw çekilipdir. Ýäzdiň botanika muzeýi bu medresäniň ýerzemininde ýerleşýär.
Ýäzdiň botanika muzeýi, bölümleri we aýratynlyklary
Bu muzeý 1980 – nji ýyllaryň soňlarynda işläp başlaýar. Muzeýiň bölümleri 3500 inedördül metre golaý bolan geologiýa, biologiýa, fizika we astronomiýa temalaryndaky 4 sany esasy zallardan ybaratdyr. Muzeýi ýakymly görkezýän zat hem onuň hakyky we gadymy gurluşygydyr. Muzeý Ýäzdiň meşhur medreseleriniň birinde ýerleşýändigi sebäpli her ýyl okuwçylaryň dürli toparlaryny garşylaýar. Maglumatlara görä, 2023 – nji ýylda bu muzeý 15 müňe golaý okuwçyny kabul etdi. Şeýlelikde, bu muzeý diňe bir gyzykly zatlaryň sergilenýän ýeri bolman, eýsem, ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýşy barada, abzallar barada, fizika we astronomiýa ylymlary barada maglumat öwrenilýän ýer hasaplanylýar.
Biologiýa bölüminde ýerli we çöl ösümlikleriniň 250 görnüşi, mör – möjekleriň, guşlaryň we süýrenijileriň 150 görnüşi, birnäçe doldurylan (taksidermi edilen) jandarlaryň heýkelleri, embrionyň emele gelmeginiň we kämilleşmeginiň tapgyrlary görkezilendir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, 800 ýyl mundan öň ýaşap geçen aýalyň jesedi muzeýiň ýene bir möhüm eseridir. Obserwatoriýa, matematiki we ölçeg gurallary, planetariý muzeýiň täsinlikleriniň hataryna girýär. Şeýle hem bu muzeýde birnäçe meteoritleri hem görmek bolýar.
| Ady | Ýäzdiň botanika muzeýi täsin muzeýi görmek bilen ylym öwrenmek |
| Ýurt | Eýran |
| Welaýat | Dazd |
| Şäher | Dazd |
| Görnüşi | Science and Technology |








Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: