Ýäzdiň Kambrin muzeýi, 150 million ýyl mundan öň deňizleriň çuňlugyna syýahat
Millionlarça ýyl mundan öň dünýä şu günki tanaýşymyz ýaly däldi. Ol wagtlar dünýäniň köp bölegi suwuň astyndady, hatda şu günki gury sähralar we ýakyp gelýän çöller hem takmynan 150 million ýyl mundan öň, Eýran hem "Tetis" diýip atlandyrylýan okeanyň astyndady. Ýuwaşlyk bilen ýer ýüzünde materikleriň döremegi bilen täze gury ýerler ýüze çykdy. Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan we Orumiýe deňizleri şol okeanyň galan bölekleri hasaplanýar we häzirki Eýran topragynyň köp bölegi Tetisiň guramagyndan soň ýüze çykarypdyr diýip hasaplanylýar. Tetisiň suwunyň ýuwaşlyk bilen guramagy Eýranyň dürli böleklerinde deňiziň daşa öwrülen jandarlarynyň galmagyna sebäp boldy. Bu jandarlary Eýranyň Ýäzd ýaly gury we çöllük ýerlerinde hem gabat gelmek bolýar. Şol sebäpden Ýäzd şäherindäki muzeý ýörite taryhy öwrenmek we millionlarça ýyl mundan öňki döwüre degişli bolan zatlary görkezmek üçin "Kambrin muzeýi" diýip atlandyryldy.
Kambrin muzeýi, onuň taryhy we aýratynlyklary
Kambrin muzeýi paleontologiýa (gadymy jandarlary öwrenýän ylym) muzeýi hasaplanylýar. Bu muzeýa Eýrandaky ýeke – täk ýörite paleontologiýa muzeý diýip aýtmak bolar. Paleontologiýa ýüzlerçe million ýyl mundan öňki zatlar barada ýagny öz içinde birnäçe syrlary saklaýan daşlar barada aýtýar. Köp daşlar deňiz jandarlarynyň galyndylarydyr. Şol jandarlar deňizleriň çuň gatlaklaryny gaplap alypdyrlar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýaşaýşyň başlanyndan soň ilkinji 3 milliard ýyl ýer şaryny bir öýjükliler gaplap alypdyr. Emma heniz doly aýdyň bolmandygy sebäpli, 570 million ýyl öň has çylşyrymly barlyklar döräp, täsin galdyryjy döwür, ýagny Kambrin döwri başlapdyr. Bu döwür syrly döwür bolup, alymlar näçe köp zat tapdyklaryça şonça – da soraglary köpelipdir.
Kambrin muzeýindäki daşlar Ýäzd welaýatynda we onuň töweregindäki ýerlerde tapylypdyr. Bu daşlaryň arasynda dünýäde deňsiz – taýsyz bolan Kambrin döwrüne degişli daşlar hem bar. Bu daşlar ululygy taýdan 4 santimetr bolup, ilkinji köp öýjüklileriň hataryna girýär. Kambrin döwründe ýaşaýyş özüniň ilkinji görnüşindedi we heniz jandarlar ulalmandy, emma soňky döwürlerde "Makrofesil" diýip tanalýan ulurak daşlar hem ýüze çykypdyr. Kambrin muzeýinde bu daşlaryň dürli görnüşleri bolup, olaryň iň ulusy 67 santimetr we iň uzyny 135 santimetrdyr. Olaryň ýaşyny we esasyny olaryň şahajyklary we setirleri esasynda anyklaýarlar. Bu muzeýde 400 – e golaý daşlaryň ýerleşmegi muzeýe uly gymmatlyk bagyş etdi. Bu daşlar alymlara Ýäzdiň ýerini öwrenmek üçin gymmatly maglumat merkezi bolup hyzmat edýär. Kambrin muzeýi 2018 – nji ýylda "Mojteba Pežmanpuryň" düýbüni tutan hususy muzeýidir. Pežmanpur daşlar we olar baradaky maglumatlary ýygnamaklyga ýaşlygyndan başlaýar we häzir hem olary saklaýar we olaryň üstünde işlemegini dowam edýär.
Kambrin muzeýindäki täsinlikler
Muzeýdäki daşlaryň köp bölegi "natiloidlere" ýagny, okeanlarda häzir hem duş gelýän (natilos) mollýusklar maşgalasynyň kelle aýaklylar uruguna degişlidir. Natilosyň bedeniniň gurluşy millionlarça ýyl geçse – de üýtgemändir, şonuň üçin hem alymlar ony "diri daş" diýip atlandyrýarlar. 470 million ýyl mundan öň, şu günki natilosyň nesli iýmitleniş piramidasynyň ýokarsynda ýerleşýärdi we olar gürrüňsiz deňizleriň hökümdarlary hasap edilýärdiler. Millionlarça ýyllaryň dowamynda natiloidleriň sadaby togalak görnüşde emele gelipdir we ýuwaşlyk bilen çylşyrymlaşyp, başga şekile giripdir. Bu üýtgeşmeleriň syry heniz hiç kime aýan däl. Alymlaryň aýtmagyna görä, 65,5 million ýyl mundan öň, dinozawrlaryň birnäçe görnüşleri bilen bilelikde köp mukdarda natiloidler hem ýok bolupdyrlar.
Kelle aýaklylardan başga gastropodlar hem muzeýiň aýratyn görnüşlerindendir. Olaryň iň meşhur görnüşleriniň biri hem gury ýerde we deňizde ýaşamaga uýgunlaşan ulitkalardyr. Kambrin muzeýinde deňiz ulitkalarynyň daşa öwrülen görnüşleri bardyr. Bu görnüşler 500 million ýyl mundan öň ýaşapdyrlar we şekil taýdan giň gerimi öz içine alýar.
Goşa çanaklylar hem iki sadaply mollýusklaryň bir urugy bolup, kelle aýaklylaryň we gastropodlaryň tersine gözleri ýokdyr we olar ot bilen iýmitlenmeýärler, olar süzgi iýijilerdir we deňiziň arassalygy hem olaryň elindedir. Goşa çanaklylaryň hereket edýän agzalary ýokdur we olar deňizde hereketsiz durýarlar. Alymlaryň aýtmagyna görä, goşa çanaklylaryň görnüşleri 30 müňden hem geçýär, emma olary umumy iki topara bölmek mümkin: hereket edýänler we hereket etmeýänler. Kambrin muzeýinde goşa çanaklylaryň gyzykly görnüşleri ýerleşendir, mysal üçin, "pina" diýlip atlandyrylýan görnüşi özüniň üýtgeşik şekili bolup, dinozawrlaryň dişidir diýip pikir etmekleri mümkin. Pinanyň ýiti gyralary bolup, olaryň kömegi bilen deňiziň çuňlugyna gidýär we ol ýerde ornaşýar.
Dyzaýaklylar oňurgasyzlar maşgalasynyň bir urugy bolup, olar geologiýanyň köp döwürlerinde bar. Kambrin muzeýinde duş gelýän dyzaýaklylaryň görnüşleri hereket etmeýän goşa çanaklylara meňzeşdirler. Dyzaýaklylaryň çanaklarynyň biri uly - biri bolsa kiçidir, emma goşa çanaklylaryň bedeniniň iki bölegi hem deňdir. Esasy aýratynlygy olaryň sadaplary bolan iňňe bedenliler (deňiz kirpileri, deňiz ýyldyzlar we ş.m.) daşlary muzeýiň beýleki täsinlikleri bolan ösümlikleriň daşlarynyň ýanynda ýerleşýärler. Ösümlik daşlarynyň ömri takmynan 150 million ýyldyr.
| Ady | Ýäzdiň Kambrin muzeýi, 150 million ýyl mundan öň deňizleriň çuňlugyna syýahat |
| Ýurt | Eýran |
| Welaýat | Dazd |
| Şäher | Dazd |
| Görnüşi | Science and Technology |








Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: