Weziri kitaphanasy we muzeýi onda ýerleşýän gymmatlyklar

Weziri kitaphanasy we muzeýi onda ýerleşýän gymmatlyklar

Weziri kitaphanasy we muzeýi onda ýerleşýän gymmatlyklar

Ýäzdiň Weziri kitaphanasy Eýranyň iň baý kitaphanalarynyň biri hasaplanylýar. Bu kitaphana birnäçe müň jilt nepis çap we ýazuw kitaplary bolanlygy üçin ylmy işgärleri üçin gymmatly ylmy çeşmesi hasaplanylýar. Weziri kitaphanasynyň birnäçe bölümleri bar, mysal üçin muzeýde kitaplar we gadymy ýazuw eserlerinden başga – da Ýäzdiň halkynyň durmuşy bilen baglanyşykly bolan gurallar we esbaplar hem saklanylýar. 

Ýäzdiň Weziri kitaphanasynyň taryhy

Ýäzdiň Weziri kitaphanasy 1955 – nji ýylda guruldy. "Alymuhammet Wezirii" bu kitaphananyň düýbüni tutujydyr. Ol 1895 – nji ýylda Ýäzdda dünýä inýär. Onuň maşgalasy Ýäzdde abraýly maşgalalaryň biri bolupdyr. Wezirii çagalykdan dini ylymlary öwrenmek bilen meşgullanýar we bir alym hökmünde Ýäzd şäherine we onuň halkyna hyzmat etmegi başardy. Wezirii 1941 – nji ýylda Pehlewi I agdarylandan we dini işleriň dartgynlylygy gowşanyndan soň, seminariýa (dini medrese) ulgamyny düzgünleşdirmekde möhüm orun eýeledi. Wezirii kitaphanasyndan başga – da wagyz – nesihat guramasynyň hem düýbini tutmagy bu alymyň ýatda galyjy hyzmatlarynyň biridir. Ol 1977 – nji ýylda aradan çykyp, özüniň meşhur kitaphanasynyň ýanyndaky Ýäzdiň Jame – e Käbir metjidinde jaýlandy.  

Wezirii kitaphanasy ilki din ugurda okaýan talyplaryň ulanmagy üçin 1600 jilt kitap bilen Ýäzdiň Jame – e Käbir metjidiniň demirgazygynda açyldy, emma soňky ýyllaryň dowamynda töweregindäki öýleri satyn almak bilen häzirki wagtda onuň ýerzemini takmynan 6 müň inedördül metre ýetjek derejede ulaldy. Kitaphanany ulaltmak maksady bilen edilen ilkinji üýtgeşmeleriň biri hem 1965 – nji ýylda Ýäzdiň bir söwdagäri bilen bilelikde 600 inedördül bolan ýerzeminiň gurulmagydyr. Bu kitaphana 1969 – njy ýylda 3300 sany ýazuw kitaplar bilen bile "Astane Godse Räzäwi" guramasyna bagyşlandy we häzir "Astane Godse Räzäwi" guramasynyň kitaphanalar, muzeýlar we resminamalar merkeziniň ýolbaşçylygynda işleýär. Kitaphananyň haýyr – sahawat şertnamasynda kitaphana bagyş edilende onda 21267 jilt kitap bardygy bellenilýär.

Ýäzdiň Weziri kitaphanasyndaky bar bolan çeşmeler

4800 – den gowrak ýazuw kitaplary, 6000 jilte golaý daş basma (litografiýa) kitaplar, 235 müň jilt çap edilen kitaplar we 6000 – den gowrak döwürleýin neşirýatlar Ýäzdiň Weziri kitaphanasyny Eýranyň iň gowy taryhy we ýazuw kitaplarynyň hazynasyna öwürdi. Kitaphanadaky kitaplar we resminamalar birnäçe bölümde ýerleşdirilendir: ýazuw kitaplarynyň ammary, daş basma kitaplarynyň ammary, metbugat we çap edilen kitaplaryň ammary. Kitaphanada birnäçe okalga zallary, maglumat beriş merkezi we ýazuw kitaplary abatlaýyş bölümleri hem bar.

Ýäzdiň Weziri muzeýi

Ýäzdiň Weziri kitaphanasynyň ýene bir täsin şahamçasy gadymy kitaplary we gurallary bir zala jemlän muzeýidir. Teňňe, gulp, ildirgiç, Ýäzd hanlarynyň birine degişli bolan gymmatly possun, Ýäzdiň meşhur "Wagte Saät" meýdanynda dikeldilen "Şeýhekeş" atly jaň, güldan, semawar, keramika gap – gaçlar, suw çilimi ýaly öý goşlary, gury we asma çyralar ýaly ýagtylyk serişdeleri, gadymy lybaslar, milli zerli matalar, gyzyl we kümüş tikinçiligi, hatdatlyk (kalligrafiýa) gurallary we legen ýaly hammam gurallary muzeýde bar bolan zatlar hasaplanylýar. Gadymy Gurhanyň birnäçe jiltleri, dil hatlary we nika hatlary, ussat Miromad, ussat Neýrizi, we derwiş Abdulmajid Talegani ýaly ussatlaryň kalligrafiýa eserleri muzeýiň hatdatlyk eserlerine degişli hasap edilýär. Muzeýda 1779 – njy ýylda baglaşylan nika haty hem bar. Muzeýdaky köp zatlar muzeýa Ýäzdyň halky tarapyndan berilen zatlardyr. Muzeýa henizem halk tarapyndan zatlar aralykda hiç – hili kynçylyk bolmazdan gelip durýar we olaryň sany köpelýär. Ýäzdyň halkynyň gündelik durmuşynda rowaçlanan zatlaryň muzeýde ýerleşmegi ony belli bir derejede etnografiýa muzeýine hem öwürýär.

Ady Weziri kitaphanasy we muzeýi onda ýerleşýän gymmatlyklar
Ýurt Eýran
WelaýatDazd
ŞäherDazd
GörnüşiTaryhy

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: