Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi, gündogar Azerbeýjanyň ilkinji etnografiýa muzeýi

Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi, gündogar Azerbeýjanyň ilkinji etnografiýa muzeýi

Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi, gündogar Azerbeýjanyň ilkinji etnografiýa muzeýi

Etnografiýa muzeýleri halkyň ynançlary, däp – dessurlary, dili, ýaşaýyş şertleri, iymitleri, milli lybaslary, ýaşaýyş ýerleri, nanotehnologiýalary, hünärleri we abzallary bilen tanyşdyrýan ýerdir. Bu muzeýde görkezilýän zatlaryň hemmesi durmuşda ähmiýeti göze ilmeýän adatlara öwrülen halkyň durmuşynyň bir bölegidir. Eýranda dürli sebitleriň halkynyň ýaşaýyş şiweleri örän köp bolup, ony däp – dessurlaryň we ynançlaryň älemgoşary diýip atlandyrmak hem bolar. Bu dogabitdi dürlüligiň geografiki, jemgýetçilik we medeni tapawutlary bardyr. Şonuň üçin hem Eýranda her sebitiň halkynyň medeniýetiniň we ýaşaýyş usullarynyň dürli ölçeglerini görkezmek üçin etnografiki muzeýler döredildi. Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi hem asyrlar boýy tebigat bilen ýaşap onuň häsiýetini alan zähmetkeş halkyň durmuşyny görkezmek üçin çekilen zähmetleriň biridir. Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi nirede ýerleşýär? Muzeý Mehrabad hammamy diýlip tanalýan gadymy binada ýerleşýär. Bu hammam öňler, şäher durmuşynyň ösmeginden we turbaly suwlaryň çekilip, hemmeleriň öýünde hammam bolmagyndan öň halkyň iň möhüm arassaçylyk merkezleriniň biri bolupdyr. Öňler ýangyç önümleriniň we suwy geçirmegiň çykdajysy köp bolanlygy sebäpli ýylylygy we suwy iň ýokary derejede tygşytlar ýaly hammamlary gurupdyrlar. Yslam dininde arassaçylyga berilýän ähmiýet sebäpli hammamlar jemgyýet tarapyndan örän möhüm ýerler hasaplanypdyr we netijede ony gurmak üçin her döwrüň gurluşyk bilimlerini ulanypdyrlar. Mundan başga – da, çyglylygyň derejesiniň ýokary bolmaklygy hammamlary gurmakda has köp üns talap edýär. Bu alamatlaryň hemmesi Mehrabad hammamynyň gurluşynda örän gowy görkezilendir. Bu hammam binanyň 324 inedördül metr aşagynda ýerleşip, ol kerpiçden, daşdan we sarujdan (Eýranyň gadymy gurluşyk materialy) gurlandyr. Eýranyň gadymy gurluşyk materiallarynyň biri bolan saruj binanyň ähli böleklerini birleşdirmek bilen binany örän berk saklaýandyr. Binanyň daşky görnüşi daşdan we bişen kerpiçden bolup, özboluşly gözellige eýedir. Käbir çeşmeler esasynda Mehrabad hammamy Sefewiler döwründe (XVI asyrlarda) düýbi tutulypdyr. Soňra binada birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirilipdir. Soňra 1996 – njy ýylynda (1375 – nji hijri – şemsi ýylynda) Bonab häkimligi hammamy onuň eýesinden satyn alyp, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin Medeni miras edarasynyň ygtyýaryna berýär. Binanyň abatlaýyş işleri 2003 – nji ýylda tamamlanýar we öz işini üýtgedip, gündogar Azerbeýjan welaýatynyň ilkinji etnografiýa muzeýi hökmünde açylýar. Bu bina Mehrabad metjidiniň gabadynda ýerleşýär. Bu metjidiň hem özüniň taryhy gymmatlygy bolup, onuň ýüzündäki ýazgy esasynda 951 – nji hijri – kamary ýylynda (1544 – nji milady ýylynda) gurlupdyr. Bu sene şa Tahmasp I döwrüne gabat gelýär. Bu metjidiň iň möhüm bölekleriniň biri hem onuň sütünleridir we käbir hünärmenleriň pikiriçe Sefewiler döwründäki iň owadan Eýran hünärleriniň iň owadan görnüşleriniň biridir. 1968 – nji ýylda Mehrabad metjidi we 1999 – njy ýylda Mehrabad hammamy Eýranyň milli mirasynyň sanawyna girizildi.

Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi, bölümleri we aýratynlyklary      

Bu muzeý hem beýleki etnografiýa muzeýleri ýaly sebitiň halkynyň däp – dessurlary we ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşdyrýar we onda Häştrud, Märage, Bonab, Äjäbşir we Mälekan şäherçeleriniň halkynyň gündelik işleri, lybaslary we goşlary görkezilýär. Muzeýde 12 bölüm bar. Bu bölümler halkyň durmuşynda gündelik işleri, abzallary we goşlary esasynda bölünendir. Muzeýiň 12 bölümi aşakdakylardan ybarat:

1.Aýdym – saz gurallary

2.Mata dokamak sungaty

3.Ýagtylyk

4.Şaý – sepler

5.Lybaslar

6.Jaýlamak

7.Tebipçilik

8.Dogalar we tilsimler

9.Oba – hojalyk gurallary

10.Milli el işleri

11.Demirçilik

12.Suwa degişli gaplar

Ady Sähändiň günorta etnografiýa muzeýi, gündogar Azerbeýjanyň ilkinji etnografiýa muzeýi
Ýurt Eýran
WelaýatGündogar Azerbaýjan
ŞäherSahand

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: