Eýran  saçagy /  Taftun çöregi
Eýran saçagy / Taftun çöregi
Taftun çöregi - tamdyrda bişirilen tegelek ýa-da süýrümtik çörek. Sangak diýilýän çörekden soň – Eýran saçagynyň iň tagamly çörekleriň biridir. Bu çöregiň ady "Taft-e nan" ýa-da "Täft-e nan" bolup, tamdyrda bişirilen çöregi aňladýardy. Ýygy-ýygydan ulanylýandygy sebäpli "N" harpy sözden gaçdy we söz “Taftan”, “Täftan” we “Taftun” görnüşe öwrüldi.
Eýran  saçagy /  Sangak çöregi
Eýran saçagy / Sangak çöregi
Sangak çöregi duzly suw bilen hamyrmaýa garylan gowy ýuwurlan hamyrdan bişirilýär. Hamyr gowy çişmelidir.
Eýran  saçagy /  Mürepbe
Eýran saçagy / Mürepbe
Mürepbäni has tagamly etmek üçin bägül suwy (gülab), kardamon ýa-da wanil ulanylýar. Mürepbe üçin gaty bişmedik miweleri saýlamaly, sebäbi bişirilende ýetişen miweler dargap biler. Mürepbede miweler ilkibaşdaky şekilini saklanmalydyr.
Eýran  saçagy /  Kaçi
Eýran saçagy / Kaçi
Kaçi “Divan-e-at-tame” we “Sofra-ýe-at-tame” traktatlarynda agzalýan gadymy tagamlaryň biridir. Kaçi - adatça çaga doglandan soň üç günüň dowamynda çaga doguran aýallara berilýän iýmitdir. Bu iýmit saglyga has köp peýdaly bolmak üçin haýwan ýagy bilen taýýarlanýar.
Eýran  saçagy /  Goýutma
Eýran saçagy / Goýutma
Bu huruş naharyň reňkini we tagamyny üýtgedýär we pomidor, nar, pyrtykal, alma, erik, ýaşyl pomidor, altyn erik, hurma, zirk ýaly dürli miwelerden we gök önümlerden ýasalýar. Ozal pomidor goýutmasy öý şertlerinde ýylyň dowamynda ulanmak üçin taýýarlanýardy.
Eýran  saçagy /  Zolbiýa  we  bamiýe
Eýran saçagy / Zolbiýa we bamiýe
Zolbiýa, adatça, bamiýe bilen bilelikde bişirilýär we mukaddes Remezan aýynda hödürlenýär. Bamiýe un, ýumurtga we şekerden barmagyň ululygyndaky ownuk we uly süýrümtik şekilde ýasalýar. Zolbia we bamiýe ýagda bişirilenden soň süýji tagam bermek üçin suwdan we şekerden ýasalan nektara batyrylýar.
Eýran  saçagy /  Baglawa
Eýran saçagy / Baglawa
Baglawa Ýäzd, Maşat, Kazwin we başga dürli şäherlerde taýýarlanýar, ýöne iň meşhury Ýäzd baglawasydyr. Baglawa, Eýranyň süýji nygmatlarynyň biri hökmünde beýleki ýurtlara eksport edilýär.
Eýran  saçagy / Gury iýmişler – Ajil
Eýran saçagy / Gury iýmişler – Ajil
Duzly maňyzlar duz bilen gowurmak arkaly taýýarlanýar. Süýji tagamly gury iýmişler gowrulanok. Badam, pisse we funduk ýaly süýji tagamly maňyzlar kişde, guradylan injir, reýhan ýapraklary we hozyň maňyzlary bilen garylýar. Ajil “Çarşenbe suri gijesinde” we “Ýalda gijesinde” hödürlenýär.
Eýran  saçagy
Eýran saçagy
Aş - ýarmaň dürli görnüşlerinden taýýarlanan, gök otlar we dürli huruşlar goşulan çorba görnüşindäki suwuk tagamdyr. Käwagt aşa et hem-de unaşyň dürli görnüşleri goşulýar. Aş, Eýranyň iň gadymy tagamlaryndan biri bolup, häzirki wagtda eýran halkynyň adaty we umumy naharlarynyň biridir.
Eýran  saçagy
Eýran saçagy
Dolama - ownuk dogralan ýa-da üwelen etden taýýarlanan dürüşdä sogan, tüwi, nohut, gök otlar, dürli ýakymly ysly huruşlar goşulýar, taýýar bolan dürüşdäni üzümiň ýapraklaryna ýa-da başga täze gök önümleriň ýapraklaryna dolap, çorbada bişirmeli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: