Wizual sungat

Suratkeşlik / Mäsumeh Mozaffari

1337 - nji ýylda (1958 milady ýyly) dünýä indi, uniwersitetiň şekillendiriş sungaty we eýran nakgaşlygy boýunça mugallym.

1337 - nji ýylda  (1958 milady ýyly) dünýä indi, uniwersitetiň şekillendiriş sungaty we eýran nakgaşlygy boýunça mugallym. Eýranyň ýönekeý halkynyň ýüzüni çeken suratlary onuň iň möhüm eserleriniň biri hasplanýar. Ol 1392-nji ýylda (2013 milady ýyly) Eýran Suratkeşler birleşiginiň müdiri boldy we 1397-nji ýylyň 8-nji tir aýyna (29/06/2018 ý) çenli şol wezipäni eýeledi.

Hanym Mozafariniň iş usuly giňişlikleri we zatlary ýa-da daş - töwerekdäki adamlary hakyky görnüşde suratlandyrmak ybarat bolup; ol käte kubizm  görnüşini öz eserlerinde ulanýar. Bu suratkeşiň giňişliginde çemçe we wilka ýaly zatlar görkezilýär we daş - töwerekdäki adamlar tomaşaçylara seredýärler. Portretlerinde gözlerinde daşky giňişlige gorky we alada görkezýän sowuk ýüzli, ýüreksiz ýüzleri suratlandyrýar. Hanym Mozaffari eserlerinde akril reňkleri we ýagly reňklerini, galam we ruçka ýaly gurallary ulanýar.