Kino / Hezardastan

Kino / Hezardastan

Kino / Hezardastan

15  bölümden ybarat teleserial, taýýarlanyşygy 1354-nji ýylda (1975 milady ý,) başlandy we 1367-nji ýylda (1988 milady ý.) görkezilmäge taýýardy. Bu teleserialy düşürmek üçin Äli Hateminiň tagallasy bilen "kino şäherçesi" guruldy  we soň – soňlar "Gäzali şäheri" diýlip atlandyryldy.

"Reza Hoşnewis geçmişinde birnäçe wakalary başdan geçiren, Tähranyň seslerinden we syýasy jedellerinden uzakda, aýaly Kamar Banu bilen Maşatda ýaşaýar; Bir gözegçi onuň durmuşyna girip  asuda durmuşyny bozup we Rezany tussag edip, haýbat atmak, gorkuzmak we gynamak bilen, kesgitlenmedik bir jenaýaty boýun almagyny soraýar.

Hatemi “Hezardastany” Eýranyň häzirki taryhy barada "Gündogar hekaýa usuly" esasynda döretmäge synanyşýardy; Ýöne filmi taýýarlamagyň uzyn etaplary we ssenariýada edilen köp üýtgetmeler onuň asyl maksadyna ýetmegine päsgel berdi. Hateminiň pikiriçe, “Hezaradastanyň” hekaýalary, başdan geçirmeleri we gahrymanlary ne taryhyň, ne-de hakykatyň nusgasy. Hateminiň pikiriçe Hezardastan, durmuşy ýa-da häzirki taryhyň hakykatlaryny mistiki ýa-da içgin düşünmek hökmünde düşündirilýär.

Hezardastanyň teleserial hökmünde özüne çekijiliginiň möhüm bölegi, tomaşaçylary bulaşdyrman, hekaýasyny göni görnüşde beýan edýän hekaýadan gelýär.

Ezzatullah Entezaminiň, Dawut Räşidiniň, Jahangir Foroharyň rollary we Mehrdad Fähiminiň kinematografiýasy we köne Tähranyň dizaýny we gurluşygy (Wäliullah Hakdan we Ysmaýyl Arham Sadryň kömegi bilen) bu teleserialyň aýratynlyklaryndan biridir.

1375 - nji  ýylyň (1996 milady ý.) tomsunda Äli Hatemi aradan çykandan soň, Waruž Karim Mäsihi tarapyndan redaktirlenen “Jeza komiteti” we “Täze Tähran döwüri" ady bilen Hezardastan teleseriýalyň iki film wersiýasy filme düşürildi.

Ady Kino / Hezardastan
Ýurt Eýran
Öndürilen ýyly0

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: