Wahşi Bafgi, sada we dogry sözli pespäl şahyr

Wahşi Bafgi, sada we dogry sözli pespäl şahyr

Wahşi Bafgi, sada we dogry sözli pespäl şahyr

Eýran medeniýetiň we hünäriň mekany. Firdowsi, Hafyz, Sagdy, Haýýam, Möwlana ýaly pars şahyrlary we edebiýatçylary bütin dünýäde meşhurdyrlar we olaryň eserleri dünýäniň ähli halkynyň ünsüni özüne çekýär. Ýöne beýikligi beýleki käbir pars edebiýatynyň beýleki şahslaryny gözden saljak derejededir, emma pars edebiýaty bu birnäçe atlar bilen çäklenmeýär. Wahşi Bafgi goşgulary we eserleri örän baý hasaplanýan şahyrdyr, emma dünýäde kän tanalmaýan bolmagy mümkindir.

Wahşi Bafgi kim bolupdyr?

   Eýranyň atly şahyrlarynyň biri bolan Wahşi Bafgi lakamy bilen tanalýan Möwlana Kemaleddin Muhammet 1532 – nji ýylda Bafg şäherinde dünýä inýär. Bafg şäheri häzirki Ýäzd welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Ol Sefewiler döwletiniň gülläp ösýän döwründe ýaşap geçipdir. Tahmasp Sefewi, Ysmaýyl şa II we Muhammet Hodabände şa Wahşiniň döwürdeşleridir. Käbir maglumatlara görä, "Wahşi" Kemaleddiniň doganynyň lakamy bolupdyr. Kemaleddin şol döwürler abraýly bolan dogany aradan çykandan soň, onuň adyny baky saklamak üçin onuň lakamyny alypdyr. Kemaleddin Wahşi lakamyny ulanan ähli goşgularynda öz doganyny ýatlapdyr. Kemaleddiniň dogany onuň ilkinji halypasy bolupdyr we ol doganynyň saýasynda edebiýata giripdir.

Wahşi başlangyç bilim alanyndan soň, Ýäzde we Kaşana gidip, şol ýerde bilimini dowam etdirýär. Ol birnäçe wagt Kaşanda bolýar we soňra Hormoz portunyň üsti bilen Hindistana sapara gidýär. Ol ömrüniň soňky ýyllaryny Ýäzdde ýa – da Kermanda geçirýär we 1583 – nji ýylda aradan çykýar. Wahşiniň ölüminiň sebäbi barada dürli çaklamalar bar, emma ol güýçli gyzzyrma sebäpli aradan çykdy diýlip  çaklanylýar. Häzirki wagtda Ýäzd şäheriniň Piruborj etrapçasynda, Ymamzada Şazada Fazeliň garşysynda onuň adyna aramgäh gurlandyr. Bu aramgähiň gurluşygy 1977 – nji ýylda başlaýar we takmynan 2 ýyl dowam edýär. Ýäzd şäherinde bu şahyryň adyna öý hem bar.

Wahşi Bafginiň hyzmatlary we aýratynlyklary

   Wahşiniň ýaşan döwründe şahyrlar özleriniň şahyrlyk hünärlerini baýlyga we şöhrata ýetmek üçin ulanýardylar, emma Wahşi baýlyk ýygnamagyň ýerine özüniň duýgylaryny we pikirlerini beýan edýärdi. Wahşi Bafgini pars edebiýatynyň taryhynda ýeke – täk edip görkezýän zat hem onuň beýanynyň özboluşly aýratyn usulynyň bolmagydyr. Wahşi şol döwürde däp bolşy ýaly, özüniň edebi sungatyny we şahyrlyk mertebesini ulanmakdan gaça durýardy we sada hem – de dogruçyl sözlemäge çalyşýardy. Wahşi sözleriniň berkligi we güýji edebi bezeglerini talap eden wagtyndan başga wagtlar olardan gaça durýardy. Şol döwürde şahyrlaryň arasynda öwünmegiň bir görmüşi hasaplanylýan çylşyrymly söz düzümlerini we arap sözlerini ulanmakdan gaça durmagy hem Wahşiniň goşgularynyň ýene bir  aýratynlyklarynyň biridir.

  Wahşi Bafgini pars edebiýatynda ýüze çykan mekdepleriň iň ulusy hasaplaýarlar. Bu mekdep pars şygryýetiniň bir ugry bolup, XV asyryň ahyrlarynda başlap, XVII asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Sadalyk, ulaldyp görkezmekden saklanmagy, şahyrana sungaty we halkyň diliniň ulanylmagy bu mekdebiň aýratynlyklaryna mysaldyr.

 Wahşi özüniň mesnewilerinde Nyzamynyň eserlerini we özüniň gazallarynda özünden öňki ýaşap geçen şahyrlaryň eserlerini ulanypdyr we olaryň goşgularyndan görelde alypdyr, şeýle hem bolsa bu iş onuň başarjaňlygyna (inisiatiwasyna) täsir etmedi we onuň sözleri täzeligini we terligini saklap galdy. Bu aýratynlyk bolsa soňky döwürlerde birnäçe şahyrlaryň Wahşiniň eserlerinden görelde almagyna sebäp boldy.

   Wahşi goşgynyň gazal, rubagy, kasyda we mesnewi ýaly birnäçe görnüşlerini ýazandyr. Wahşiniň eserleriniň arasynda iň meşhury "Şirin – Perhat" mesnewisidir. Bu eser Wahşiniň aradan çykmagy sebäpli gutarylman galýar we birnäçe asyr soňra "Wesal Şirazy" atly şahyr tarapyndan üsti ýetirilip doldurylýar. "Halde brin" we "Nazer we Mansur" hem onuň beýleki eserleridir. Wahşi Bafginiň diwany 9076 beýtden ybarat bolup, onda 395 gazal, 43 kasyda we şygryýetiň beýleki görnüşlerinden hem birnäçe bölekler jemlenendir.

   Wahşiden ýandyryjy setirler bilen öz magşugyna ýüzlenip ýazylan bir hat hem galypdyr. Bu hat onuň ýeke – täk kyssa görnüşindäki eseri hasaplanylýar we Tähranyň Mälek kitaphanasynyň hat ýazuw ýygyndysynda saklanylýar.

Eýran senenamasynda Wahşi Bafginiň güni

   9 - njy oktýabr (18-nji mehr) Eýranda Wahşi Bafginiň ýatlama güni diýlip atlandyryldy.

Ady Wahşi Bafgi, sada we dogry sözli pespäl şahyr
Ýurt Eýran
LakamyWahşi Bafgi
Önümçilik wagtyXVI asyr
EserlerNazer we Mansur, Şirin – Perhat, goşgular diwany, Halde Brin
Yard periodthe past
GörnüşiLiterary

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: