Näjäf Därýabändäri dana terjimeçi we medeniýet söýüji ýazyjy
Her ýurduň ylym öwrenijileriniň arasynda terjimeçileriň aýratyn orny bar, sebäbi olar kitaplary başga dile terjime etmek bilen öz halkynyň başga milletiň medeniýeti we ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşmak üçin köpri gurýarlar. Özleriniň şeýle uly orunlarynyň bolmagyna garamazdan, terjimeçileriň arasynda özleriniň eserler bilen tanyşlygy esasynda terjime etmek üçin saýlama we peýdaly kitaplary saýlaýanlar örän seýrekdirler. "Näjäf Därýabändäri" Eýranyň häzirki zaman terjimeçileriniň biri hasaplanyp, özüniň işlän wagtynda möhüm filosofik we edebi kitaplary terjime etmek bilen pars dilinde gürleýänler üçin örän uly hyzmat edip, olaryň arasynda aýratyn söýgi gazanmagy başardy.
Därýabändäriniň ömri we döredijiligi
Näjäf Därýabändäri Abadanda, Eýranyň günorta şäherlerinde 1929 – njy ýylda dünýä inýär. Därýabändäri ilkinji bilimini 17 – nji Deý mekdebinde alýar. Soňra Abadanyň Razi mekdebine gidýär, emma mekdebiň üçünji ýylynda bazarda işlemek üçin mekdebi taşlaýar. Şol wagtlar Abadanda iňlisler örän köpdüler we Abadanyň nebit gurluşygynda işleýärdiler. Iňlisleriň köp bolmagy Därýabändäride iňlis dilini öwrenmäge höwes döredýär we onuň iňlis dilini öwrenip başlamagyna sebäp bolýar.
Därýabändäri ýuwaşlyk bilen iňlis dilinde kämilleşip başlaýar we 1953 – nji ýylda ilkinji terjimesini bazara tabşyrýar. Ol özüniň ilkinji işinde Ernest Heminguýyň "Ýaraglar bilen hoşlaşyk" eserini terjime edýär. Bu eser takmynan 1 ýyldan soň Tähranda neşir edilýär, emma şol wagtda Därýabändäri syýasy işleri sebäpli Abadanda zyndana düşýär. Ol 1 ýyl zyndanda oturanyndan soň, bendiligiň galan bölegini geçirmek üçin Tährana geçirilýär. Därýabändäri Tähran türmesinde hem işlemegini bes etmeýär we Bertrand Rasseliň "Günbatar filosofiýasynyň taryhy" atly möhüm kitabyny terjime edip başlaýar. Ol zyndanda 4 ýyl bolanyndan soň 1958 – nji ýylda zyndandan azat edilýär.
Eýranyň bu uly terjimeçisi zyndandan azat edilenden soň, edebi we filosofskiý eserlerini terjime etmäge dowam edýär we Heminguýyň "Ýaşuly we deňiz" eserini, Mark Twiniň "Geklberri Finn" eserini pars diline terjime edýär. Ol 17 ýyl Franklin guramasy bilen işleşýär. Bu gurama onuň işleýän wagtynda möhüm eserleri çap edýän çap we neşir edarasydyr. Därýabändäriniň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy 1975 – nji ýylda tamamlanýar. Şol wagt Därýabändäri Eýranyň milli telewideniýe we radio edarasy bilen iňlis dilindäki filmleri terjime etmek boýunça şertnama baglaşýar.
William Falkneriň "Emili üçin bir gyzyl gül", "Görden göre" diýen eserleri, Herbert Ridiň "Hünäriň manysy" eseri, Jobran Hälil Jobranyň "Pygamber we diwana" eseri Därýabändäriniň şol döwürde terjime eden kitaplarydyr. Bu terjimeçiniň işleri Kolumbiýa uniwersitetiniň amerikan edebi eserlerini terjime edenligi sebäpli "Norton Waýdler" baýragyny bermegine sebäp bolýar.
Därýabändäri terjimeçi diýip tanalsa – da, ol "Aşpezçiligiň lezzeti; Sarymsakdan sogana çenli" kitabyny ýazandyr. Bu kitaby Eýran aşpezçiligi baradaky ylmy ensiklopediýasy diýip hasaplap bolar. Ol sungat edebiýaty barada hem birnäçe işleri ýerine ýetirdi we birnäçe suratlar hem çekipdir. Därýabändäri 2020 – nji ýylda Tähranda wepat boldy.
Därýabändäriniň terjimeleriniň aýratynlyklary
Därýabändariniň diliniň sadalygy we sözleýşi, şeýle hem teksta wepadarlygy onuň aýratynlyklaryna mysaldyr. Onuň tekstlerinde duşýan nusgalyk degişmeleri bardyr. Därýabändäriniň eserleri we terjimelerinden başga – da, Eýran halkynyň ony halamagynyň ýene bir sebäbi onuň ahlak sypatydyr. Ol öz geljegini guran adam we öz başarnygyny akademiýadaky okuwynyň daşyndan, öz zähmeti we yhlasy bilen gazanandyr. Şonuň üçin hem ol öz eserlerinde ulumsylyk etmeýärdi. Bu häzirki zaman terjimeçisi we ýazyjysy Eýranyň umumy medeniýetine üns berýärdi we şol üns sebäpli hem aşpezçiligi şol barada bir ensiklopediýa ýazmak üçin durmuşynyň hem - de zähmetiniň bir bölegini sarp etjek derejede möhüm hasaplaýardy. Därýabändäri suratkeşlik we sungat bilen hem tanyşdy.
Därýabändäriniň döwründe çylşyrymly dildäki we kyn terjimeler öwrenilýärdi. Bu dili ulanmak terjimeçiniň başarnygynyň we beýik mertebeliliginiň alamaty hasaplanylýardy, emma sada halkyň oňa düşünmezligine sebäp bolýardy. Aslynda Eýran terjimesi bir wagtlar pars goşgusy ýaly bir kynçylyga duçar bolupdy. Därýabändäri bu şertlere garşy göreşip, halk bilen hiç hili kynçylyksyz gürleşmäge çalyşdy.
Därýabändäriniň Eýranyň maddy däl sanawyna girizilmegi
2017 – nji ýylyň awgustynda Näjäf Därýabändäri adamzat hazynasy hökmünde Eýranyň maddy däl medeni mirasdarlarynyň sanawyna girizildi.
| Ady | Näjäf Därýabändäri dana terjimeçi we medeniýet söýüji ýazyjy |
| Ýurt | Eýran |
| Önümçilik wagty | 1308-1399 |
| Eserler | Aşpezçiligiň lezzeti Sarymsakdan sogana çenli kitaby |
| Görnüşi | Literary,cultural |








Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: