Mehdi Azärýäzdi - Eýranyň çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň atasy.
Eýranyň häzirki zaman ýazyjylarynyň arasynda Mehdi Azärýäzdi , çagalar we ýetginjekler üçin iň üstünlikli ýazyjylaryň biri hökmünde tanalýar. Ol hemişe çagalaryň syrly we şatlykly dünýäsi bilen ýaşap, iň uly lezzeti kitap okamakdan alýardy.
Mehdi Azärýäzdi kim bolupdyr?
Mehdi 1922 ýylda (hijri-şemsi senenamasy boýunça 1300 ý.) Ýäzd şäheriniň töweregindäki Horrämşähr etrabynda doguldy. Onuň familiýasynyň Azärýäzdi bolmagyna garamazdan, onuň ata-babalary otparaz bolupdyrlar. Mehdiniň kakasy daýhan bolupdyr we Mehdi öz deň-duşlarynyň köpüsi ýaly, çagalygyndan başlap, kakasyna kömek etmek maksady bilen onuň ýanynda daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Ol ýaşlygynda gurluşyk işleri bilen meşgullanypdyr we birnäçe wagtdan soň jorap dokaýan fabrikde işläpdir. Bu fabrigiň eýesi, soňra Ýäzd şäherinde kitap dükanyny esaslandyrmagy meýilleşdiripdir. Ol kitap dükanynda işlemek üçin saýlananlaryň arasynda Mehdi hem bardy. Bu waka Mehdi Azärýäzdiniň kitap dünýäsine girişiniň başlangyjy boldy.
Azärýäzdi kitap dükanynda işläp başlanyndan biraz wagt soň, Tährana gitdi we bir çaphanada iş tapdy. Bu çaphana köne pars ertekilerini sada usulda ýazmak barada iş alyp barýardy. Ol bu işiň üsti bilen çagalar üçin düşnükli boljak ertekileri ýazmaga hyýallandy. Bu meýil “Gowy çagalar üçin gowy ertekiler” kitabynyň ilkinji jildiniň döremegine esas boldy. Ol bu kitaba gelen seslenmelerden soňra, “Gowy çagalar üçin gowy ertekiler” eseriniň beýleki 7 jildini we “Köne kitaplardan täze ertekiler” eseriniň 10 jildini ýazga geçirmek maksady bilen öz işini dowam etdirdi. Şol bir wagtda birnäçe neşirýat onuň “Gowy çagalar üçin gowy ertekiler” eseriniň birinji jildini çap etmegi ret etdiler. Ol “Çagalar üçin mesnewiler”, “Küşt öwrediji”, “Suratkeşligi öwrediji” we “Sada hekaýalaryň toplumy” ýaly başga-da kitaplaryň 30-a golaý jiltlerini ýazdy.
Bu eýranly ýazyjy öz ömrüniň dowamynda öýlenmedi we hat-da döwlet işinde hem işlemedi. Azärýäzdi özüniň hemme wagtyny öwrenmäge we ýazmaga bagyşlady. Ol 2009-njy ýylda (hijri-şemsi senenamasy boýunça 1388ý.) 87 ýaşynda Tähranda aradan çykdy we Ýäzddäki dogulan etrabyna äkidilip jaýlandy.
Azärýäzdiniň eserleriniň aýratynlyklary
Bu Eýranly ýazyjynyň köp eserleri pars dilindäki gadymy eserleriň we geçmişdäki adamlaryň durmuş rowaýatlaryndan durýar. Mysal üçin, onuň «Gowy çagalar üçin gowy hekaýalar» atly sekiz jiltlik eseri «Kalila we Dimna», «Merzbanname», «Sendbadname we Kabusname», «Mesnewi-ye Manewi», «Gurhan-y Kerim», «Şeýh Attar», «Gülistan» we «14 günäsiziň durmuşy» ýaly eserleriň täzeden beýan edilmesidir. Bu toplum ispan, ermeni, hytaý we rus dillerine terjime edilendir. «Gowy çagalar üçin gowy hekaýalar» eseri Eýranda iň köp neşir edilen çaga we ýetginjek kitaby hasaplanýar. Eser şu wagta çenli 60-dan gezekden gowrak täzeden neşir edilendir. Şeýle hem bu toplumdaky täzeden ýazylan hekaýalar çagalar we ýetginjekler üçin döredilen köp sanly eserlerde, şol sanda şol bir ady göterýän 26 bölümlik animasiýa filminde ulanylypdyr. Dil taýdan Azärýäzdiniň ýazuw stili örän ýönekeýdir.
Ol kitaplarynda özüni uly adam hökmünde däl-de, eýsem ýaşlara hekaýa gürrüň berýän bir çaganyň rolunda görkezýär. Azärýäzdi niň hekaýalary täzeden ýazmakdaky usuly özüne mahsusdyr. Ol ahlak we terbiýe meselesine aýratyn üns berýär, şonuň üçin onuň kitaplary çagalar üçin diňe gyzykly bir oýun bolman, eýsem olary terbiýeleýär we dogry ýola ugrukdyrýar. Azärýäzdini pars edebiýatynyň gadymy eserlerini çagalar üçin täzeden ýazmaga girişen ilkinji eýranly ýazyjy hasaplap bolar. Bu ýazyjy pars edebiýatynda we şygryýetinde täzeçilik akymy peýda bolup, köne eserleriň döwre laýyk däldigi aýdylýan döwürde Eýranyň edebi mirasynyň gözelligini we ähmiýetini hemmelere subut etdi. Azärýäzdiniň şeýle taýsyz hyzmatlary onuň adyny asmanda pars edebiýatynyň asmanyndaky ýyldyzlaryň arasynda baky ýagty edip galdyrdy.
Milli we halkara baýraklary we nyşanlary
Azärýäzdi 1964-nji ýylda (hijri-şemsi senenamasy boýunça 1343ý.) «Gowy çagalar üçin gowy hekaýalar» kitabyny ýazanyndan soň ÝUNESKO guramasy tarapyndan ykrar edildi. Eýranyň içinde-de oňa birnäçe baýraklar we hormat nyşanlary berildi. Şolaryň arasynda onuň üç sany kitaby üçin Çaga kitaby geňeşi tarapyndan berlen “Ýylyň saýlanan kitaby” nyşany hem bar. Ol «Eýranyň çagalar we ýetginjek edebiýatynyň atasy» diýip tanaldy. 2023-nji ýylda, Mähdi Azärýäzdä bagyşlanyp onuň öýünde geçirilen dabara wagtynda, «Eýran hekaýaçylygy» Eýranyň milli we maddy däl miraslarynyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem Azärýäzdiniň aradan çykan güni (8-nji iýul/18-nji tir aýy) Eýranda çagalar we ýetginjekler edebiýaty güni hökmünde bellenilýär.
| Ady | Mehdi Azärýäzdi - Eýranyň çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň atasy. |
| Ýurt | Eýran |
| Eserler | “Gowy çagalar üçin gowy hekaýalar” (8 jilt), “Köne kitaplardan täze hekaýalar” (10 jilt) |
| Yard period | contemporary |
| Görnüşi | Literary |






Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: