Hamza Ilhanizade we onuň Eýranyň çowgan sportynyň ösüşi üçin eden tagallalary

Hamza Ilhanizade we onuň Eýranyň çowgan sportynyň ösüşi üçin eden tagallalary

Hamza Ilhanizade we onuň Eýranyň çowgan sportynyň ösüşi üçin eden tagallalary

Çowgan Eýranda ýüze çykan sport görnüşidir. Çowganyň taryhy b.e. öňki I müňýyllyga çenli ýetýär we bilermenleriň pikiriçe, bu oýun at çapmak ukybyny we atlaryň taýýarlygyny ýokarlandyrýandygy sebäpli, gadymy döwürde hökümdarlaryň goldawyny tapyp, giň ösüşlere eýe bolupdyr. Soňra bu oýun beýleki ýurtlara hem ýaýarapdyr. Eýranda çowgan esasan baýramçylyk dabaralarynda dessançylyk, goşgy aýdyşmak we saz bilen utgaşyp ýerine ýetirilipdir we çowgan meýdançasynyň burçlarynda nagara, surnaý we şypur saz gurallary çalnypdyr. Gadymy miniatýuralarda çowgan oýny giňden görkezilýär, olarda sazandalar surnaý ýa-da nagara çalyp oturan görnüşde beýan edilýär. Şonuň üçin hem çowgany “şatlykly sport” diýip sypatlandyrylýar. Çowgan ýaryşlary Eýran jemgyýetinde örän wajyp kabul edilýärdi we hökümdarlar hem-de tanymal adamlar oýna tomaşa edýän ekenler. Bu bolsa çowganyň diňe bir sport däl, eýsem milli we medeni gymmatlyga eýe bolandygyny görkezýär. Ýöne soň-soňlar bu sport Eýran jemgyýetindäki ornuny ýitirdi we oňa üns berilmedi. Soňky onlarça ýylda çowgan sportyny janlandyrmak we halk köpçüligine tanatmak boýunça uly işler alnyp baryldy. Soňky onlarça ýylda çowgan sportyny janlandyrmak we halk köpçüligine tanatmak boýunça uly işler alnyp baryldy.

    Bu işler hususan-da 2002-nji ýylda (şemsi-kamary senenamasy boýunça 1381ý.) Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylarynyň çowgan sportyna maýa goýmak baradaky nygtaýyşlaryndan soň, at çapmak sportyndan aýratyn görnüşde çowgan federasiýasy döredildi. Bu döwürde çowgan boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Netijede, taýýarlanan maglumatnamanyň esasynda “Çowgan - saz we rowaýat bilen bile oýnalýan atly oýun” 2015-nji ýylda (şemsi-kamary senenamasy boýunça 1394ý.) ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýol bilen birnäçe şahslar çowganyň medeni we taryhy ähmiýetini dünýä tanatmak üçin köp zähmet çekdiler. Hamza Ilhanizade hem şol şahslaryň biri bolup, onuň ady çowgan ugrunda eden hyzmatlary sebäpli 2018-nji ýylda (şemsi-kamary senenamasy boýunça 1397ý.) Eýranyň diri gymmatlyklar hazynasyna girizildi.

Hamza Ilhanizade - çagalyk döwri we sporty saýlap alyşy

   Hamze Ilhanizade çarwa maşgalasynda dünýä inýär. Onuň doglan ýeri Eýranyň günbatarynda ýerleşýän Bukan şäheriniň golaýyndaky Hamamýan obasydyr. Ol maşgalasyny Watanyny söýýän hem-de pars medeniýetine we edebiýatyna aşyk maşgala hökmünde tanadýar. Maşgalasynyň pars edebiýatyna bolan söýgüsi onuň özünde-de şol ruhy döretdi, ol çagalygynda Hafyzyň şygyrlaryny ýatdan bilýärdi. Ilhanizade çagalyk we ýaşlyk ýyllarynda çowgan bilen tanyşyp, okuwy dowam etdirmek üçin Tährana gideninden soň hem bu sporty terk etmedi. Ol senagat ugrunda-da işleýärdi. 2002-nji ýylda çowgan federasiýasy döredilende, Hamza Ilhanizade ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Çowgan Federasiýasynyň başlygy bolup saýlandy we bu wezipäni 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirdi. Onuň ýolbaşçylygy döwründe çowgan ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Ilhanizade çowganyň berýän täsirini beýlekiler bilen deňeşdirip bolmajak duýgy diýip hasaplaýar we şeýle diýýär: “Çowgan - Watan üçin gymmatlykdyr, ony geljek nesiller üçin gorap saklamaly. Emma käbirleri bu sporty ters düşünje hökmünde görkezmek islediler... Ýöne bu ýurt hemişe öz medeniýetini janlandyrmak üçin öňe çykan aşyk adamlara eýe bolupdyr. Biz hem şol adamlaryň goldawy bilen çowganyň ähmiýetini düşündirdik we ahyrynda ony bu topragyň ady bilen dünýä derejesinde hasaba aldyk.” Ol çowganyň Eýranyň ady bilen ÝUNESKO-da hasaba alynmagyny uly üstünlik hasaplaýar we ony taryhy, çeper, medeni we edebi elementleriň utgaşmasy diýip häsiýetlendirýär.

   Hamze Ilhanizadeniň maksatlarynyň we arzuwlarynyň biri - Yspyhandaky Ymam (Nagş-e Jahan) meýdanyny ýene-de çowgan ýaryşlary üçin meýdança hökmünde dikeltmekdir. Bu meýdan ilkinji döredilende-de hut şol maksat bilen, ýagny çowgan oýunlaryny geçirmek üçin gurlupdy we henizem şol döwre degişli derweze galyndylary saklanyp galandyr. Rowaýat edilmegine görä, Sefewi şalary maşgalalary bilen bile Ali Kapu köşgünde çowgan oýunlaryna tomaşa edipdirler.

Ady Hamza Ilhanizade we onuň Eýranyň çowgan sportynyň ösüşi üçin eden tagallalary
Ýurt Eýran
Yard periodcontemporary
Görnüşisports

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: