Hüseýin Säadätmänd, Eýran mädahinde (dini goşgular) täze usulyň döredijisi

Hüseýin Säadätmänd, Eýran mädahinde (dini goşgular) täze usulyň döredijisi

Hüseýin Säadätmänd, Eýran mädahinde (dini goşgular) täze usulyň döredijisi

Mohärräm matamlaryny Eýranda möhüm däp – dessur diýip hasaplap bolar. Eýran halky mohärräm aýynyň (Hijri kamary ýylynyň ilkiji aýy) başlamagyndan birnäçe gün öň Ymam Hüseýiniň (a) we onuň ýaranlarynyň matamyny tutmaga taýynlanýarlar. Bu ýas her ýyl Eýranyň ähli ýerlerinde geçirilýär we eýranlylaryň ol beýik şehide bolan hormatydyr. Bu matamlaryň geçirilmeginiň usuly irki asyrlardan gözbaş alyp, Eýran halkynyň däp – dessurlarynyň bir bölegine öwrülendir. Eýranyň dürli ýerlerinde halkyň medeniýeti we ynançlary bilen baglanyşykly mynasyp däp – dessurlar döräpdir we ýyllaryň dowamynda öz durmuşyny saklap gelipdir. Bu ugurda Ýäzd mohärräm matamlary her ýyl aýratyn däp – dessurlar bilen geçirilýän Eýranyň iň möhüm şäherleriniň biri hasaplanylýar. Ýäzdde mohärräm matamynyň aýratynlygy onuň aýratyn usulda elegiýa okalmagydyr. Bu usul Hüseýin Säadätmänd tarapyndan döredilipdir diýlip hasaplanylýar. Hüseýin Säadätmänd özüniň elegiýasynda söweş we gamgyn temalaryna ähmiýet beren meşhur Ýäzd şahyrydyr.

Mohärräm matamlarynda mädahlaryň orny

Mohärräm matamlary iki bölümden ybaratdyr: ilki söhbetdeşlik we soňra kynçylyklar barada gürrüň we mädahi (dini goşgularynyň okalmagy). Adatça matamda söhbetdeşligi dini ulamalar alyp barýarlar we özleriniň söhbetdeşliginde ahlak, dini we Yslam taryhyndaky wakalaryň beýany hakda we Ymam Hüseýiniň şehitligi barada aýdyp geçýärler. Mädahlar hem iki bölümde ýagny Räwze (ýasda okalýan goşgy) we elegiýada goşgy okamak bilen Ymam Hüseýiniň we onuň ýaranlarynyň Aşura gününde çeken kynçylyklaryny ýatladýarlar we ýas tutýanlaryň arasynda tolgunma döredýärler. Elegiýa okalanda goşgylar aýdym görnüşinde aýdylýar we ýas tutýanlar aýdymyň ritmi esasynda döşüne urýarlar.

Ähli matam çäreler Hüseýin bin Alynyň dogruçyllyk we adalatlylygyny ýatlamak ugrunda geçirilýär we gatnaşyjylara Ymam Hüseýiniň yzyny ýöretmelidigini we ömrüniň soňuna çenli zulumyň garşysynda baş egmeli däldigini ýatladýar.

Hüseýin Säadätmänd kim bolupdyr?

Hüseýin Säadätmänd 1951 – nji ýylda Ýäzdde dünýä inýär. Onuň kakasy Aly Akbar Ýäzdiň Fähadan etrabynda Hüseýniniň kömekçisi bolupdyr we dürli matamlarda ýas tutýanlara hyzmat edipdir. Säadätmänd çagalykda elegiýa we ýas bilen ulalýar. Ol ýaşlykda mädahi bilen bir wagtda Eýran aýdymlaryny öwretmek bilen meşgullanypdyr we hatda 1980 – nji ýyllarda bir aýdym albom hem çykardy. Ol 1980 – nji ýylda (1359 – njy Şemsi ýylynda) resmi görnüşde Ýäzdiň Fähadan etrabynda mädah hökmünde işe başlady.

Mädah bolan ýyllarynyň dowamynda, Hüseýin Säadätmänd birnäçe elegiýalar bilen çyky etdi we olaryň birnäçesi Eýran halkynyň ýadynda hemişelik orun tutdy. Ol bir kesele duçar bolanyndan soň 2014 – nji ýylda aradan çykdy.

Hüseýin Säadätmändiň mädahi usuly

Säadätmänd özüniň elegiýasy üçin goşgy saýlanda sözleriň sadalygyna örän üns bererdi. Ol diňleýjilerde iň gowy täsiri galdyrmak üçin Kerbela kynçylyklaryny we pygamberimiziň (s) maşgalasy barada sada dilde aýtmaly diýip ynanýardy. Säadätmänd elegiýa çykyş edende, hususan – da, sesiniň belende galmagynda Eýranly saz – gurallaryny ulanmak we aýdym aýtmak başarnygy ony gowy netijelere ýetirdi. Ol beýan etmek usulynda, doklat bilen çykyş etmekde we sesiň intonasiýasynda başarnykly bolupdyr. Säadätmändiň mädahidaky sazlary Eýranyň milli saz gurallary esasynda düzülýärdi. Säadätmändiň elegiýalarynda Eýran owazlarynda ýerine ýetirilýän "Däramäd", "Owj" we "Forud" diýen  bölümi saýgarmak bolýar. Häzirki ýaş mädahlar hem Säadätmändden nusga almak bilen Eýran aýdymyny öwrenmegi hem mädahiň gerek bolan zatlarynyň biri hökmünde ähmiýet berýärler.

Täze aýdymlary ulanmak, ýas tutýanlaryň bilelikde elegiýa okamak mümkinçiliginden nusga almak we dürli ritmlary garmak Säadätmändi ýokary derejedäki üstünlige çykaran zatlardyr. Säadätmändi ýas tutýanlaryň goşgynyň täsiri esasynda elegiýa jogap edip dürli ritmlerde bilelikde okamak usuly bolan mädahiniň köp jogaply usulynyň döredijisi hasaplaýarlar. Säadätmänd Ýäzd mädahy hökmünde meşhur bolsa – da, tutuş Eýranda onuň ýoly bilen birnäçe mädahlar üstünlige ýetdiler.

Hüseýin Säadätmändiň elegiýa okamagynyň milli sanawa girizilmegi

Hüseýin Säadätmändiň Eýran mädahisindäki döredijiligini we onuň bu ugurdaky hyzmatyny göz öňünde tutup, "Merhum Hüseýin Säadätmändiň usulynda elegiýa okamak" resminamasy 2020 – nji ýylda Eýranyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizildi.

Ady Hüseýin Säadätmänd, Eýran mädahinde (dini goşgular) täze usulyň döredijisi
Ýurt Eýran
Önümçilik wagtyHijri Şemsi senenamasynyň on dördi
Yard periodcontemporary
GörnüşiArtistic

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: