Edebiýatyň meşhur  şahsyýetleri / Haýýam Nişapuri

Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Haýýam Nişapuri

Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Haýýam Nişapuri

Haýýam Nişapuri  (hijri-şemsi ýyl hasaby boýunça  426-502 ý.ý.  / milady ýyl hasaby boýunça 1047-1123ý.ý.)  - eýranly  filosof, matematik, astronom, şahyr.

“Haýýam” ady bilen tanalýan Hojjat-ul-Hak Hakim Abu al-Fatah Omar ibn Ybraýym Haýýami  Nişapuri  Nişapurda  dünýä indi. Ol Seljuk döwletiniň hökümdary Mälikşanyň döwürdeşi bolup,  onuň köşgünde lukmanyň we astronomyň wezipesini ýerine ýetiripdir.  Astronomiýa we lukmançylykdan başga-da, ol hikmet, matematika we pelsepe ussadydy. Ýaşan wagty onuň şöhraty poeziýa bilen däl-de, akyl-paýhasy we hikmeti  bilen baglanyşyklydy. Haýýamyň döwürdeşleri, oňa danalykda Ibn Sinadan has ýokary baha berýärdiler we astronomiýa kanunlaryny kesgitlemekde  Haýýamyň sözlerini şübhesiz diýip  hasaplaýardylar.

Haýýam  Mälikşanyň buýrugy bilen  Abu al-Abbas al-Lukriýa we Abu al-Fatah al-Hazani bilen bilelikde ylmy obserwatoriýany döredip, oňa ýolbaşçylyk edipdir, bu obserwatoriýa  tä Mälikşa  dünýäden ötýänçä  işläpdir. Beýik akyldar ýogalandan soň  Nişapuryň golaýyndaky Mahrug  öwlüýäsinde jaýlanypdyr.

Şu günki gün Haýýamyň şan-şöhraty onuň döreden çeper rubagylary bilen baglydyr, emma gadymy çeşmelerde  onuň ady  şahyr hökmünde däl-de, "akyldar, matematik we astronom”  hökmünde  agzalýar. Goşgulary düzmek üçin rubagy[*] formasyny  saýlamak, onuň  şahsyýetine we pelsepesine laýyk gelýärdi. Onuň rubagylary  örän  sada, ýöne çuňňur manylydyr.  Rubagylarynda Haýýam özüniň pelsepe  pikirlerini beýan edýär. Käbir alymlar onuň ýazan rubagylarynyň sanyny 57 , käbirleri 66 diýip hasaplaýarlar.

Haýýamyň birnäçe rubagysy ýazylan iň gadymy çeşme,  hijri-kamary ýyl hasaby boýunça  555-nji ýylda (milady ýyl hasaby boýunça 1160-njy ýylda)  ýazylan  Zahiri  Samarkandiniň  “Sanadbadnama”  traktatydyr, onda 5 sany  rubagy ýazylan.

Iňlis şahyry Edward  Fitsjerald  Haýýamyň rubagylaryny iňlis diline ilkinji bolup terjime etdi.

Haýýamyň arap we pars dillerinde ýazylan eserleriniň arasynda “Algebra we gapma-garşylyk baradaky traktat” ,  “Barlyk hakynda traktat”, “Nowruznama”  we başga  eserleri ýatlap bolar.

[*] Rubagy – bir bentden ybarat dört setirli goşgy formasy

Ady Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Haýýam Nişapuri
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: