Mähin Äfşanpur Eýranyň häzirki zaman miniatýurasynda ýatdan çykmajak şahsyýet
Maddy däl medeni miras her milletiň medeniýetiniň gelip çykyşyny görkezmekde möhüm serişde bolup durýar. Muňa garamazdan, bu miras örän gowşak we häzirki döwrebap dünýäde basyş ediji medeniýet hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agdyklyk etmegi bilen beýleki medeniýetlere aralaşandygy sebäpli ony gorap saklamak örän kynlaşandyr. Maddy däl miras diňe bir medeniýetde we däp dessurlarda däl, eýsem däp bolan bilimlerde we başarnyklarda ýüze çykýar. Şol sebäpden hem gadymy tehnikalary we bilimi özleşdirip, indiki nesillere geçirmegi başarýan adamlar milli gymmatlyga eýe bolýarlar. Häzirki wagtda dürli medeniýetlerde "Medeni mirasdarlar" diýen sanaw döredilip, bu adamlary hemmeler bilen tanyşdyrmak maksady bilen bu sanawa girizýärler. Eýranda hem tehnikada we milli ylymlarda özüni tanadan şahsyýetleri bellemek üçin ýörite şeýle sanaw döredilendir. "Mähin Äfşanpur" Eýranyň medeni mirasdüşerleriniň sanawyna ady girizilen hem – de miniatýura boýunça ussat hasaplanylýan we bu ugurda birnäçe okuwçylara hünär öwredýän zenandyr.
Mähin Äfşanpuryň ömri we hyzmatlary
Mähin Äfşanpur 1941 – nji ýylyň 29 – njy awgustynda Tähranda dünýä inýär. Äfşanpuryň dünýä inmegi bilen bir wagtda Eýran kyn şertleri başdan geçirýärdi we II Jahan urşynyň tarapdarlary Tährany ulanýardylar. Äfşanpur durmuşynyň ilkinji ýyllaryny şolar ýaly kyn şertlerde geçirýär. Ol 28 ýaşynda suratkeşlige bolan höwesi sebäpli Kemal-ol-mülk sungat mekdebine girýär. Bu sungat mekdebinde sungat öwrenýänlere saýlama hünärmenler ders berýärdiler. Äfşanpur şol ýerde ýagly reňkler bilen işlemegi we täzhib hünärini öwrendi. Äfşanpur şol wagtda gara galam bilen işlemek, gül we guş ýaly beýleki ugurlary hem öwrendi. Ol birnäçe ýyl zähmet çekeninden soň, miniatýura ylymlarynyň doktory derejesini we hünär boýunça birinji derejäni alanyndan soň bu ugurda ussatlyk derejesine ýetmegi başardy. Ol birnäçe ýyllap Eýranyň hünär uniwersitetinde mugallym bolup işleýär we birnäçe sergileri gurnaýar. Äfşanpur özüniň sungat işiniň dowamynda 100 – den gowrak saýlama eserleri döretdi. Onuň ýerine ýetiren işleri sebäpli onuň ady Eýranyň medeniýetinde möhüm şahsyýet hökmünde Eýranyň medeni mirasdüşerleriniň sanawyna girizildi. Ol 2022 – nji ýylda 80 ýaşynda aradan çykdy.
Äfşanpuryň eserleriniň aýratynlygy
"Gaýyba syýahat", "Sänan şeýhi we gorkak gyz", "Ýiti aýakly salamandr", "Gelinleri bezemek däbi" we "Gözleri gamaşýan keýikler" Mähin Äfşanpuryň saýlama eserleri hasaplanýar. Onuň eserleriniň aýratyn bir üýtgeşik usuly bar we hiç wagt göçürýän hünärmen hasaplanylmaýardy.Ýüzleriň açyklygyna üns bermegi, düşnüksizlik elementini ulanmagy we artykmaç ownuk işlerden daşda durmagy Äfşanpuryň usulynyň aýratynlyklarydyr. Açyk saýalary goýmak we reňkleriň sazlaşygyny döretmek Äfşanpuryň eserleri döretmekde ulanýan usullarynyň biri hasaplanýar.
Äfşanpuryň eserlerini iki esse nepis görkezýän usullarynyň biri hem köplenç aýallaryň arasynda duş gelýän ownuk we inçe bakyşydyr. Bu aýratynlyk sebäpli Äfşanpuryň eserleriniň ýakymlylygy köçe deňeşdirmesinde beýleki eserlere garanyňda bu hünärmeniň şahsy goly ýalydyr. Äfşanpuryň eserlerinde hünärmeniň şahsyýeti ýüze çykýar we ol hünärmeni öz eserlerinden aýryp bolmaýar. Onuň başarnygyny pars edebiýatynda hem görmek bolýar. Äfşanpuryň eserleri eýranly şahyrlaryň we edebiýatçylaryň uzak geçmişden alan dessanlarynyň janly heýkelidir. Äfşanpuryň ulanan bu suratlarynyň we eserleriniň mazmuny şahyrana gözelligi ýadyňa salýar.
Äfşanpuryň öz gepleşiginde aýdyşy ýaly, onuň eserleri käwagt adamyň has öňe gidişlik we kämillik duýgysyny görkezmek üçin çäkden çykýar. Ol hünärmen hem jemgyýetde ýaşýar we şonuň üçin onuň eserleri jemgyýetden üzňe bolmaly däldir diýip ynanýardy. Ol pikiriň bolmagyny sungat eserlerini döretmekde iň esasy zat hasaplaýardy we eserdäki her bir çyzygyň, her bir reňkiň özüniň manysy bolmaly diýip ynanýardy.
Mähin Äfşanpuryň sungat usuly
Mähin Äfşanpury "Yspyhan" usulynyň dowam edijisi diýip aýtmak mümkin. Bu usul Sefewiler döwründe Yspyhan paýtagt hökmünde saýlananda dürli ugurlarda ösýär. Soňky döwürlerde hem Mähin Äfşanpur Eýran sungatynda birnäçe belli eserleri döretdi. Äfşanpuryň eserlerini derňäp ony öňki ussatlar bilen deňeşdireniňde ony Reza Äbbasiniň (şa Apbas Sefewi döwründe iň meşhur suratkeş/1635 – nji ýylda aradan çykan) yzyny ýörediji hökmünde görkezýär. Äfşanpuryň bu mekdebiň ynanç we ynsanyýet esasyna gadymy pars edebiýatynyň eserlerini peýdalanyp goşan goşantlary Eýran miniatýurasyna üýtgeşmeler girizdi. Şu aýratynlyk hem oňa sungat ussatlary tarapyndan "Hyýaly aýal" lakamynyň berilmegine sebäp bolýar.
| Ady | Mähin Äfşanpur Eýranyň häzirki zaman miniatýurasynda ýatdan çykmajak şahsyýet |
| Ýurt | Eýran |
| Önümçilik wagty | 1320-1401 |
| Eserler | Gaýyba syýahat, Sänan şeýhi we gorkak gyz, Ýiti aýakly salamandr, Gelinleri bezemek däbi, Gözleri gamaşýan keýikler |
| Yard period | contemporary |
| Görnüşi | Artistic |




Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: