• Dec 26 2023 - 13:23
  • 95
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Ýälda baýramçylygy mähiriň we dostlugyň nyşanydyr

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Ýälda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede baýramçylygyň nyşanlary bolan önümler bilen ýörite saçak bezeldi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Ýälda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede baýramçylygyň nyşanlary bolan önümler bilen ýörite saçak bezeldi.

          21-nji dekabrda  (30 azär) Eýranyň Medeniýet merkezinde geçirilen dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli, Ilçihananyň işgärleri, Türkmenistandaky eýranlylar, türkmenler gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Gurhan Kerimden aýat okaldy. Soňra hormatly ilçi Ali Mojtaba Ruzbahani hemmeleri baýramçylyk bilen gutlap, Ýälda sözüniň manysyny taryhy we medeni çäre hökmünde düşündirip şeýle diýdi: “Ýälda” sözi “täzeden doguluş” we “doglan gün” manyny aňladýar we olaryň hem esasy sebäbi günüň dogmagydyr. Ýälda diýilende, eýranlylar Ýälda gijesinden soň, günüň dogmagy bilen günleriň has uzyn boljakdygyna we ylahy ýagtylygyň artjakdygyna ynanýarlar.

Ol sözüniň dowamynda Ýälda baýramçylygyň hristian döwletlerine hem edýän täsirine ünsi çekdi we gadymy wagtlarda Ýälda sözüniň ulanylmagynyň sebäbiniň ýagtylyk bilen zulumuň arasyndaky hemişeki söweş diýip belläp geçdi.

Jenap Ruzbahani gadymy wagtlarda baýramçylyklaryň tebigat bilen baglanşygy barada aýdyp geçdi: Bahar paslynyň ahyrynda we tomsuň başynda, gün iň demirgazyk nokadynda dogup - ýaşanda, iň uzyn gün we bu ýagtylygyň garaňkylygyň üstün çykmagy, güýzüň soňky gününde bolsa, gün iň uzak nokadyndan dogup – ýaşýar we bu iň gysga gün we iň az ýagtylykly gün, iň garaňky  we zulumly gije hasaplanypdyr. Umuman daýhanlar ýetişdiren hasyllaryny ýygnap, aýazly gyşa taýýarlanypdyrlar we ýagtylygyň garaňkylykdan üstün çykjakdygyna ynanyp bir ýere jemlenip, bu agyr gijäni geçiripdirler we Ýälda gijesiniň gutarmagy bilen, gün - ýagtylyk täzede dogýar we bu güni hem adamlar “Horrem gün” diýip atlandyrypdyrlar.  

Sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ýäldanyň esasy nyşanlarynyň biri hökmünde duýgudaşlyga ünsi çekip şeýle diýdi: adamlar birek - birege duýgudaşlyk we goldaw edip zulumly agyr gijäni geçiripdirler we olaryň jemlenen ýerlerinde bilimleri hem artypdyr. Eýranyň medeniýeti hekaýadyr, ertekilere örän baý bolup, şular ýaly däplerden gözbaş alyp gaýdyp, geljekki nesillere hem geçirilip gelinipdir.

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda hemmeleri ýylyň iň uzak gijesi bilen gutlap, şeýle diýdi: Çille ýa-da Ýälda gijesi gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar we hemişe taryhyň we siwilizasiýanyň dürli döwürlerinde bu gün baýramçylyk hökmünde bellenipdir we oňa degişli däp – dessurlar ýerine ýetirilipdir.

Ol sözüni dowam etdi: Ýälda gijesiniň däbi 1401- nji ýylyň azär aýynda ýagny 2022 - nji ýylyň dekabr aýynda bütin dünýä boýunça ýurdumyzyň 19-njy gymmatlygy hökmünde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda hasaba alyndy.

Jenap Rasuli Ýälda baýramçylygynyň gymmatlyklaryna ünsi çekip sözüni dowam etdi: Ýäldanyň bellenilýän wagtynda medeni şahsyýetlere, tebigata we milli kalendara üns bermek, maşgalada zenanyň we çaganyň ornuna hormat goýmak, ýaraşmak, dostlaşmak, myhmançylyk, medeniýeti açyp görkezýän hekaýalara hormat goýmak we olar bilen tanyşmak ýaly gymmatlyklara üns berilip, ol gymmatlyklar nesilden – nesile geçirilip gelinýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sözüniň soňunda şeýle diýdi: güýz paslynyň soňky gijesi ýylyň iň garaňky we uzak gijesi hasaplanýan we Ýälda diýip atlandyrylýan baýramçylykda, adamzat jemgyýetiniň möhüm bölegini güýçlendirýän gijede ähli maşgala agzalary birnäçe sebäplere görä daşda uzakda hem bolsalar şol gije bir ýerde jemlenmäge çalyşýarlar. Biz hem şu gün öz türkmen myhmanlarymyz bilen bir ýerde jem bolup, dostlugyň we mähir – muhabbetiň baýramyny uly şatlyk bilen belleýäris.

Ýälda baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çärede, pars dili öwrenijileri tarapyndan Ýälda hakynda goşgular okalyp, gülküli sahna ýerine ýetirildi, Hafyzyň kitabyndan pal atyldy. Çärede çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, ähli myhmanlara, dabara gatnaşanlara Ýälda baýramçylygyna degişli hödür – keremler edildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: