• Jun 1 2024 - 09:39
  • 44
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)
Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary guramasynyň müdiri Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahatda

Umumy medeni aýratynlyklar, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk köprüsi

Umumy medeni aýratynlyklar, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk köprüsi

Magtymgula bagyşlanan halkara maslahat, daşary ýurdan we halkara guramalardan 24 ministriň we wekilleriň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag hatynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa tarapyndan okalmagy bilen başlandy.

 

Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň habar bermegine görä, Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri Hojjat-ul-Yslam Muhammet Mehdi Imanipur, Eýranyň we Türkmenistanyň umumy medeni aýratynlygynyň iki ýurduň dostlugy we agzybirligi üçin köpri hökmünde ähmiýetini nygtady.

Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, medeniýetine we edebiýatyna bolan umumy gyzyklanmasyna ünsi çekip, bu beýik şahyry we akyldary iki ýurduň iň gymmatly umumy medeni nyşanlarynyň biri hasaplap, şeýle diýdi: Dürli ugurlarda medeni we siwilizasiýa alyş-çalşygy bu iki ýurduň arasynda uzak wagt bäri bar we geljekde gözleg we ylmy işler maksady bilen bu uly halkara maslahat Magtymgulynyň dogduk ýeri Türkmenistanda geçirmek dostlukly iki halkyň medeni gatnaşyklaryny has-da janlandyrar. 

Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri, häzirki wagtda sebit ýurtlaryndaky medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy öňküsinden has möhümdir -diýip, sözüni dowam etdi: Esasy we ahyrky maksat tapawutlar bolmaly däl, bizi baglanyşdyrýan gatnaşyklar bolmaly; birek-birege, medeni agzybirligimiziň gatnaşyklary we baglanyşyklary bilime hem-de paýhasa eltýär. Ylym, edebiýat we sungat toýunyndan gurlan köpri hiç haçan ýykylmaz we iki ýurduň arasyndaky parahatçylygy, dostlugy we gatnaşyklary hemişelik gorar.

Imanipur sözüni dowam edip, Magtymguly Pyragynyň Eýranyň we Türkmenistanyň taryhynda we medeniýetinde şahsyýetine we ornuna ünsi çekip, şeýle diýdi: Magtymguly Pyragy Merkezi Aziýa halklarynyň hususanda türkmen halkynyň şahyrydyr. Ol ahlak, jemgyýetçilik, milli we tire – taýpa meselelerine degişli nesihatlary goşgy görnüşinde beýan edipdir we onuň döwürdeşleri Aziýa halklarynyň edebiýatyny hususan-da onuň goşgularynyň bu ugurda beýan edilmeginiň, Magtymguly Pyragynyň şeýle syýasy, jemgyýetçilik we esasanam medeni taýdan agyr şertlerde öz pikirlerini beýan etmeginiň seýrek duş gelýän ýagdaý diýip hasaplapdyrlar.

Ol şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň umumy taryhy we medeni mirasy gorap saklamak we geljekki nesillere miras galdyrmak ugrunda edýän işlere ünsi çekip, sözüni dowam etdi: Türkmenistanyň bu beýik we meşhur şahyry hormatlamak baradaky kararyna hormat goýýaryn we şeýle şahsyýetlere hormat goýmagyň ylym we pikir derejesine hormat goýulýandygyny we sebitdäki halklaryň arasyndaky dostlugyň we agzybirligiň netijesidigini bellemek isleýärin.

Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri sözüni dowam edip, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanyp çap edilen “Magtymguly Pyragynyň diwanynyň deňeşdirilen nusgasy” bilen hem tanyşdyrdy: Bu diwan 2 jiltden ybarat we birinji jilt 706 sahypa, ikinji jildi hem 700 sahypadan ybaratdyr we 2023 -nji (1402 h.k.) ýylda 500 nusgada çap edildi. 

Jenap Imanipur bu kitabyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşmakda örän ähmiýetlidigini belläp, şeýle diýdi: Bu diwanyň kemçiliksiz salgylanma hökmünde ulanylyp bilinjekdigi şübhesizdir. Ýöne onuň Eýranyň we Türkmenistanyň ylmy işgärleriniň arasynda kanagatlanma döretjekdigine ynanýaryn.

Ol sözüniň soňunda bu kitabyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna sowgatdygyny we Eýran bilen Türkmenistanyň medeni gatnaşyklarynyň berkemeginde möhüm ädimdigini belledi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: