Türkmenistanyň we Eýranyň syýahatçylygyny ösdürmegiň ýollary
Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň syýahatçylygy ösdürmegiň ýollary Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň syýahatçylygy ösdürmegiň ýollary Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň “syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek” atly bilelikdäki konferensiýa 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewanyň, ýurdumyzyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuliniň, Eýranyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşmagynda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa hemmelere hoş geldiňiz diýip, iki ýurduň aragatnaşygynyň ösüşine ünsi çekdi we şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyňaragatnaşygy ýurt baştutanlarynyň goldawy bilen gün – günden ösýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli sözüniň başynda iki ýurduň
Prezidentlerine sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi: Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň mejlisler zalynda birinji Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki “syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek” atly syýahatçylyk maslahaty geçirilýär. Bu maslahatyň esasy maksady, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylyk pudagynyň ösmegine goşant goşup biljek çözgütleri öwrenmekden ybarat. Başgaça aýdylanda, diňe gözlegleriň netijesinde wakalary täzeden gözden geçirmek we barlamak, şeýle hem dürli ugurlarda ösüşiň möhüm faktoryna kömek edip biljek çözgütleri tapmak mümkindir we bu medeniýet we sungat ugrundaky konferensiýalary we çärelero geçirmek arkaly mümkindir .
Rasuli sözüni dowam etdi: Häzirki zaman dünýäsinde syýahatçylyk, dünýäniň esasy pudaklarynyň arasynda iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanýar we möhüm pudaklar bilen ýakyn bäsdeşlik edýär. Beýleki girdejili senagat pudaklarynyň hapalanmagy sebäpli, arassa senagat hökmünde syýahatçylyk pudagynyň has artykmaçlyklary bar we syýahatçylyk pudagy nirede ösen bolsa, bu ýurt ýa-da sebit üçin uly ykdysady girdejileri getirýär. Syýahatçylygyň ösmegi senetçilik, dokma senagaty, zergärçilik senagaty, mebel önümçiligi we öý bezegi ýaly beýleki pudaklaryň ösmegine we gülläp ösmegine sebäp bolup biler we garyplygy azaltmakda, iş ýerlerini döretmekde we sosial adalaty döretmekde täsirli pudak bolup biler.
Rasuli çykyşynda käbir zatlara ünsi çekip, şeýle diýdi: Syýahatçylyk pudagynda geçirilen gözleglerde, bilim üýtgeýjileri bilen syýahatdan razy bolmak, syýahatyň başy, täze tejribäniň höwesi, gözel ýerleriň özboluşlylygy, ýaşaýyş jaýyndan we onuň böleklerinden razy bolmak, iýmit - restoran we onuň düzüm bölekleri bilen kanagatlanmak, söwda - senetçilik we onuň bölekleri bilen kanagatlanmak, adamlardan razy bolmak, howpsuzlyk bilen kanagatlanmak we syýahat gollanmalaryndan kanagatlanmak arasynda möhüm baglanyşyk bar. Eýranda we Türkmenistanda syýahatçylar üçin bu agzalanlaryň köpüsi bar, bu iki ýurduň halkyny taryhy, dini we medeni umumylyklaryň bolmagy sebäpli biri-biriniň ýurtlaryna syýahat etmeklik örän gyzyklandyrýar. Hökümetiň bu pudagy ösdürmek üçin has ýeňillikli kanunlary we mümkinçilikleri döretmekligi, bu prosesi ýeňilleşdirip biler.
Rasuli sözüniň soňunda, şular ýaly maslahatlary geçirmek arkaly Eýranyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda mümkinçilikleri döredip bu ugury ösdürip bileris diýip umyt edýärin, diýdi.
Soňra Eýranyň syýahatçylyk kärhanalary bolan, “Eýran markaz”, “Fotros”, “Amirgäşt”, “Alämgäşt”, “Žiwar” we “Golbärg” şu aşaky teklipleri berdiler:
- - Tähran bilen Aşgabadyň arasynda göni uçuşlaryň ýola goýulmagy syýahatyň rahatlygyna kömek edip biler;
- - Syýahatçylary özüne çekmek üçin uly şäherlerde ýokary hilli myhmanhanalaryň we ýaşaýyş ýerleriniň sanyny köpeltmek;
- - Wiza amallarynda mümkinçilikler döretmek; Başgaça aýdylanda, iki ýurduň syýahatçylary üçin aňsat, çalt we arzan wiza bermek;
- - Iki ýurduň arasynda syýahatçylyk merkezleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmak üçin iki dilli web sahypalaryny we amaly programmalary döretmek;
- - Onlaýn syýahatçylyk merkezleriniň tejribesini üpjün etmek üçin wirtual hakykat ýaly täze tehnologiýalary ulanmak;
- - Barjak ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin bloggerler we syýahatçylyga täsir edýänler ýagny influýenserler bilen hyzmatdaşlyk;
- - Syýahatçylyk, medeniýet ýa-da dil ugrunda talyp alyşmak we bilelikdäki ylmy işler üçin uniwersitetleriň we bilim merkezleriniň hyzmatdaşlygy;
- - Syýahatçylar bilen aragatnaşygy ýeňilleşdirmek üçin her ýurtda ýerli gollanmalary biri-biriniň dilinde öwretmek;
- - Taraplaryň taryhy we tebigy syýahatçylykdan başga her bir ýurduň syýahatçylygynyň aýratyn mowzuklary, şol sanda möwsümleýin festiwallar we wakalar bilen tanyşmagy meselem: Kürdüstanyň Hezar Däf dabarasy ýa-da Kaşanyň Gulab Giri ýaly aýdym-saz we medeniýet ugrundaky syýahatçylyk festiwallary, Azyk - tagamlar festiwallary we Nowruz baýramçylygy;
- - Söwda ýarmarkalarynda ýöriteleşdirilen syýahatçylaryň bolmagy, iki ýurduň telekeçileri üçin beýleki tarapyň zerurlyklaryny bilmek üçin mümkinçilikler we özara gatnaşyk döretmek;
- - Ýerli kärhanalara, syýahatçylara aýratyn hyzmatlar bermekligi üçin goldaw bermek;
- - Lukmançylyk we saglyk pudagynda türkmen syýahatçylary üçin ýokary hilli we amatly bahalar bilen lukmançylyk we gözellik hyzmatlaryny bermek.
Bu maslahata türkmen tarapynda, “Eşretli syýahat”, “Azady” hususy kärhanasy, “Aziýa Merjeni” kärhanasynyň wekilleri we şeýle – hem Türkmenistanyň Medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary öz çykyşlaryny edip, iki ýurduň syýahatçylyk pudagy, däp – dessurlar barada gyzykly gürrüňler berdiler.
Maslahatyň soňunda oňa gatnaşan myhmanlar Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň muzeýine aýlanyp gňrdüler.
Filmler.