• Aug 26 2022 - 10:11
  • 338
  • Okamak üçin wagt : 9 minute(s)

Türkmenistanyň Merw şäherinde geçirilen festiwalynda türkmenleriň Ymam Reza (a.s.) -a wepalylygy

Ymam Ryzanyň (a.s.) bagyşlanan ajaýyp festiwaly Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän gadymy "Merwde" ýaşan ýerinde, dürli gatlaklaryň, görnükli ylmy we medeni we syýasy işgärleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Ymam Ryzanyň (a.s.) bagyşlanan ajaýyp festiwaly Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän gadymy "Merwde" ýaşan ýerinde, dürli gatlaklaryň, görnükli ylmy we medeni we syýasy işgärleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Ymam Ryzanyň (a.s.) ajaýyp festiwaly 21-nji iýunda, sişenbe güni Türkmenistan hökümetiniň kömegi bilen, köne Merwdäki onuň ýaşan ýerinde geçirildi.

Bu medeni dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň  we Eýranyň Marydaky Baş konsullygyň we birnäçe Mary şäheriniň wezipeli adamlarynyň, syýasy we medeni işgärleriniň gatnaşmagynda, hem-de Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň golýazmalar institutynyň gözlegçi alymlarynyň we Hoja Ýusup Hemedany metjidiniň ymamynyň hem-de, Ahl al-Baýt (a.s.) hormatlaýan adamlarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly ýygnanyşyk mukaddes Gurhany we salawat dogasyny okamak hem-de,  iki ýurduň döwlet gimnleriniň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Biziň ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi Golamaly Arbab Hales festiwala gatnaşanlaryň, ony gurnaýjylaryň hemmesine, hökümet ýolbaşçylaryna we Türkmenistanyň prezidentine öz minnetdarlygyny bildirdi we şeýle diýdi: “Bu festiwal 16 ýyl bäri Türkmenistan hökümetiň ýardam bermegi bilen geçirilýär. Ymam Ryza (a.s.) goýulýan hormat hemmämiziň bu ýere jemläp, bu günki pursatlary janlandyryp, iki ýurdyň arasyndaky bereketli gatnaşyklaryň döremegine getirdi.

Ol öz çykyşynyň barşynda, soňky aýlarda iki ýurduň prezidentleriniň Türkmenistanda we Eýran Yslam Respublikasyndaky duşuşyklaryny ýatlamak bilen, şeýle diýdi: “Iki ýurduň prezidentleriniň bellän esasy mowzuklaryndan biri hem ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk we bu gatnaşyklary mundan beýäkde ösdürmek we çuňlaşdyrmakdyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi, iki ýurduň arasyndaky gatnaşygy pugtalandyrmakda, bu ýurtlaryň meşhur medeni işgärleriniň möhüm orna eýedigini ünsi çekip, şeýle diýdi: Yslam pygamberi (s.) 1400 ýyl öň bedenimiň bir böleginiň Horasanda boljakdygyny ýagny, bu toprakda jaýlanjakdygyny yglan etdip, egerde kimde kim, Horasana baryp görse we oňa zyýarat etse, edil Medininä gelip, maňa zyýarat eden ýaly bolar, diýipdir.

Arbab Hales çykyşynyň ahyrynda Covid-19 ýokanjynyň tamamlanmagy bilen zyýarat kerwenleriniň mukaddes Maşatdaky Ymam Ryzanyň (a.s.) aramgähine zyýarata gelerler we şonuň bilen birlikde hem, Ymam Rezanyň (a.s.) Marydaky ýaşan ýerine zyýarata barylmagyna uly umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeni geňeşçisi Nawid Resuly Ymam Ryza (a.s.)-yň muşdaklaryny Ymam Raufyň doglan güni bilen gutlady we iki ýurduň arasynda medeni hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekilendigini belläp geçip:

 

Biz bu gün  bu ýerde Türkmenistanyň hormatly hökümeti bilen bilelikde  ol Keramatly Ymamyň muşdaklarynyň gatnaşmagynda ýörite dabarany geçirýäris. Ymam Ryza alaýhyssalam ozüniň  päk ömrüniň  iki ýyldan gowrak wagtyny  siziň ata-babalaryňyzyň arasynda geçirdi we munuň bilen,  Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda taryhy ýatlamanyň döremegine sebäp boldy. Şu ýerde, dabarany gurnanlara we oňa gatnaşýanlaryň hemmesine hem-de şu günki  çäraniň has-da dabaraly geçirilmegine ýardam edenlere, aýratyn hem Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna we Mary şäherindäki  Baş konsullygyna, Türkmenistanyň Hökümedine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine,  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, Mary welaýtynyň we Mary şäheriniň häkimliklerine, şeýle hem düzgün tertibi we howpsuzlygy üpjün edýän edaralara minnetdarlygymy bildirýärin. Şunuň ýaly bilelikdäki dabaralaryň geçirilmegi  iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Keramatly Ymam Ryza alaýhyssalamyň şahsyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň  medeni umumylyklarynyň  biridir. Hezreti Ymam Ryza alaýhyssalam -  halkyň ýoluny  yşyklandyrmak we  adamlara ýol görkezmek üçin iberilen Güneşdir. Ymam Ryza alaýhyssalam  Medineden Merw şäherine gaýdypdyr. Sebäbi, şol döwürde bu sebit  ylmy taýdan ýokary derejede ösen sebit bolupdyr. Ymam Ryza alaýhyssalamyň  bu sebite aýratyn üns bermegi, öz gezeginde,  bu topragyň ýaşaýjylarynyň  Päk ýürekli Ymama  bolan hoşniýetli garaýşy oýardy we Hezreti  Ymam Ryzanyň  Mawzoleýiniň  altyn gümmezleri sebäpli, olar oňa “Gyzyl Ymam” diýip başladylar.

Sekizinji  Ymam  türkmenleriň arasynda aýratyn hormata eýedir. Keramatly Ymama bolan  sap ýürekli  ynanç  her bir türkmeniň her biriniň ýüregine orun alyp  türkmenleriň arasynda aýratyn  şöhle saçýar. Her bir türkmeniň kalbynda Ymam Ryzanyň  aramgähine zyýarat etmek niýeti bar.

Gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň   edebiýatynda, edebi we  dini kitaplarynda ymamlara aýratyn  sarpa goýulypdyr, olaryň şahsyýetleri  diňe Magtymguly Pragynyň  eserlerinde däl-de, eýsem beýleki türkmen şahyrlaryň öwüt-nesihatlarynda şöhlelendirilýär. Magtymgulynyň  pähimdar  kakasy Döwletmämmet Azady,  Hoja Ahmet Ýasawi    we başga-da köp akyldarlar  Yslam dininiň  Pygamberini  (s.a.w), onuň  sahabalaryny  we maşgala agzalaryny wasp edýän ajaýyp goşgulary döretdiler. Magtymguly Pyragy  “Bagyşla bizni”   goşgusynda Ymam Ryza alaýhyssalama  bagyşlanyp ýazylan goşgydyr.

Hezreti Ymam Ryza  Horasana we Merw şäherine geleninde,  özüniň häsiýeti we hereketleri bu topragyň  halkyna  birek-birege duýgudaşlyk, rehimdarlyk we hoşniýetlilik bilen çemeleşmegi öwretdi. Hakykatda,  Hezreti Ymam Ryzany  mähir-muhabbet  we rehim-şepagat  mekdebiniň esaslandyryjysy  diýip hasaplap bileris. Keramatly Ymam Ryzanyň  ynsanperwerlik we mähir-muhabbet mekdebi  iki halkyň arasyndaky ýakyn we doganlyk gatnaşyklaryň we iki ýurduň agzybirliginiň  we  jebisliginiň esasy çeşmesine  öwrüler diýip umyt edýärin.

Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň dil we edebiýat golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri hanym "Tyllagözel Öwezowa" öz çykyşynda "Gadymy Merw" barada aýdyp, şeýle diýdi: Bu toprak baý we seýrek kitaphanalar, owadan tebigat we myhmansöýer adamlar bilen meşhurdyr.

Ol öz çykyşynyň barşynda Ymam Ryza alaýhyssalamyň durmuşy we Merwe ýaşandygy barada ýatlap geçip, sözüniň üstüni ýetirdi: "  Ýagşyzada Piriň ýaşan döwri biziň  zamanamyzdan näçe uzakda bolsa-da, onuň  hakykat dogrusynda galdyran taglymatlary özüniň akyl-paýhasa ýugurlanlygy bilen bakylyga eýedigini bize äşgär edýär.  Şeýle Ýagşyzadanyň bu keramatly topraklara gadam basmagy we manyly ömrüniň bir bölegini  Merwde geçirmegi her bir türkmen raýaty bilen birlikde meni-de buýsandyrýar. Bu günki gün parahatçylygyň we asudalygyň saýasynda ähli musulman halklary Beýik Allanyň huzurynda bu keramatly ýere zyýarat etmegi ýüreginde besleýär.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gadymy medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklary barada Magtymguly adyndaky dil we edebiýat golýazmalar institutynyň alymy hanym Täjigül Myradowa öz çykyşynda şeýle diýdi: Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muňa beýik akyldar Ymam Ryza bagyşlanyp, her ýylda Mary welaýatynda geçirilýän ylmy-amaly maslahat we türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň dostlukly Eýran döwletinde geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Ol öz sözüniň barşynda  Ymam Ryzanyň (a.s.) hadyslaryny we Magtymguly Pyragynyň Ymam hakynda ýazan goşgularyndan myzal getirip, öz sözüni dowam etdirdi: Ymam Ryza aradan çykandan soň, onuň şanyna müňlerçe kyssa we şygyr eserleri döredilýär. Ol eserlerde Ymam Ryzanyň beýik nusgalyk häsiýetleri we adamkärçlik sypatlary wasp edilýär. Ymam Ryza elmydama halky ynsanperwerlige çagyryp geçipdir. Muny  beýik akydar Magtymguly Pyragynyň oňa bagyşlap döreden setirleri hem aýdyň görkezýär.

Bu setirleriň özi beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň hezreti Ymam Ryza uly hormat goýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzda Ymam Ryzanyň ömrüne we döredijilgine bagyşlanyp birnäçe eser çap edildi. Şeýle eserlere mysal edip, 2007-nji we 2010-njy ýyllarda çap edilen “Hezreti Ymam  Ryza alaýhyssalamyň gysgaça ömür beýany” we  “Hökümdarlygyň sekizinji güneşi. Ymam Ryzanyň durmuşyna gysgaça syn”  atly ýygyndylary görkezmek bolar.

Häzirki döwürde, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde türkmen-eýran medeni gatnaşyklar giňden ýaýbaňlanýar. Bu ugurda Ymam Ryzanyň özünden soňky nesillere miras goýan gymmatly eserleri iki doganlyk halkyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň jebisleşmegine ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär.

Mary welaýatynyň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň başlygy Gadam Ilamanow, Ymam Ryzanyň (a.s.) doglan güni bilen gutlap, şeýle diýdi: Bu beýik şahsyýet bolan Ymam Ryza (a.s.) özüniň gymmatly ömrüniň birnäçe ýylyny Mary topragynda geçiripdir. Bu mukaddes toprak türkmenler üçin ýokary derejä eýedir. Men öz gezegimde, iki ýurduň prezidentleriniň tagallasy bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we durnuklylygyna uly goşant goşýan şular ýaly çäreleri geçirmegiň mümkinçiligine ýokary baha berýärin.

Mowlid okamak, medeniýet merkeziň  Ymam Ryza (a.s.) bagyşlanyp taýýarlan suratly şekillere tomaşa etmek, Hoja Ýusup Hemedany metjidiniň Ymamy Hajy Muhammediň doga okamagy, soňra bolsa mukaddes ýer bolan Motaher Razawiniň mübärek baýdagyny görmek dabara gatnaşanlaryň ünsüni özüne has-da özüne çekdi. Keramatly Ymam Ryzanyň (a.s.) muşdaklary gözi ýaşly baýdagy ýüzlerine sylyp, ogşadylar we gudraty güýçli Alladan  şepa dilap, Ymamyň Razawide ýerleşýän Haramyna zyýarat etmegi dilediler.

Dabaranyň ahyrynda Hoja Yusup Hemedanyň mazarynyň golaýynda 2000-den gowrak adamyň gatnaşanmagynda hudaýýoly berildi.

Mundan başga-da, biziň medeniýet merkezimizde pars dilini öwrenijiler tarapyndan Ymam Ryza (a.s.) barada surat çekmek we kalligrafiýa sergisi, şeýle hem  Ymam Rauf (a.s) aramgahynyň suratlarynyň  sergisi gurnaldy.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: