• Oct 18 2022 - 20:20
  • 149
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň gatnaşmagynda; “Eýranyň syýahatçylyk gözel künjekleri” atly festiwaly Aşgabatda öz işine başlady.

“Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk gözel künjekleri” atly festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň gatnaşmagy bilen öz işine başlady.

Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň gatnaşmagynda; “Eýranyň syýahatçylyk gözel künjekleri” atly festiwaly Aşgabatda öz işine başlady.

“Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk gözel künjekleri” atly festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň gatnaşmagy bilen öz işine başlady.

7-nji oktýabrda, anna güni Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet Merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň, 16 ýurduň diplomatlarynyň ýagny Hytaý, Germaniýa, Watikan, Russiýa, Gazagystan, Belarus, Italiýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Türkiýe, Täjigistan, Päkistan, Özbegistan, Ukraina we Fransiýa hem-de Türkmenistanyň 11 sany syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk gözel künjekleri” atly festiwaly Aşgabatda öz işine başlady.

40-dan gowrak daşary ýurt diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu festiwalda Näwid Räsuli ýurdumyzyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi myhmanlary garşylamak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň ikinji syýahatçylyk festiwalyny Medeniýet Merkezinde geçirilmegi Eýranyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin oňat pursat hasaplaýaryn diýdi.

Syýahatçylyk pudagy barada durup geçen Räsuli sözüni dowam edip: “Syýahatçylyk pudagy häzirki wagtda dünýäniň iň möhüm pudaklaryndan biridir, köp ýurtlar ykdysady we jemgyýetçilik ähmiýeti sebäpli bu ugura has köp üns berýär” diýip belledi.

Biziň ýurdumyzyň medeni meseleler boýunça geňeşçisi dünýäniň syýahatçylyk pudagynda görnükli ýurtlaryň biri hökmünde Eýrana ýüzlenip: “Bu festiwalda surat sergileri, etniki eşikler, senetçilik önümleri, käbir eýran ýadygärlik sowgatlary we iýmitleri hem-de ýurdumyzyň milli aýdym-sazlary ýagny Eýranyň dürli syýahatçylyk gözel künjekleriniň kiçi bölegi we aýratynlyklary bilen tanyşyp bilersiňiz” diýip belledi.

Näwid Räsuli çykyşynyň soňunda Türkmenistan döwletiniň Hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhammedowa Medeniýet Merkeziniň işlemegi üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdyp, mundan beýläk iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygynyň ösjekdigine umyt bildirdi.

Mahmud Sadegi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary, bu festiwaly geçirmekdäki tagallalary üçin Medeniýet Merkezine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa we beýleki ýurtlaryň ilçilerine we diplomatlaryna hoş geldiňiz diýip, milli syýahatçylyk hepdeligi barada şeýle diýdi: “1980-nji ýyldan bäri Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy 27-nji sentýabry Bütindünýä Syýahatçylyk güni hökmünde belleýär. Syýahatçylyk güni bilen bir hatarda, bir hepdäniň dowamynda Eýranda milli syýahatçylyk hepdeligi bellenilýär. Umuman alanyňda, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek we lukmançylyk syýahatçylygy, ekoturizm, täjirçilik syýahatçylygy pudagyny işjeňleşdirmek üçin dürli maksatnamalar we çäreler Eýranda syýahatçylyk hepdeliginiň dowamynda geçirilýär we adatça bu çäre mynasybetli syýahatçylygy ösdürmegiň birnäçe taslamalary açylýar.”

Sadegi sözüni dowam edip: “ Soňky üç ýylda Covid-19-yň görlüp-eşidilmedik täsiri sebäpli halkara derejesinde köp çäklendirmeler girizildi. Bagtymyza, soňky aýlarda halkara serhet çäklendirmeleri azaldy we syýahatçylaryň sany köpeldi” diýip belledi.

Ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada durup geçip, şeýle diýdi: ​​“Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklara laýyklykda we iki ýurduň ýokary wezipeli adamlarynyň parasatly ýolbaşçylygynda, medeni gatnaşyklar we iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk has-da berkeýär. Täze şertlerde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda medeni, sungat we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösüşiniň şaýady bolarys diýip umyt edýärin.”

Sadegi sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň türkmen diplomatlaryna, jahankeşdelere we wekiliýetlere wiza bermäge taýýardygyny yglan edip, aýtdy: “Eýran gözel ýerlere baý ýurt. Eýranda syýahatçylyk ýerleriniň uly sanawy bar. Tebigat, taryh, däp-dessur, gözellik, aýdym-saz we lezzetli iýmitler bilen gyzyklanýan bolsaňyz, Eýranda we Isfahan, Şiraz, Maşat, Töwriz, Ýäzd, Kaşan ýaly ýerlerde, şeýle hem täsin demirgazyk şäherlerinde, gündogar çöllerinde hem - de Eýranyň merkezinde dürli täsin zatlary tapyp bilersiňiz.”

Festiwala gatnaşmak we çykyş etmek üçin biziň ýurdumyzdan Türkmenistana gelen “Simorg” toparynyň milli aýdym-sazlary ýerine ýetirişi, dizaýner hanym Färängiz Şadkamyň etniki  eşikleriniň sergisi, Eýranyň syýahatçylyk ýerlerinden alnan suratlar we Eýran naharlary we süýji nygmatlarynyň hödür edilmegi gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

“Eýranyň syýahatçylyk gözel künjekleri” atly festiwaly 10-nji oktýabr, duşenbe gününe çenli Medeniýet Merkezinde hemmeler üçin öz işine dowam eder.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: