• Jun 8 2024 - 09:49
  • 54
  • Okamak üçin wagt : 7 minute(s)

Türkmenistanda Ymam Homeýnini ýatlama çäresi geçirildi

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň merhum lideri we esaslandyryjysy Ymam Homeýnini ýatlama çäresi geçirildi.

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň merhum lideri we esaslandyryjysy Ymam Homeýnini ýatlama çäresi geçirildi.

        3-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň gurnamagynda Ymam Homeýnini ýatlama çäresi bu merkeziň mejlisler zalynda geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, diplomatlar we olaryň maşgalalary, merkeziň pars dilini öwrenijileridir mugallymlary hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar. Çäräniň başynda Gurhandan aýat okaldy. Ali Mojtaba Ruzbahani öz çykyşynyň başynda çärä gatnaşýanlara hoş geldiňiz diýip, şeýle diýdi: Şu gün Yslam Rewolýusiýasyna ýolbaşçylyk etmek bilen, beýik Eýran halkyna garaşsyzlygyň, azatlygyň we öz hakyky mümkinçiliklerini tanamagyň ýoluny gňrkezen, ähli işleriniň düýp binýadynda erksizligiň we garaşlylygyň bes edilmegi, adalatsyzlyga we agalyk sürülmegine garşy göreş, milli başarnyklara daýanmak we halka tüýs ýürekden hyzmat etmek ýörelgeleri durýan bir döwlet gurluşyň esaslaryny goýan ynsanyň aradan çykmagynyň 35 ýyllygyna gabat gelýär.  

Ol sözüni dowam edip, Ymam Homeýniniň maşgala barada pikirleri hakda hem belläp geçdi: Ymam Homeýni yslam jemgyýetinde möhüm sütün hökmünde maşgala aýratyn üns beripdir. Jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan maşgala, esasanam enelere beýik terbiýeçilik orny degişli bolupdyr we maşgala agzalaryna hemişe agzybir we birek-birege esewan bolmagy maslahat beripdir. Bu maslahatlar, onuň şahsy durmuşynda elmydama eýerýän maslahatlarydy. Hezreti Ymam Homeýniniň garyndaşlaryndan we maşgala agzalaryndan aýaly, çagalary we agtyklary bilen eden mähirli we sahy häsiýeti hakda köp hekaýalar aýdylýar. Aýaly ymamyň özüni alyp barşyny gowy edep, söýgi, hormat, mylakatlylyk we aýalynyň pikirine hormat goýýandygyny beýan etdi. Onuň hoşniýetliligi, edep-terbiýesi, çagalaryna we agtyklaryna bolan hormaty hem belli, onuň çagalaryna we agtyklaryna mähir görkezýän köp suratlary çap edildi.

Ruzbehani Ymma Homeýniniň maşgala bolan ünsüniň, öwüt – ündewleriniň dini esaslardan gelip çykýanlygyny aýdyp sözüni dowam etdi: Bu ýörelgelere esaslanyp, Ymam Homeýnini diňe bir maşgala agzalaryna däl, eýsem jemgyýetiň agzalaryna we esasanam dünýäniň ezilenlerine aýratyn jogapkärçilik cekvqrdi. Meşhur eýran şahyry Saadiniň adamzady birek-biregiň agzasy hasap edişi ýaly, Ymam Homeýni dünýädäki ezilenlere we adalatsyzlyga sezewar bolanlary bir maşgalanyň agzalary hökmünde hemişe birek-biregi goldamaly we arka durmaly diýip hasap edýärdi.

Ymam Homeýni, bu pikir bilen we dini we adam ýörelgelerine esaslanyp, Eýran halkyny ezilenlere goldaw bermeklige çagyrýardy.Şuňa esaslanyp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow we türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhammedow parasatly ýolbaşçylygynda ynsanperwer kömek iberip, Palestina halkyna goldaw berişi ýaly Eýran Yslam Respublikasynyň halky we hökümeti, Palestinanyň ezilen halkynyň ýanynda elmydama durup, Ymam Homeýniniň wesýetlerine eýerip, olaryň hukuklaryny gorap gelýär.

Sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ymam Homeýnini yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirligiň iň möhüm goldawçysy hasaplap, şeýle diýdi: Häzirki wagtda Eýranyň we Türkmenistanyň, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň parasatly ýolbaşçylygynda iki musulman döwleti hökmünde musulman ýurtlarynyň arasyndaky ajaýyp gatnaşyklaryň ajaýyp mysalydygy bizi begendirýär.

Ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda Ymam Homeýniniň nukdaýnazyndan aýallaryň üç ugurda şahsy, maşgala we jemgyýetçilik ugurlarynda hukuklary we jogapkärçiliginiň barlygy belläp, şeýle diýdi: Ymam Homeýni lider, dana we akyldar hökmünde gürrüňlerinde we çykyşlarynda hemişe bu üç ugura üns berýärdi. Hezreti Fatima Zahra (S), Hezreti Hatyja (S), Hezreti Zeýnep we Hezreti Merýem ýaly dünýäniň beýik aýal-gyzlaryny nusga görkezmek bilen, jemgyýetde we maşgalada aýallaryň mertebesini we ýokary ornuny, esasanam terbiýesi barada düşündirýärdi.

Rasuli Ymam Homeýniniň Yslamyň we Hezreti Pygamberiň (saw) irki Yslamyň Jahyl ýalňyş ynamyny üýtgetmekde tutýan orny ýagny zennalara barada pikirine ünsi çekip, sözüni dowam etdi: Ymam Homeýni aýdypdyr: “Yslamyň beýik pygamberi zenanyň elinden tutup, ony jahyllyk adatyndan halas etdi we Yslamyň taryhy, Hudaýyň Resulynyň Hezreti Zahra (saw) bolan sylag hormatyň şaýady ýagny aýal-gyzlaryň jemgyýetde aýratyn ornunyň bardygyny erkeklerden ýokary bolmasa, pes derejede dälligini görkezdi.” Başga bir çykyşynda hem, Hezreti Merýemiň mertebesine we derejesine "Hudaýyň perişdeleri olary görüp - gürleşende, perişdeler eý Merýem, Hudaý sizi saýlady, sizi päkizelendirdi we size fazylet we kämillik berdi diýdiler." Ymam, Merýemi päk aýal hökmünde häsiýetlendirmek bilen, erkekleriň we aýallaryň deň adam hukuklaryna we derejesine ünsi çekdi we Hudaýyň ýanynda erkekler bilen aýallaryň arasynda tapawudyň ýokdugyny subut etdi . Erkekleriň we aýallaryň adam ösüşiniň we kämilliginiň derejesine ýetmekde deň mümkinçiligi bar diýip belledi. 

Ol sözüni dowam etdi: Ymam Homeýni asylly aýallardan "saýlanan aýallaryň ýoluny saýlamagy we dowam etdirmegi we yslamyň iň ýokary maksatlaryna ýetmegi" haýyş edýär. Hezreti Zahrany zenanlaryň ähli mertebesiniň we şahsyýetiniň, ylahy görnüşler, ruhyýet, ýolbaşçylygy we başgalary özünde görelde hökmünde görýär.

Rasuli Ymam Homeýniniň wesýetleriniň biriniň Yslam hemişe erkek we aýal maşgalanyň deň derejede ösmegini isleýänligini belläp, şeýle diýdi:

Yslam diňe bir aýal-gyzlary jemgyýetçilik sahnasyndan çykarmak bilen çäklenmän, olary jemgyýetde ýokary adam ornunda goýýar. "Aýal öz ykbalyna goşulmaly" diýip hasaplaýardy we Aýallaryň jemgyýetçilik işlerine we syýasata goşulmalydygyny nygtaýardy. Ymam "eger zenanlar perzentleri dogry terbiýelemeseler, milletler şowsuzlyga uçrajagyna we pese gaçjagyna" ynanýardy. Ymam aýallaryň ene we aýal hökmünde maşgaladaky ornuna baha bermek we olardan nusga almak bermek bilen, medeni, ykdysady we harby ugurlarda zähmet çekýän we erkekler bilen bilelikde işleýän ýa-da Yslam ýoly we Gurhanyň maksatlary bilen meşgullanýan aýallara buýsanýardy.

Ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sözüniň soňunda Eýran we Türkmenistanyň maşgalanyň we aýallaryň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet berýändigini belläp, sözüni dowam etdi: Ymam Raheliň nukdaýnazaryndan maşgala adam terbiýesiniň ilkinji we iň möhüm ýeri we jemgyýetiň esasy sütünidir. Jemgyýetdäki aýallar Gudratygüýçli Taňrynyň ähli ynsanlar üçin deň derejede göz öňünde tutan bilimlerine we ruhy we ahlak kämilliklerine ýetip bilseler, çagalaryň bilim almagy we terbiýesi has gowy bolar we maşgala gurşawy has ýyly,  päkize we jemgyýet has – da  öser. Ymam Homeýni "enäniň gujagy çaganyň ulalýan iň uly mekdebidir" -diýip belleýärdi.

Ýatlama güni, wideoşekil görkezmek, pars dili öwrenijileriň Ymam Rahel barada goşgy makala okamaklary we hemmelere hödür edilmek bilen tamamlandy.

Şuny bellemek zerurdur, Medeniýet merkezinde Ymam Homeýniniň suratlarynyň we eserleriniň sergisi guraldy we çärä gatnaşanlar oňa baryp gördüler.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: