Türkmen halkynyň milli liderine Magtymguly Pyragynyň 2 jiltlik diwanynyň sowgat edilenligi üçin minnetdarlyk
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda geçirilen maslahatda Beýik ruhy ýolbaşça sag bolsun aýdyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda geçirilen maslahatda Beýik ruhy ýolbaşça sag bolsun aýdyldy.
Sişenbe güni 20-nji iýunda (30 hordad) Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Ýolbaşçysy Aýatullah Hameneýi tarapyndan türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowa Magtymguly Pyragynyň goşgylarynyň 2 jiltlik diwanyny sowgat edenligi üçin hoşallyk maslahaty geçirildi. Masahatda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýolbaşçysy Allaberdi Aşyrow maslahata gatnaşyjylara hoş geldiňiz diýip, türkmen halkynyň milli liderine Beýik ruhy ýolbaşçy tarapyndan berilen sowgadyň gatnaşyklaryň pugtalanýanlygynyň nyşany diýip belledi.
Ol çykyşynda iki ýurduň taryhy köklerine we hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly gatnaşyklara esaslanýan strategiki hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösýändigini we Eýran bilen Türkmenistanyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň netijelidigini belläp geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Eýranyň Beýik Ruhy Ýolbaşçysynyň Gurbanguly Berdimuhammedowa beren gymmatly sowgadyndan hoşaldygyny aýdyp sözüni dowam etdi: Bu gymmatly sowgat, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy, edebi we medeni umumylygy görkezýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň iki jiltlik diwany, Türkmen halkynyň milli lideri we Halk maslahatynyň başlygyna iýun aýynda Eýrana bolan saparynyň dowamynda sowgat berildi.
Arbab Hales çykyşyny dowam etdirdi we Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy bilen Beýik Ruhy ýolbaşça minnetdarlyk dabarasynyň gurnalandygy üçin sagbolsun aýtdy. Soňra syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine ünsi çekdi we bu gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesini Türkmen halkynyň milli lideriniň Eýran Yslam Respublikasyna eden sapary aýdyň görkezýär diýip belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi käbir resminamalara we ylalaşyklara gol çekilendigini aýdyp, olaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi. Soňra, dabarada Magtymguly Pyragynyň iki jiltden ybarat Diwany ilçiniň üsti bilen Beýik Ruhy ýolbaşçynyň adyndan sowgat berildi.
Lingwistika ylymlarynyň kandidaty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň başlygy Dawut Orazsähedow minnetdarlyk dabarasyny geçirmekden hoşaldygyny belläp, şeýle diýdi: Mugallymlar we Ylmy işgärler Türkmenistanyň medeniýetiniň we edebiýatynyň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Magtymgulynyň özi hem beýik ussatlaryň adyny olaryň eserlerinden ylham aldym diýip, agzap geçýär.
Soňra Magtymgulynyň 300 ýyllygy we Türkmenistan döwletinde bu dabarany has-da ýokary derejede bellemek üçin ýerine ýetirýän işleri barada durup geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýazan birnäçe kitaplary barada belläp geçdi.
Soňra bolsa, ýurdumyzyň Medeniýet Merkeziniň Türkmenistanda üç onýyllygyň dowamynda dürli ugurlarda alyp barýan işleri barada we geçirýän çäreleri barada aýtdy.
Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi, ähli ugurlarda, esasanam medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Medeniýet Merkeziniň alyp barýan işlerine salgylanyp, türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň weTürkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygy we hemaýaty bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyk has-da berkidiler diýip umyt bildirdi.
Taryh ylymlarynyň kandidaty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly işgäri Orazpolat Ekäýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çekdi we şeýle diýdi: “Eýran Yslam Respublikasy ilkinji ýurtlaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny goldady we bu iki ýurduň taryhy we medeni taryhyndan nyşandyr.
Ol sözüniň dowamynda şeýle diýdi: Magtymguly ýaly mert we akyldar adamlar birnäçe ýyldan bir gezek dünýä inýärler. Ol halkyň gam – gussasyny we şatlygyny deň paýlaşypdyr we olar üçin ýol görkeziji bolupdyr. Türkmen halky Magtymgulyny şygryýet äleminiň ussady hasaplaýarlar we öz işlerinde hem onuň goşgularyna ýüzlenýärler.
Ekäýew sözüni dowam edip, şeýle diýdi: Magtymguly Pyragy, eýran şahyrlarynyň eserlerini köp okaýardy we olaryň täsiri astyndady, muny "Sag Bolsaň" goşgusynda görüp bolýar. Mundan başga-da, Magtymgulynyň Nowruz baradaky goşgulary biziň üçin buýsanç döredýär, sebäbi Nowruz dünýä medeniýetiniň bir bölegidir.
Maslahatyň dowamynda şeýle-de Lingwistika ylymlarynyň kandidaty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ýolbaşçysy Baýrammyrat Taganow, Taryh ylymlarynyň kandidaty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Kakajan Janbekow, Lingwistika ylymlarynyň kandidaty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Güljemal Gummanowa we şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Alma Süleýmanly Magtymgulynyň döredijiligi we aýratynlyklary we şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk görülýän çäreler barada aýtdylar.
Dabaranyň soňunda Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ilçi we medeniýet meseleleri boýunça geňeşçiden interwýu aldylar.
Filmler.