• Apr 30 2024 - 14:08
  • 54
  • Okamak üçin wagt : 7 minute(s)

Saada bagyşlanan çäre Döwletmämmet Azady adyndaky ýokary okuw jaýynda geçirildi

Aşgabatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary we mugallymlarynyň gatnaşmagynda, Saadyny ýatlama, pars prozasynyň güni we Türkmençe – Parsça gepleşik sözlügi atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy bu ýokary okuw jaýynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Aşgabatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary we mugallymlarynyň gatnaşmagynda, Saadyny ýatlama, pars prozasynyň güni we Türkmençe – Parsça gepleşik sözlügi atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy bu ýokary okuw jaýynyň mejlisler zalynda geçirildi.

20-nji aprelda geçirilen bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň rektory Çaryýew Maksat Begenjowiç, mugallymlar, Medeniýet merkeziň pars dili öwrenijileri gatnaşdylar.  Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň rektory Çaryýew Maksat Begenjowiç hemmele hoş geldiňiz diýip, bu ýokary okuw jaýynda pars dili hünäriniň 1990-njy ýylda açylandygyna ünsi çekdi we onuň mugallymlary terjimeçileri taýýarlamakda uly orun eýeländigini belläp geçdi.

Ol sözüni dowam edip, Eýranyň ilçisine we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisine sag bolsun aýdyp şeýle diýdi: Akyldar şahyrlary ýatlama çärleri eýranly doganlarymyz bilen bilelikde geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şu gün söz ussady Saady Şiraza bagyşlanan çäräni bilelikde geçirýäris. Saady Şirazynyň goşgularynyň esasy mowzugy adalatlylyk we abadançylykdyr. Şonuň üçin asyrlardan hem soň Saadi Şiraziniň pikirleri Magtymguly Pyraga we Döwletmämmet Azada täsir etdi, şonuň üçin bu ikisi Saadini öz mugallymy hasaplap, poeziýa we proza pudagynda onuň derejesine ýetmekligi isleýärdiler.

  Çaryýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyna ünsi çekip sşzüni dowam etdi: Saady, Hafyz, Magtymguly Pyragy we Döwletmämmet Azady Parshatçylyk, asudalyk we ynsanperwerligiň çäksiz ummanynyň söz ussatlarydyr.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani , Saadyny “Söz ussady” ýa-da “Afsah al-Motakallamin” hökmünde ýatlap, şeýle diýdi:  Saadynyň iň möhüm aýratynlyklarynyň birinden, ýagny onuň iň ýokary ahlak we ynsanlyk düşünjelerini, şol bir wagtyň özünde hem nepis, hem ähli okyjylar üçin düşnükli bolar ýaly şeýlekin ussatlarça bir usulda şygyra we kyssa geçirmeginden gelip çykýar. Onsoň bu şygyr beýtleriniň düzüleninden bäri ýedi ýüz ýyl geçip barýan-da bolsa, eserleri şu günki nesiller üçin hem öňküsi ýaly manyly we düşnükli. Saadynyň şygyrynyň öňküsi ýaly janly bolmagy we asyrlar geçse-de öňküsi ýaly özüniň täsirliligini saklap galmagy hem hut şu sebäplidir.

Ol sözüni dowam edip onuň aýratyn orny barada aýtdy: Saadyny edebiýatçydan we şahyrdan başga-da, ahlagyň, etikanyň mugallymy we halypasy hökmünde hem  ýatlaýarlar. Bu Eýran edebiýatçysynyň ýanynda ahlaklylyk bilen päkize ömür sürmegiň nähili orun eýeländigine göz ýetirmegiňiz üçin “Bostan” eseriniň baplarynyň atlandyrylyşyna nazar aýlamak ýeterlikdir. Bilişiňiz ýaly “Bostan” eseriniň baplary şulardan ybarat: “Adalatlylyk we eserdeňlik”, “Ýagşylyk etmek”, “Yşk we höwes”, “Pespällik”, “Alla ryzasy”, “Kanagat”, “Terbiýe”, “Şükür edijilik”, “Toba we sogabyň ýoly” we “Perwerdigäre mynajat”. Saady öz “Gülistan” eserinde hem etikany şygyrlarynyň baş şygary edip goýýar we kä wagt kanagatyň we ynsanperwerligiň artykmaçlyklaryndan söz açsa, kä wagt söz sözlemegiň edeplerini sanap geçýär, kä wagt bolsa ýaňralyk, açgözlük we ulumsylyk ýaly hereketleri ýazgarýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda Geljekde iki ýurduň medeni hyzmatdaşlyklarynyň, ylaýta-da Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlygynyň dowam etmegine we mümkingadar uly ösüşine şaýat bolmaklyga umyt edýäris diýip, şeýle diýdi: Saadynyň parahatçylyga garaýşyndaky üns berip boljak mowzuk şudur, ýagny onuň pikiriçe parahatçylyk diňe bir syýasat we häkimiýet nukdaý nazaryndan däl, eýsem ynsany we dini nukdaý nazardan hem ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, onuň özi adamzadyň her birini “bir-biegiň beden agzalarydyr” we “ýaradylyşda bir göwherden gelip çykandyr” diýip hasap edýär, hemişe ynsanperwerlik we adamlaryň, ylaýta-da ejizleriň hal-ýagdaýyna esewan bolmak barada nygtaýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Saadyny ýatlama, pars prozasynyň güni we Türkmençe – Parsça gepleşik sözlügi atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilýänliginiň hoşallygyny beýan edip sözüni dowam etdi:  Her bir halkyň edebiýaty onuň durmuşyny, gam – gussasyny we arzuw amallaryny beýan edýär we Saadynyň eserleri bu ugurda Eýranyň we Bütin dünýä ýüzüniň iň gowy eserlerindendir.  Saadi ýaly akyldar Bütin dünýäniň aňynda, dilinde we medeniýetinde aýratyn orny eýeleýär. Saadi Şirazy edebiýat mekdebini esaslandyryjy we eserleri adamzadyň iň esasy ynançlaryny we pikirlerini görkezýär. Saadiniň eserleriniň şöhratynyň we saklanyp galmagynyň syry, döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeni gymmatlyklara täze many berdi, häzirem 700 ýyldan gowrak wagt geçensoň, olarda adam isleglerini tapýarys we olary häzirki zaman adamlaryň ýaşaýyş durmuşyna we zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmaga synanyşýarys.

Ol sözüni dowam edip, 1965 den gowrak "Saadiniň eserlerinden" nakyl we atalar sözi adamlaryň arasynda giňden ýaýrandygyna we onuň  ýygyndylarynyň 1131 golýazma bilen Saadiniň eserleri Eýranyň pars dilindäki golýazmalarynyň başynda durýar we elbetde bu statistika ýagny bu maglumata Eýranyň we dünýäniň kitaphanalaryndaky, muzeýlerindäki we hususy ýygyndylaryndaky golýazmalar hem goşulmalydygyna ünsi çekdi: Golestan 1636-njy ýylda neşir edilen ilkinji pars edebi kitabydyr. Fransuz dilinde "Andre  Dýu Re" tarapyndan terjime edilýär we çap edilýär we şondan soň dünýäniň beýik akyldarlary Saadiniň pikirine we garaýyşlaryna goşulýarlar; Puşkin, Gýote, Balzak, Wolter we Wiktor Gýugo ýaly beýik adamlar diňe bir eserlerinden ylham alman, eýsem ony öz eserlerinde wasp edipdirler. Bu täsir we ylham şeýle bir derejä ýetipdir welin, XVII asyrda Fransiýanyň liderlerinden biri agtygyna Saadi adyny dakdy we ol "Saadi Karno" ady bilen Fransiýanyň hökümdary boldy. Pars dilini we edebiýatyny özleşdiren beýik türkmen şahyry Magtymguly Saadi ýaly şahyrlardan ylham alypdyr, Saadi hakda gürläninde onuň hemişelik eserini "Bostany" ýatlaýar we bu kitaby okandygyny we düşünendigini nygtaýar. Saadi diňleýjilerine aç-açan öwüt berýän we adamy maslahata mätäç hasaplamaýan şahyrlaryň biridir, bu aýratynlygy hem Magtymgulynyň goşgularynyň hemmesinde diýen ýaly görmek bolýar.

Rasuli sözüniň soňunda, "Saadiniň eserleri" ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawynda we Bütindünýä resminamalaşdyrylan miras sanawynda hasaba alyndy diýip belläp, bu ýokary okuw jaýynda pars dili we edebiýaty fakultetiň barlygyny göz öňüne tutup, Eýranyň hem ýokary okuw jaýlary bilen bilelikde bu ýerde pars dili öwredilişini hasda ösdürip bileris diýip umyt edýärin, diýdi.

Çäräniň dowamynda Saadiniň gazallary, makala, hekaýatlary, talyplar we Medeniýet merkeziň pars dili öwrenijileri tarapyndan okaldy. Mundan başga-da çäräniň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapynda çap edilen «Türkmençe – parsça gepleşik sözlügi» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyş edenlere we ýokary okuw jaýynyň mugallymlaryna dabaranyň ahyrynda guramaçylaryň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.Çärä gatnaşan myhmanlara iki ýurduň süýjilikleri hödür edildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: