• Oct 2 2022 - 21:14
  • 397
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Pars edebiýaty we şygryýet güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň pars dili fakultetiniň gatnaşmagy bilen pars şygryýeti we edebiýaty güni we professor Şahriýaryň hormatyna, Aşgabat şäherinde uniwersitetiň mejlisler zalynda “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň pars dili fakultetiniň gatnaşmagy bilen pars şygryýeti we edebiýaty güni we professor Şahriýaryň hormatyna, Aşgabat şäherinde uniwersitetiň mejlisler zalynda “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

19-njy Sentýabrda (Şahriwär 28) duşenbe güni saglyk düzgünlerine laýyklykda we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň orunbasary Mahmud Sadeginiň, Medeniýet geňeşçisi Näwid Räsuliniň, ilçihananyň diplomatlarynyň, uniwersitetiň prorektorynyň, pars dili fakultetiniň mugallymlarynyň, talyplaynyň, Eýran Yslam Respublikasynyp Medeniýet Merkeziniň mugallymlarynyň we pars dili öwrenijileriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada

Annaýew Durdymyrat Babagulyýewiç uniwersitetiň prorektory gatnaşyjylara hoşgeldiňiz diýip şeýle diýdi: “ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň ýolbaşçylgynda  Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda has-da ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyna ser salanymyzda, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň 1992-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, 30 ýylyň dowamynda ykdysady, syýasy, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk has ösdürilip, işjeňleşdirilýär.”

Çykyşynyň barşynda iki ýurduň medeni umumylyklaryny aýdyp, şeýle diýdi: “Iki ýurtda Türkmenistanda we Eýranda dürli taryhy döwürlerde dürli hökümetleriň höküm sürendigini göz öňünde tutsak, bu medeni umumylyklara has gowy düşünip bileris.

Annaýew Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň pars dili fakultetiniň talyplarynyň goşgy okamaklygy we “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasynyň açylyşy baradaky düşündirişler bilen tamamlady.

Näwid Räsuli Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet işleri boýunça geňeşçisi Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna çäräni geçirmek boýunça eden ýardamlary üçin sagbolsuny aýdyp,

Pars şygryýeti we edebiýaty gününe we professor Şähriýary ýatlama gününe ünsi çekip, “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda şeýle diýdi: Şu gün, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň gatnaşmagynda , “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirýäris. Bu gün pars şygryýetiniň we edebiýatynyň güni we professor Şähriýary ýatlama güni we bu dabaralaryň utgaşmagy biýsandyryjydyr. Türkmen akyldarlarynyň köpüsi Şähriýaryň goşgulary bilen türk dilinde ýazylan "Haýdarbaba" ady bilen tanyş. Pars şygryýeti we edebiýaty gününiň Şähriýaryň ady bilen bagly bolmagynyň sebäbi ýylyň dowamyndaky dürli çärelerde Eýranyň klassiki şahyrlarynyň ýatlanmagy bilen baglydyr.

Ol öz çykyşynda türkmen halkynyň Pars şygryýeti we edebiýatyna  Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasynyň medeni umumylyklaryna bolan ünsüni belläp, şeýle diýdi: Pars dili we edebiýaty Eýranyň resmi dili hökmünde taryhyň dowamynda dürli halklaryň şol sanda türkmen halkynyň ünsüni özüne çekipdir. Bu ünsi, Magtumguly Pyragy, Misgin Gylyç we Nurmuhammet Andalyp ýaly türkmen şahyrlarynyň pars edebiýaty bilen tanyşlygynda we şz goşgularynda pars edebiýatynyň söz düzümlerini, mowzuklaryny, sözlerini we şekillerini ulanmagynda görmek bolýar. Şeýle hem, Pars şahyrlary we ýazyjylarynyň kitaplary we diwanlary bilen tanyşlykda Attar, Nizami, Möwlana, Hafyz, Saadi, Ferdowsi we ş.m. ýaly şahyrlaryň goşgulary we pikirleri türkmen şahyrlaryna täsir edipdir. Magtymguly goşgularynda Eýranyň beýik şahyrlarynyň käbir kitaplaryny we diwanlaryny agzap geçipdir.

Räsuli çykyşynyň dowamynda iki ýurduň, Eýranyň we Türkmenistanyň arasyndaky medeni umumylyklara we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň goňşuçylyk gatnaşyklaryna ünsi çekip aýtdy:  “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitabyň 2022-nji ýylda pars we türkmen dillerinde terjime edilmegi we neşir edilmegi Sekiz jiltden ybarat bolan merhum Mehdi Azär Ýäzdiniň çagalar we ýetginjekleriň ýazyjysy gowy çagalar üçin gowy ertekiler ýygyndysyndan saýlanan eserler bolup, onuň hekaýalary ahlak we ynanperwer häsiýetleri bilen bagly Kälile we Demne, Mesnewi Mänäwi, Saadiniň Bustan, Gülestan, Kuran hekaýalary we ş.m. iki ýurduň halkynyň medeni ýakynlygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň Türkmenistandaky medeni wekili, bu kitabyň neşir edilmegi Türkmenistanyň uniwersitetlerinde esasanam Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň pars dili fakultetiniň talyplarynyň, şeýle hem Medeniýet merkeziniň köp sanly pars öwrenijisiniň pars dilini güýçlendirer diýip belledi.

Näwid Räsuli çykyşynyň ahyrynda geljekde Medeniýet merkeziniň we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň arasynda edebiýat we pars dili ugrunda hyzmatdaşlyk has-da çuňlaşdyrylar diýip umyt edýärin diýip, belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň orunbasary Mahmud Sadegi, Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň iki ýurdunyň prezidentlerine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalary üçin sagbolsun aýdyp, şeýle diýdi: Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda has-da kuwwatly we durnukly, iki ýurduň ýolbaşçylary gatnaşyklary has-da ösdürmegi maksat edinýärler.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekip, şeýle diýdi: "Soňky ýyllarda medeniýet hepdelikler, Nowruzgah we ş.m. ýaly medeni çäreleriň iki ýurtda geçirilmegine şaýat bolduk, gynansak-da, Kowid 19 ýokanjynyň  ýaýramagy   sebäpli medeni çäreleri gurnamaklyk mümkin bolmady. Bagtymyza, bu keseliň täsirleriniň azalandygyny görýäris we ýakyn wagtda Türkmenistan bilen geçmişe garanyňda has köp medeni dabaralaryp şaýady bolarys diýip umyt edýäris.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Pars şygryýeti we edebiýaty, kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyňMedeniýet merkezi we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň tarapyndan geçirilmegine hoşallyk bildirip, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti we başga-da Türkmen ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk has-da çuňlaşdyrylar diýip umyt edýärin diýdi.

Dabaraly çäre  Pars şygryýeti we edebiýaty güni we professor Şahriýaryň hormatyna we “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitap barada Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan wideo şekilleriň görkezilişi,hanym Agaýewa Kümüş kitabyň terjimeçilerinden biri, hanym Jemal Muhammedowa kitabyň korrektorynyň çykyşlary, Şähriýaryň we başga klassiki şahyrlaryň goşgularyny okamak, “30 sany gadymy Pars ertekisi” atly kitapdan Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriň ertekileri aýdyp bermekligi, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Ýokarda ady agzalan dabaranyň soňynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň sowgatlar gowşuryldy we süýjilikleri hödür edildi .

Pars şygryýeti we edebiýaty güni we Şahriýaryň hatyralanmagy mynasybetli 16-njy sentýabrda (şähriwär 25) anna güni Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriň suratlarynyň we kalligrafiýa eserleriniň sergisi geçirildi we sergi bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: