Nawid Rasuli Nowruz baýramçylygynda belläp geçdi: Nowruz parahatçylygyň we adalatyň nyşanydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi ýörite dabaraly çäre geçirmek we “Häft Sin” saçagyny bezemek bilen Nowruzy baýramyny uly şatlyk – şowhun bilen belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi ýörite dabaraly çäre geçirmek we “Häft Sin” saçagyny bezemek bilen Nowruzy baýramyny uly şatlyk – şowhun bilen belledi.
Färwärdin aýynyň birine (21.03.2023ý.) sişenbe güni Medeniýet boýunça geňeşçiniň, ilçihananyň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň, türkmenleriň, şol sanda pars dili öwrenijileri we olaryň ene-atalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, Aşgabatda ýaşaýan eýranlylaryň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Gurhan Kerimden aýat okalandan soň, Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli myhmanlary Nowruz baýramy bilen gutlap, bu çäräni geçirmegiň esasy maksadynyň iki ýurduň umumy medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakdan ybaratdygyny belläp, şeýle diýdi: “Nowruz sözüň doly manysynda täze gün ýa-da Eýranlylaryň “Täze ýyly” diýmekdir we färwärdin aýynyň başynda bellenip geçilýän baýramçylyk. Nowruz, pars edebiýatynda Färwärdin baýramçylygy we Bahar baýramçylygy diýilip bellenýär.
Çykyşynda Nowruzy adalatyň we parahatçylygyň nyşany hasaplap, Nawid Rasuli sözüni dowam etdi: Omar Haýýam Nişapuri şahyr, alym, matematik öz “Nowruznama” kitabynda şeýle ýazýar: Kimde kim bu güni şatlyk – şowhun bilen geçirse indiki Nowruza çenli durmuşy şatlykly geçer. Eýranlylaryň dini we olaryň medeniýeti adalata esaslanýar. Nowruz hem adalatyň we parahatçylygyň nyşanydyr. Şol sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň baş assambleýasy milady ýyl hasabynyň 2010 ýylyň 23 fewralynda (esfänd aýynyň 4-i 1388 h.ş.ý) Nowruzy bütin ýer ýüzünde “Bütin dünýäde nowruz, medeniýet we parahatçylygyň halkara güni “ diýip yglan etdi we Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisi öz milli senenamalarynda 21 mart ýagny 1 färwärdin aýyny “Halkara Nowruz güni” diýip hasaba aldylar we onuň medeniýetiniň we däp - dessurlaryny bütin dünýä ýaýratmak ugrunda uly tagallalar etýärler.
Rasuli Nowruz adamyzat mirasynyň maddy däl mirasy we gadymy baýramçylyklaryň biri hökmünde bu umumy mirasy bar bolan 11 döwlet tarapyndan bellenilýär diýip sözüni dowam etdi: Nowruz milletleriň, garyndaşlaryň we dost - ýarlaryň arasynda dostlugy, parahatçylygy berkitmek bilen birlikde, milletleriň medeni alyş çalyşynda möhüm orny eýeleýär we birek - biregiň medeniýetini has içgin tanamaklygynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň Türkmenistandaky Medeniýet boýunça geşeşçisi Eýranda Nowruz baýramçylygyň belleniş däpleri barada şeýle diýdi: Nowruza – täze ýyla degişli Eýranda birnäçe däpler we baýramçylyklar bardyr. Ol “Çarşenbe suri” bilen başlanýar. Ýylyň soňky penşenbesinde ýakynda aýrylan wepat bolan hossarlarymyzyň jaýlanylan ýerine gidilýär. Nowruzyň ýene bir däpleriniň biri “Hane tekani” ýagny öý arassalamakdyr. Baýramçylyk agşamynda balyk we säbzi palow taýýarlanýar. Eýran da bu baýramçylykda “Häft sin” saçagy ýagny bu saçakda goýulýan 7 sany her bir zadyň öz manysy bolan sin harp bilen başlanýan zatlar goýulýar olar: sir – sarymsak, säbze – gök maýsa, senjed- igde, serke- sirke, sämänu – semeni, somag – sumak. Özüňden ulularyn öýüne gidip didarlaşmak we sowgatlar bermek hem Nowruzyň däplerinden biridir. “Sizdeh bedär” ýagny täze ýylyň 13-nji güni Eýran senenamasynda “tebigatyň güni” diýlip atlandyrylýar we ol gün adamlar tebigatda dynç alýarlar we şonuň bilen Nowruz baýramyny belläp geçýärler. Bu hem tebigata hormat goýmaklygy we ýeriň bereket baýramyny bellenilmegini aňlatýar.
Rasuli Türkmenistanyň we Eýranyň taryhy, edebiýaty we medeniýet örän meňzeş diýip sözüni dowam etdi: Bu 2 döwletiň birnäçe medeni umumylyklary bar. Olaryň biri Nowruz baýramçylygydyr. Türkmen ata – babalary hem gadymy döwürlerden Nowruz baýramçylygy berekediň, döwletiň we parahatçylygyň baýramy hökmünde belläpdirler. Türkmenler hem Nowruzda birnäçe tagamlary bişirýärler, olaryň naýbaşysy hem semenidir. Ondan başga palow, Nowruz köjesi, ýarma, çapady, pişme, çekdirme we başgalar bişirilýär. Şeýlede olar öz saçaklaryny gök maýsalar we semeni bilen bezeýärler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet boýunça geňeşçisi 2 döwletiň halkyna jan –saglyk, bagt arzuw edip: “Täze ýylda serhetleriň açylmagy bilen, Eýran we Türkmenistan 2 dost - dogan döwletiň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy hasda berkäp, 2 döwletde umumy medeni çärelere ýygy – ýygydan geçiriler diyip umyt edýäris” diýip sözüni jemledi.
Bu dabaraly çäräniň dowamynda birnäçe medeni – sungat çykyşlar ýerine ýetirildi, klip görkezildi, pars dili öwrenijileri tarapyndan sahnalaşdyrylan oýun oýnaldy, Nowruz barada goşgylar okaldy, gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy we dabaranyň soňunda hemmelere agşamlyk nahary we süýjülikler hödür – kerem edildi.
Şuny belläp geçmek zerurdyr, Medeniýet merkeziniň Pars dili öwrenijileri hem Türkmen naz – nygmatlaryndan, süýjiliklerinden ybarat bolan saçagy gurnap, çäräniň dabarasyny has-da goşalandyrdylar.
Halkara Nowruz baýramy – 21 – nji mart 2023 ýyl
Filmler.