• Jan 29 2022 - 08:51
  • 1371
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Muhammet pygamberiň gyzy Hezreti Patmanyň doglan güni mynasybetli Aşgabatda "Ene - mähir-muhabbetiň hazynasy" atly dabara geçirildi

"Ene -  mähir-muhabbetiň hazynasy"  diýlip atlandyrylan bu dabara zenanlar we eneler gününe bagyşlanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde geçirildi.

Bu baýramçylyk  medeniýet merkezi  tarapyndan Yslam dininiň Pygamberi, Hezreti Muhammet Pygamberimiziň (s.a.w) gyzy Hezreti Bibi Patmanyň doglan güni mynasybetli gurnalyp, 2022-nji ýylyň 21-nji  ýanwarynda geçirildi.

Bu dabara  köp sanly türkmen myhmanlar  we Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar  gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Gurhandan aýatlar okaldy, şondan soň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  jenap Golamabbas Arbab Hales gutlag sözi bilen çykyş etdi. Dabara gatnaşan aýal-gyzlary mähirli gutlap, ol şeýle  diýdi: “Musulmanlaryň hemmesi Pygamberiň (s.a.w) maşgalasyna aýratyn hormat goýýarlar. Eýran Yslam Respublikasynda bu gün aýal-gyzlary we eneleri hormatlamak güni diýip atlandyrylýar”.

Jenap Arbab Hales, aýallaryň we eneleriň ynsany barlyga getirmekdäki  ýokary ornuny belläp geçmek bilen, her bir güne  enäniň güni diýsek-de, munuň ýeterlik däldigini aýtdy.

Eýran bilen Türkmenisanyň iki goňşy ýurt bolmagyndan başga umumylyklaryň bir bölegi ikisiniň-de musulman  ýurt bolmagydyr. Iki ýurduň arasyndaky  umumylyklaryň ýene biri bolsa, aýal-gyzlara we enelere sarpa goýmak - diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň üstüni ýetirdi: “Şu  günki gün zenanlaryň  Türkmenistanyň hökümetinde iň ýokary wezipeleri eýeleýändiklerine şaýat bolýarys. Türkmenistanda  Mejlisiň başlygy we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasary ýaly  ýokary döwlet wezipelerini  aýallar ýerine ýetirýärler. Eýran Yslam Respublikasynda hem  köp zenanlar  medeni, syýasy we   ykdysady ugurlarda dürli ýokary jogapkärçilikli  wezipelerde işleýärler. Bu möhüm ýagdaý zenanyň, enäniň maşgalany dolandyrmak bilen bir wagtda ýokary jogapkärçilikli wezipäni eýeläp biljekdigini görkezýär”.

Jenap Golamabbas Arbab Hales çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýazan "Enä tagzym – mukaddeslige tagzym" atly kitabyndan ajaýyp setirleri getirip, enäniň ýokary derejesini ýene-de bir gezek nygtamak bilen, ene hakyndaky pähimli pikirler bilen baglanyşykly bäsleşik  geçirdi.

Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap  Nawid Rasuli, dabara gatnaşyjylary bu mübärek baýramçylyk bilen gutlap, Muhammet Pygamberimiziň (s.a.w) gyzy Bibi Patmanyň doglan  gününiň  Eneler güni diýip atlandyrylmagy barada düşündiriş berip, şeýle diýdi: "Muhammet Pygamberimiz (s.a.w) oňa "Umm Abiha" diýip at berdi, ýagny bu lakam  kakasyna ene ýaly bolýan, ýagny öz  kakasyna  edil öz çagasyna seredişi ýaly seredýän   bir  zenany aňladýar.  Ol zenan, ýagny Bibi Patma Pygamberiň (s.a.w) maşgala buýsanjy we dünýädäki ähli zenanlaryň baýdagydy”.

Jenap  Nawid Rasuli  sözüni dowam etdirdi: "Eneler jennetiň gülleridir, olar diňe dilde we edebiýatda däl, eýsem sözüň hakyky manysynda  öz borçlaryny ýerine ýetirýärler. Eneler dünýäde iň möhüm orny eýeleýärler we islendik ýurduň geljekki nesillerini terbiýelemekde olaryň möhüm we uly ornyny  ünsden düşürip bolmaz”.

Enäniň görnükli ornunyň ähmiýetine ünsi çekip, ol şulary beýan etdi: "Enäniň belent ornunyň ähmiýeti barada Pygamberimiz (s.а.w) şeýle diýdi: "Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr" diýen  sözlerini mysal getirmek ýeterlikdir.  Mundan başga-da, köp şahyrlar we ýazyjylar eneleri ussatlyk bilen wasp edýärler.  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hem mähriban enelere bagyşlap çuňňur mazmunly ajaýyp kitaby ýazdy. Bu kitapda her bir maşgalada enäniň  bolmagynyň möhümdigi, her öý-ojagyň maşgala mukaddesligine goýýan hormatyndan başlaýandygy beýan edilýär. Bu mukaddeslige iki ýurduň halklarynyň medeniýetinde hem  çäksiz hormat goýulýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi çykyşynyň ahyrynda enäniň durmuşdaky orny barada şeýle diýdi: “Eýran we türkmen şahyrlary durmuş hakdaky  öz eserlerinde, durmuş üç ýörelgä  esaslanýar diýip aýtdylar: enäniň bakyşy, enäniň ýylgyryşy we enäniň dogasy".

Medeniýet geňeşçisinden soň Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň  mugallymy  hanym M. Akmyradowa söz berildi. Öz çykyşynda ol ähli eneleri  zenanlar güni munasybetli mähirli gutlap, şeýle diýdi: "Eneleriň adam durmuşynda aýratyn orny bar.  Enäniň näçe ýaşynda bolmagy möhüm däl, ene sözi hemmeler üçin gymmatly söz. Her bir ene çagasyna mähirli söýginiň we mähiriň çeşmesidir. Ene söýgüsi ýönekeý sözlerde beýan edip bolmaýan üýtgeşik duýgularyň biridir. Enäniň söýgüsi çaga dünýä inmänkä başlaýar. Hiç kim çagasyny ene ýaly söýüp bilmez. Ene, çagalarynyň islegleri we zerurlyklary üçin özüniň  isleglerini we zerurlyklaryny pida etmeli bolýar.  Eje diýmek - çagasyny janyny aýaman söýýän  zenandyr. Her bir ene, çagalarynyň bilimli, başarnykly we  mynasyp adam bolup ýetişmekleri üçin tagalla edýär. "Ene bolmak, aýalyň bütin ömründe başdan geçirip biljek iň kyn we iň gymmatly işidir".

Hanym Akmyradowa dowam etdi:  "Bitarap we garaşsyz Türkmenistanda enelere uly hormat goýulýar. Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow, lukman hökmünde enelere uly ähmiýet berýär, şonuň üçin biziň ýurdumyzda sagdyn nesli berkitmek üçin enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin saglyk merkezleriniň birnäçesini döretmegi buýurdy. Bu merkezlerde enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin köp tagalla edilýär, sebäbi her bir enäniň iň möhüm islegi çagasynyň saglygydyr.

Lukmançylyk uniwersitetiniň  mugallymy  çykyşynyň ahyrynda goňşy ýurt  bolan Eýranyň dili, medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary bilen Türkmenistanyň halkyny  tanyşdyrýandygy üçin medeni geňeşçä minnetdarlyk bildirdi we şeýle diýdi: “Lukman hem-de  uniwersitetiň  mugallymy hökmünde Eýranyň  saglygy goraýyş ulgamyndaky üstünlikleri  barada bilýärin we  Türkmenistan bilen Eýranyň  arasyndaky gatnaşyklar  ähli ugurlarda, esasanam saglygy goraýyşda dowam eder diýip umyt edýärin”.

Dabaraň dowamynda  ene hakda taýýarlanan  wideo klip görkezildi,  medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän  okuwçylar goşgy okadylar, sahna oýnuny görkezdiler,  aýdym aýtdylar, ejelerine ýazan ýürek arzuwlaryny okadylar. Soň bolsa  bäsleşik we beýleki çeperçilik programmalar geçirildi, dabaranyň ahyrynda ýeňijilere baýraklar  we sowgatlar gowşuryldy, tagamlar  hödürlendi.

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: