• Oct 18 2022 - 20:26
  • 181
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Medeniýet Merkezinde türkmen halkynyň “Eýranyň syýahatçylyk üçin gözel künjekleri” atly festiwalyny wasp etmekleri

“Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk üçin gözel künjekleri” atly festiwaly türkmen halkynyň wekilleriniň, pars dilini öwrenijileriň we olaryň ene – atalarynyň gatnaşmagy bilen dowam etdi.

“Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk üçin gözel künjekleri” atly festiwaly türkmen halkynyň wekilleriniň, pars dilini öwrenijileriň we olaryň ene – atalarynyň gatnaşmagy bilen dowam etdi.

“Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk üçin gözel künjekleri” atly festiwalynyň 2 – nji güni 8-nji oktýabrda türkmen halkynyň wekilleriniň, pars dilini öwrenijileriň we olaryň ene – atalarynyň gatnaşmagy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet Merkezinde Aşgabatda geçirildi. Näwid Räsuli ýurdumyzyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi myhmanlary garşylamak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň ikinji syýahatçylyk festiwalyny Medeniýet Merkezinde geçirilmegi Eýranyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin oňat pursat hasaplaýaryn diýip sözüni dowam etdi: Pars edebiýatyna we şahyrlaryň şygyryýetine sapary tapawutly dünýägaraýyş bilen görmek bolýar.

Syýahat elmydama tejribeleri öwrenmekden doly. Şol sebäpli köpümiz syýahat etmegi halaýarys. Dünýäniň bir sebitine syýahat etmegi saýlamagyň tapgyrlaryndan biri, bu sebiti tanamaklykdyr. Munuň üçin ýurtlar syýahatçylaryň doly tanyşmaklygy üçin syýahatçylyk merkezlerini, däp-dessurlaryny we medeniýetlerini görkezýärler. Medeniýet Merkezi hem, gadyrly diplomatlar we hormatly myhmanlar, Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin el işleriniň, syýahatçylyk ýerleriniň we ýadygärlik sowgatlarynyň sergisini gurnady.

Räsuli çykyşynyň dowamynda Syýahatçylyk festiwalynyň açylyşynda “Atageldi Öamyradowyň” gatnaşanlygyny belläp, sözüni dowam etdi:  Bu festiwalyň dowamynda surat sergileri, etniki eşikler, senetçilik önümleri, birnäçe  eýran ýadygärlik sowgatlary  görkezilýär we iýmit önümleri bilen tanyşdyrmak üçin  Eýranyň dürli syýahatçylyk aýratynlyklarynyň we gözel ýerleriniň diňe az bölegi hödürlener we bu festiwalyň has uly şöhraty üçin Eýranyň “Simorg” aýdym-saz topary ýurdumyzyň milli aýdym-sazy bilen çykyş etýärler. Eýranyň syýahatçylyk ýerleriniň wideo şekillerini görkezmek bu festiwalyň başga bir bölümlerinden biri boldy.

Soňra “Simorg” aýdym-saz topary çykyş etdiler we aýdym-sazlarynyň ýakymly sesi tomaşaçylaryň el çarpmagy bilen gyzgyn garşy alyndy. Hanym Färängiz Şadkamyň çeperçiligi bilen etniki toparlaryň elde dokalan eşikleriniň sergisine baryp görmek, Eýranyň syýahatçylyk ýerlerinden alnan suratlar we gatnaşyjylar tarapyndan öwgä mynasyp bolan Eýran süýjülikleri hödürlemek bilen dabaraly çäre tamamlandy.

  

   

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: