Medeniýet Merkezinde Eýrany tanamaklyk sapaklarynyň ýazky möwsümi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkezinde, dürli okuw kurslarynda “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklaryny gurnaýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkezinde, dürli okuw kurslarynda “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklaryny gurnaýar.
Pars dili öwrenijileriň ýaz möwsüminiň okuwynyň başlamagy bilen 25-nji martda “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary başlandy.
“Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary bilen gyzyklanýanlar, Eýran medeniýeti barada has köp bilmekden başga-da, pars diliniň derejesini ýokarlandyrmaga synanyşýan pars dili öwrenijileridir. Olary gyzyklandyrýan zat, tekstleriň terjimesi bilen bilelikde Medeniýet merkezi tarapyndan pars dili mugallymy hökmünde Eýranly mugalymyň sapak öwretmegidir.
“Iranşenasi” eýrany tanamaklyk synpynda 27 sany höwesjeň pars dili öwreniji, Medeniýet merkezinde goňşy we dost – dogan bolan Eýranyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşýar.
Şuny belläp geçmek zerurdyr, Eýran bilen Türkmenistanyň umumy medeniýeti we taryhy bar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň medeniýetiň we onuň goňşularyň arasyndaky gatnaşyklardaky ähmiýetine we türkmen höwesjeňlerini iki ýurduň umumy mirasy bilen mümkin boldugyça tanyşdyrmagyň zerurlygy göz öňünde tutulyp, “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary Medeniýet merkezi tarapyndan geçirilýär.