Maryda Ymam Ryza (a) bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
Ymam Ryza (a.s.) bagyşlanan medeni çäre syýasy, medeni we ylmy ugurlaryň görnükli wekilleriniň gatnaşmaklary bilen onuň gadymy Maryda ýagny Türkmenistanyň günortasynda ýaşap geçen ýerinde geçirildi.
Ymam Ryza (a.s.) bagyşlanan medeni çäre syýasy, medeni we ylmy ugurlaryň görnükli wekilleriniň gatnaşmaklary bilen onuň gadymy Maryda ýagny Türkmenistanyň günortasynda ýaşap geçen ýerinde geçirildi.
20-nji maýda Ymam Ryza (a.s.) bagyşlanan medeni çäre onuň gadymy Maryda ýaşap geçen ýerinde Medeniýet merkeziniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň Marydaky baş konsullygynyň hyzmatdaşlygynda şeýle hem Türkmenistan döwletiniň döredip beren mümkinçilikleri bilen Astane Godse Razawiniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Hojjat ul Yslam wal Muslimin Mustafa Esfendiýarynyň, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň, ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuliniň, Päkistanyň Türkmenistandaky ilçisi Ahsan Waganyň we birnäçe diplomatlaryň we olaryň maşgalalarynyň, Mary welaýatynyň medeniýet we syýasy edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Bu çäre ýurdumyzyň görnükli karysy Hamid Hoseýniniň Gurhandan aýat okamasy we ýörite salawat okalmasy, Mezhebe we dinlere hormat goýmak boýunça halkara gaznasynyň baş sekretary we ÝUNESKO-nyň Parahatçylyk we dostluk ilçisi Muhammet Mehdi Momenihanyň alyp baryjylygy bilen başlady.
Ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Aýatolla Ebrahim Raisini we Eýranyň halkyna, ýurduna hyzmat edýän beýleki birnäçe ýokary wezipeli adamyň dikuçar heläkçiliginiň betbagtçylykly hadysasyna salgylanyp, olaryň şehitlige ýetendigini belläp, şeýle diýdi: “Aýatolla Raisi ömrüniň dowamynda Ymam Ryzanyň (a.s.) mukaddes aramgähiniň wepaly hyzmatkärlerinden biri bolup, birnäçe ýyllap bu mukaddes ýere ideg etmek mertebesine eýe bolupdy. Düýnki waka, ol we ýanyndaky wekiliýet dünýädäki erkin musulmanlary gynandyrdy we köp ýurtlaryň liderleriniň, şol sanda dost ýurdumyz Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryny hem gynandyrdy.”
Çykyşyny dowam edip, Gudratygüýçli Alladan şehitleriň ruhlary üçin aýratyn merhemet we ylahy rehim-şepagat sorap, Ymam Reza bagyşlanan (a.s.) halkara konferensiýasyny guramaga gatnaşanlaryň hemmesine Türkmenistan döwletine we prezidentine minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde Ymam Ali Ibn Musa Al-Rezanyň (a.s.) ýaşan sebitiniň gadymy we siwilizasiýa merkezleriniň biri bolan taryhy Merw şäherinde geçirilen bu konferensiýa gatnaşanym üçin begenýärin.
Ruzbahani sözüni dowam edip Merw şäheriniň ähmiýeti barada şeýle diýdi: Köpsanly subutnamalaryň tassyklamagyna görä, Merw şäheri Nişapur, Balh, Hyrat, Samarkand ýaly başga şäherler bilen birlikde taryhyň dowamynda ähmiýete eýe bolupdyr. Bu ähmiýetiň esasy bölegi hem Merw şäheriniň gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ýerde ýerleşmegi we onda Yslam döwrüniň uly kitaphanalarynyň bolandygy sebäplidir. Şeýle-de bolsa, Ymam Ryza (a.s.) 201-nji hijri kamary ýylynda bu şähere gelen döwründen başlap, Merw şäheri yslam taryhynda öňkiden hem uly ähmiýete eýe bolupdyr we ol hezretiň yzyna eýerenleriň, onuň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekipdir. Belki-de, Merwiň yslam dünýäsindäki ähmiýetiniň saýasynda, şeýle-hem Ymam Ryza (a.s.) bu şäherde bolmagynyň berekedi bilen, bu döwürde bolup geçen iň möhüm özgerişlikleriň biri hňkmünde Yslam dininiň we oňa eýerenleriň hak ýoldadyklary baradaky bilimleriň mňhüm bňleginiň Ol hezret tarapyndan beýan edilen ýygnanşyklary bolan uly dinleriň arasyndaky dialog mejlislerini geçirilmegine ünsi çekmek bolar. Ol hezretiň durmuşy baradaky hadyslaryň mňhüm bňlegi – de onuň Medine şäherinden Merwe tarap ýolagçylygy döwrüne, ýa – da Merw şäherinde ýaşan döwrüne degişlidir.
Ol sözüni Ymam Ryza (a.s.) Merwde ýaşan iki ýyly we Eýranyň taryhy binalary gorap saklamak we dikeltmeklige taýýarlygyny yglan etmek bilen dowam etdi: Ymam Ryza (a.s.) Merwde ýaşan 2 ýylynyň Yslam taryhynyň mňhüm döwürleriniň hataryna girýänligi sebäpli we onuň Merwde bolmagynyň köp tarapyny doly anyklanylmanlygy sebäpli, iki ýurduň ylmy işgärlerine şuňa degili bar bolan taryhy resminamalara üns bermek bilen, bu döwür has aýdyň ýüze çykar ýaly köpräk ylmy – barlag işlerini geçirmekligi teklip edýärin. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan bilen taryhy ýadygärlikleri goramak we dikeltmek, şeýle hem arheologiki gazuw-agtaryş işleri, ikitaraplaýyn ýa-da Tähranda ýerleşýän ÝUNESKO guramasynyň sebit bölümi bilen hyzmatdaşlykda tejribe alyşmaga taýynlygy mälim edýär.
Ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi Eýranyň we Türkmenistanyň medeni umumylygy bolan Magtymguly Pyragynyň Ymam Ryza barada ýazan “bagyşla bizni” goşgusyndan okap, sözüni tamamlady.
Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň ýolbaşçysy Öwez Gylyjow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň wepat bolanlygy sebäpli öz gynanjyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly bu ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekdir diýip, sözüni dowam etdi: Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň 32 ýylynyň içinde ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň uly tejribesi toplandy. Iki döwlet kňptaraplaýyn diplomatiýanyň formatynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen – eýran gatnaşyklaryny görkezmek bolar.
Ol soňra bilelikde geçirilen medeni çäreleri ýagny, amaly – haşam sungatynyň sergisi, mozaýka sungaty boýunça ussatlyk sapagy, Ymam Ryza (a.s.) bagyşlanan maslahat we ş.m. agzap, bu çäreleriň taryhy we medeni umumylyklarymyzdygyny, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny birek – biregi has-da gowy tanamaklyga sebäp bolýanyny we dostlugy berketýänligini belläp, sözüni tamamlady.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Toýly Muhyýew bolup geçen pajygaly waka gynanç bildirip, Ymam Ryzanyň (a.s.) aýratynlyklary barada belläp geçdi: Şu gün bu mukaddes we taryhy toprakda arassa ahlagy, göreldeli takwalygy we ylmy döredijiligi bilen adamlarda ýatdan çykmajak täsir galdyran ajaýyp şahsyýet Ymam Ryzany (a.s.) ýatlamaga bagyşlanan maslahat geçirilýär.
Ol sözüni dowam edip Ymam Ryzanyň (a.s.) durmuşy barada hem belläp geçdi: Käbir rowaýatlarda bu Hezretiň Merwe , Neýşabura barýan ýolunyň ugrunda "Aýn Kahlan" atly suwsyz çeşmä gelendigi we berekedi bilen şol çeşmäniň suwunyň köpelendigi aýdylýar. Şondan soň bu ýer mukaddes hasaplanyp, zyýarat edilýän ýere öwrüldi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri sözüniň soňunda Ymam Ryzanyň (a.s.) Mamun tarapyndan awy berip öldürilip, şehit bolanlygyna salgylanyp, şeýle diýdi: Pygamberimiziň (saw) arassa ahlagynyň nusgasy bolan Ymam Ryzanyň (a.s.) mübärek mazary kem-kemden Maşat şäheri diýlip atlandyrylýan musulmanlaryň mukaddes ýerleriniň birine öwrüldi. Maşat ilkinji gezek X asyrda "Mogäddesiniň" eserinde agzalyp geçilýär: Bu şäherde ýaşaýyş jaýlaryndan we bazardan ybarat bir gala bardy. Ymam Ryzanyň (a.s.) mazarynyň çäginde Horasan sebitiniň iň owadan metjidi bolan Omid al-Dawlah Faýeg tarapyndan gurulan uly metjit bar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Hydyr Geldiýew özüniň “Magtymgulynyň döredijiliginde Ymam Ryzanyň orny” atly çykyşynda şeýle diýdi:
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň kemala gelmeginde dürli taryhy döwürlerde ýaşap geçen Gündogaryň meşhur şahsyýetleriniň orny örän uly bolup, şeýle beýik şahsyýetleriň biri-de Ymam Ryzadyr (a.s.). Türkmenleriň arasynda “Gyzyl Ymam” ady bilen tanalýan Ymam Ryza, Magtymguly Pyragynyň goşgularynda “Horasanyň ýüregi” we “Hemmäniň zyýarat edýän ýeri” diýilip agzalýar.
Ol sözüni dowam edip Ymam Ryzanyň (a.s.) türkmenleriň arasyndaky şan – şöhraty barada şeýle diýdi: Hezreti Ymam Ryzanyň ir döwürlerden başlap, halkymyzyň içinde giň meşhurlyga eýe bolup, tutuş il-ulusymyzyň oňa keramatly kişi hökmünde garamagynyň birnäçe obýektiw sebäpleri bardyr. Onuň birinji sebäbi, Ymam Ryzanyň 20 ýyllap ymamlyk eden we aramgähiniň Maşat şäherinde ýerleşmegi ýagny, taryhy-geografiki ýerleşişi bilen baglydyr. Ymam Ryzanyň (a.s.) şahsyýetiniň halk arasynda keramatly hasap edilmegi sekizinji ymamyň ömür ýoly we wagyzlary bilen baglanyşyklydyr. Köplere mälim bolşy ýaly, irki Orta Asyrlardan başlap Maşat şäheri sebitde iri söwda söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim merkezi bolupdyr. Onuň üstesine, türkmenler bilen eýranlaryň birnäçe asyrlaryň dowamynda bir döwletiň çäginde ýaşamaklygy şeýle gatnaşyklaryň has ýygjamlaşmagyna we berkemegine ýardam beripdir. Biziň günlerimize gelip ýeten käbir çeşmelerde Ymam Ryzanyň ömrüniň bir bölegini Merwde ýaşandygy we işländigi hakynda habar berilmegi, türkmenleriň bu keramatly şahsyýete agzeki halkyň wekili däl-de, özlerinden biri bolandygy hakyndaky düşünjeden ugur alandyklaryna şaýatlyk edýär.
Soňra ol Magtymguly PyragynyňYmam Ryza (a.s.) barada goşgusyny okap, sözüni soňlady.
Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Ahsan Wagen öz çykyşynda şeýle diýdi: Men Hezreti Muhammet (saw.) we onuň ähli beýtine uly hormat goýýaryn. Şol sebäpli hem uly höwes bilen Maryda geçirilýän Ymam Ryza (a.s.) bagyşlanan halkara maslahata çakylygy kabul etdim.
Ol sözüni dowam etdi: Bu gün hemmämiz üçin gynandyryjy gün. Sebäbi biz Eýranyň prezidentini we daşary işler ministrini ýitirdik. Bu diňe bir Eýran üçin däl, eýsem Pakistan üçinem uly gynanç. Eýranyň hormatly prezidenti geçen aý Pakistana barypdy we şol saparda köp sanly resminama gol çekildi. Özümiň, Pakistanyň häkimiýetleriniň we halkynyň adyndan bu betbagtçylyk üçin Eýran halkyna gynanç bildirýärin we ýiten ýakynlarynyň ruhlarynyň şat bolmagyny arzuw edýärin. Şeýle hem; Ymam Ryzanyň (a.s.) ybadathanasyna gysga wagtda baryp bilerin diýip umyt edýärin.
Hojjat-ul-Islam wal-Muslimin, Astane Gods Razawiniň halkara bölüminiň orunbasary Mustafa Esfendiýari, Eýran Yslam Respublikasynyň Hormatly Prezidentiniň we ýurduň beýleki hadymlarynyň (gullukçylarynyň) şehit bolmagyna gynanç bildirdi. Ol bu maslahata gatnaşýan Ymam Raufyň tarapdarlaryna Hujjatul-Islam wal-Muslimin Marwariniň mähirli salamlaryny gowşurdy we Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna, beýleki guramaçylara minnetdarlyk bildirdi we şeýle diýdi: Bu halkara maslahat, bu sebitiň atmosferasyny asyrlar boýy hoşboý ysly Ymam Ryzanyň (a.s.) ýaşamagynyň hormatyna geçirilýär. Yslam Resulynyň päk oglunyň 2 ýyl ýaşan şertlerinde asyrlarboýy ýaşap geçen asylly ata-babalarymyzyň mirasdüşeridigiňize men göriplik edýärin.
Allahyň Resulynyň (ahl-Baýt) arassa durmuşynyň kyýamat gününe çenli dowam edýändigine salgylanyp, şeýle diýdi:Ahle-Beýtyň pygamberleri, öwliýalary we ymamlary arassa ylahy ýolbaşçylar we monoteist we ylahy syýasatçylardyr. Gurhanyň aýatlarynyň kyýamat gününe çenli häzirki we täze bolşy ýaly, Taňrynyň Resulynyň Ahl-Baýtyň arassa durmuşy hem kyýamat gününe çenli täze we dowam etýän. Şonuň üçin Ymam Ryzanyň (a.s.) bu ýerde bolmagy we mübärek ömri wagt taýdan gysga bolsa-da, ýöne taryhyň dowamynda bize dostluk, hoşniýetlilik, parahatçylyk we ylahy siwilizasiýa habaryny getirendir.
Ol sözüni dowam etdi: Razawiniň siwilizasiýa göçgünliginiň iň möhüm mowzuklary birnäçe umumy ýörelgelerdir. 1- Syýasy-jemgyýetçilik ulgamyny gurmagyň esaslaryny çekmek we yslam jemgyýetinde ymam bilen ymmatyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; 2-Yslam jemgyýetinde rasionalizme we rasional durmuşa ünsi bermek; 3- Ylahy we yslam siwilizasiýasyna ýetmek üçin rasionalizmdäki päsgelçilikleri aýyrmak; Şonuň üçin Medineden Merw şäherine Ymam Ryzanyň (a.s.) gatnaşmagy bilen yslam we ylahy siwilizasiýanyň şaýady bolýarys. Siwilizasiýa we siwilizasiýalar elmydama rasionalizmiň we bilimiň iki esasynda amala aşyrylýar we Ymam Ryza (a.s.) doly rasionalizmiň we ylahy bilimleriň nusgasydyr.
Astane Gods Razawiniň halkara bölüminiň orunbasary Ymam Ryza (a.s.) bütin jahanyň ymamy, habarçysyy we wezipesi hem bütin dünýä üçinligine salgylanyp, şeýle diýdi: Pygamberleri, Taňrynyň Resulyny we Ahl-Baýt ymamlaryny özümiz üçin alyp bilmeris. Gurhanyň Pygambere aýdyşy ýaly, sizi dünýä rehimdarlyk hökmünde iberdik. Bu karar, Pygamberimiziň (saw) we Ymam Ryzanyň (a.s.) maşgalasyndan bolan Ahl-Baýtiň ymamlary üçin sadykdy (dogry). Iki mömin we dogan halkyň, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky üznüksiz baglanyşyk we bu maslahat onuň aýdyň subutnamasydyr. Zalymlara garşy söweşmek we ezilenleri goramak üçin buýsanýan ymamlaryň arasynda bolandygymyz üçin Hudaýa şükür edýäris. Bu gün siziň we meniň iň möhüm wezipelerimiziň biri ezilen palestinaly doganlarymyzy goramak we ýeňişleri üçin doga - dileg etmekdir.
Hojjat-ul-Islam wal-Muslimin Esfendiýari çykyşyny Türkmenistanyň welaýat häkimlikleriniň gatnaşmagynda zyýarat kerwenlerini guramak teklibini hödürlemek we mukaddes Maşadda ýokarda agzalan maslahata gatnaşyjylary kabul etmäge taýýardygyny mälim etmek bilen tamamlady.
Astane Gods Razawiden Tawaşih toparynyň çykyşy, soňra Razawi mukaddes ýeriniň mübärek baýdagynyň gelmegi maslahata ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Ymam Ryzany (a.s.) söýýänler bu mübärek baýdagy gözlerindäki ýaş bilen ogşadylar we Gudratygüýçli Alladan Razawiniň aramgähine zyýarat etmekligi we rehim - şepagat üçin dileg etdiler.