Jenap Aýatullah Mohsen Gomi: Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň medeniýeti özara - baglanyşyklydyr
Ymam Ryza (a) bagyşlanan medeni çäre syýasy, medeni we ylmy ugurlaryň görnükli wekilleriniň gatnaşmaklary bilen onuň gadymy Merwde ýagny Türkmenistanyň günortasynda ýaşap geçen ýerinde geçirildi.
Ymam Ryza (a) bagyşlanan medeni çäre syýasy, medeni we ylmy ugurlaryň görnükli wekilleriniň gatnaşmaklary bilen onuň gadymy Merwde ýagny Türkmenistanyň günortasynda ýaşap geçen ýerinde geçirildi.
7-nji iýunda çarşenbe güni Ymam Ryza (a) bagyşlanan medeni çäre onuň gadymy Merwde ýaşap geçen ýerinde Medeniýet merkeziniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň Marydaky baş konsullygynyň hyzmatdaşlygynda şeýle hem Türkmenistan döwletiniň döredip beren mümkinçilikleri bilen, Eýranyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Jenap Aýatullah Mohsen Gominiň, Eýranyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasarynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça baş müdiri Muhammet Ebrahim Zerafätiniň, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuliniň we birnäçe diplomatlaryň we maşgalalarynyň, Mary welaýatynyň medeniýet we syýasy edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň , taryh institutynyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda, ýurdumyzyň karysy Hamid Hosseýni tarapyndan Gurhan –Kerimden aýat we ýörite salawat okamak bilan başlandy.
Dabaraly çärede Golam Abbas Arbab Hales ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi, çykyşynda Ymam Ryza (a) bagyşlanan çäräni gurnaýjylaryň ählisine, hususan-da Türkmenistan döwletine we Hormatly Prezidentine çäksiz minnetdarlygyny bildirip, şeýle diýdi: Ymam Ryza (a) bagyşlanan çäräniň 16-njy gezek onuň Maryda ýaşaýan ýerinde, Eýranyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Jenap Aýatullah Mohsen Gominiň gatnaşmagy bilen geçirilýäniniň şaýady bolýarys we bu örän buýsandyryjy ýagdaý.
Çykyşynyň dowamynda, Ymam Ryzanyň (a) bagyşlanan çäräniň türkmen halkynyň milli lideriniň Gurbanguly Berdimuhammedowyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary bilen gabat gelendigine ünsi çekip, aýtdy:
Bu ýyl bu dabara geçen ýylkylara garanyňda has ýokary derejede geçiriler, sebäbi saparyň dowamynda türkmen halkynyň lideri bilen Beýik ruhy Lideriň duşuşygynda medeni hyzmatdaşlyga we onuň ösüşine köp üns berildi we iki ýurduň wekilleri medeni hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek üçin hiç-hili çägiň ýokdugyny aýtdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi çykyşynyň ahyrynda medeni umumylyklara ýüzlenip, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda giňişleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine täsiri barada belläp geçip, iki döwletiň, esasanam Medeniýet pudagyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň öňkülerinden has giňelmegine we ösmegine umyt bildirdi.
Mary welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Öwez Gylyjow öz çykyşynda iki ýurduň ýakyn taryhy umumylyklaryna ünsi çekdi: iki dostlukly we dogan ýurt, Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan ýüpek ýolynyň ugrunda ýerleşip, birnäçe ýyllyk hyzmatdaşlygy we ähli ugurlarda dostluk we garyndaşlyk gatnaşyklary bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň iki ýurdunyň ýolbaşçylarynyň tagallalary bilen bu gatnaşyklar öňküsinden has ösdi. Muny Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky wekilçilikleriniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeni wekilçiliginiň medeni we sungat çärelerini guramak baradaky tagallalarynda görmek bolýar. Ol öz sözüni Ymam Ryza (a) bagyşlanan Marydaky çäre we Ymamyň käbir aýratynlyklaryny beýän etmek bilen tamamlady.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýet we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Şasenem Amadowa özüniň “Maşat şäheriniň taryhy gelip çykyşy, Ymam Ryza (a.) kümmeti ajaýyp binagärlik ýadigärligidir” atly makalasynda şeýle diýip belläp geçýär: Sekizinji ymamyň dünýeden öten ýeri “Maşhad-al-Ryza” musulmanlaryň, esasan hem şaýylaryň köpçülikleýin zyýarat edýän ýerine öwrülip, biraz wagtdan soň bu ýerde şäher döräpdir. Tanymal geograf-alym Mukaddasy “maşhad” sözüni ilkinji bolup toponomik at hökmünde X asyrda ulanypdyr. Maşat şäheri giňäp, pajarlap ösüpdir. Ibn Batutta hem XIV asyrda “Maşhad- al-Ryza” şäheri barada ýazyp gidipdir.
Maşatdaky şol binägärlik eserleriniň içinde iň ähmiýetli we üns çekiji binägärlik eseri Ymam Ryzanyň guburhana kümmetini, ýagny “astan-e Gods-e Razawy” (“Ryzanyň mukaddes bosagasyny”) gurşap alýan ýadigärlikler toplumydyr. Ymam Ryzanyň guburhanasynyň bu binägärlik toplumy esasan XII asyrda, beýik seljuklaryň hem-de horezmşalarynyň hökümdarlygy döwründe gurlupdyr. Belli-belli bölekleri bolsa teýmirlileriň, sefewileriň we Nedir şa Awşaryň zamanasynda binýat edilipdir. Ymamyň guburhanasy arhitektura babatda örän ajaýyp bolan bu binägärlik toplumynyň merkezinde ýerleşýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Jeýhun Janbekow özüniň “Yslam dünýäsiniň beýik Ymamy - Aly IBN Musa Al-Ryza” atly makalasynda şeýle diýip belläp geçýär: Aly ibn Musa ar-Ryza - şaýylaryň sekizinji ymamy – Muhammet pygamberiň ýedinji nesli bolup, ol ajaýyp polemist, Gurhan, hadys we yslam kanunlary boýunça görnükli wekilleriň biri bolupdyr. Madelung Bagdatda güýçli abbasylar bilen gatnaşyk gurnap bilmedik weziriň we görnükli mirasdüşeriň duýdansyz ölüme Al-Mamunyň sebäp bolandygyny nygtaýar. Käbir Yslam alymlary Ymam Ryza (a) Mamunyň hyýany sebäpli dünýäden ötendigine ynanýarlar. Häzirki wagt, beýik alym, Ymam Ryzanyň (a) Maşatdaky gubury bütin yslam dünýäsi we hemme musulmanlar üçin mukaddes, keramatly zyýarat edilýän ýere öwrüldi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýet we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Tyllagözel Hojahanowa özüniň “ Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Ymam Ryza (a)” atly makalasynda şeýle diýýär: Magtymguly Pyragy özüniň dini ygtykatyna laýyklykda şygyrlarynda Muhammet alaýhyssalama we onuň neberelerine uly orun berýär. Şahyr goşgularynyň her bir setirinde Muhammet pygambere, onuň giýewsi Hezret Ala, agtyklary Hasan we Hüseýine hem-de on iki ymama uly hormat bilen ýüzlenýär. Şahyr özüniň “Bagyşla bizni” atly goşgusynda Hezret Alynyň taryhda yz galdyran nebereleriniň ählisini diýen ýaly ýatlap geçýär. Bu goşguda ymam Ryza we onuň kakasy Musa kazym ýatlanylýar. Görüşimiz ýaly akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň biziň günlerimize ýetip gelen golýazma mirasynda Ymam Ryzanyň şahsyýetine uly orun berlip, oňa keramatly, medet beriji ynsan höküminde çäksiz hormat goýlupdyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýet we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň ylmy işgäri Annajemal Esenowa öz çykyşynda Ymam Ryza (a) Gadymy Merwde ýaşan ýeri barada belläp geçdi: Gadymy Merwiň gymmatly ýadygärliklerini biri hem Ymam Ryzanyň ýaşan jaýy hasaplanýar. Biziň döwrümize gelip ýeten bu diwarlar halk arasynda Ymam Ryzanyň gadamgähi diýlip atlandyrylýar. Bu ýadygärlik orta asyrlarda abbasly halyf Mamunyň Merwde hökümdarlyk eden döwründe gurlupdyr. Ymam Ryza Merw şäherinde iki ýyl töweregi ýaşapdyr. Bu iki ýylda Ymam Ryzanyň bu öýi – gadamgähi alymlaryň jemlenýän merkezine, ylym-bilim öýüne öwrülip, bu ýerde ençeme şägirtler sowat alypdyrlar.
Eýranyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Jenap Aýatullah Mohsen Gomi ähli guramaçylara Ymam Ryza (a) bagyşlanan çäräni guramaklyk üçin eden tagallalary üçin sag bolsun aýdyp, ruhy gymmatlyk hökmünde geçirilen çäre barada şeýle diýdi:
Bu gün, Ymam Ryzanyň (a.) durmuşynyň eserlerini ädimme-ädim görüp boljak ýere ýygnandyk. Bu ýer dürli dinlerden bolan adamlar Ymam Ryzanyň (a.) huzuryna gelip, onuň bilen pikir alyşyp, hakykatyň kadalaryny öwrenen ýeri. Bu ýer Merw; Yslam dünýäsiniň taryhy bolan sebetden doly güli, we Ahl-Baýta bolan söýgüsi, arassalygy we päkligi, Pygamberimiziň (saw) iki beýik sahabasy ýagny Hezreti Zahranyň (saw) jynazasyna gatnaşan alty adamyň biri bolan Buraýdeh Islaminiň jaýlanan ýeri.
Bu ýer Mary, Ymam Ryzanyň (a.) çykyşyny dişlemek üçin 35 müň adamyň ýygnanan ýeri, şu gün bolsa Marynyň ýaşaýjylary, Ymam Ryzanyň (a.) hatyrasyny ýatda saklamak üçin jemlenensiňiz.
Aýatullah Mohsen Gomi çykyşynyň dowamynda, türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň Eýran Yslam Respublikasyna eden sapary we türkmen halkynyň nähili derejede däp-dessurlaryna we ýaşululara hormat goýulmagy barada aýdan sözlerine ünsi çekip, şeýle diýdi: "Bu gün, Ymam Raufyň hatyrasyna hormat goýmak üçin bu ýere geldiňiz. Eýran Yslam Respublikasynyň lideri Aýatolla Hameneýiniň, Türkmenistanyň halkyna we Marynyň eziz halkyna iberen salamyny we söýgisini getirdim.
Eýranyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary sözüni dowam etdi: Merwde Ymam Ryzanyň (a) bolmagy köp berekede sebäp boldy; Ymam bu sebitiň halky üçin Gurhan we ylahyýetiň ýedi sany taglymatyny beýan edipdir we bu sebitiň halkyYmam Ryzanyň (a.) din üçin eden tagallasy üçin borçlydyrlar we olar bu sebiti uly halkara merkezine öwürdiler we bu ýerde Gyzyl Ymama bolan söýgüni sebitiň halkynyň ählisinde diýen ýaly görüp bolýar. Çärä gatnaşýan ylmy işgärler Magtymguly Pragynyň goşgulary barada aýtdylar. Magtymguly Pragy Türkmenistanda tanalyp, hormatlanylyşy ýaly derejede Eýranda hem tanalyp hormatlanylýandyr. Eýranyň we Türkmenistanyň medeniýeti hiç wagt aýrylmaz derejede biri – biri bilen örän berk bagly. Merwi göz öňüne tutmadan Horasan barada söz sözläp bolmaz we Horasan barada ylmy barlag etmeden Merw barada ylmy iş ýazyp bolmaz. Magtymguly ýaly belli şahsyýetleriň aramgähi Eýranda we Eýranyň hem Hoja Ýusup Hamedani, Abu Seýid Hudri ýaly şahsyýetleri Merwde. Ylmy işgäriň Ymam Ryza (a) barada okan Magtymgulynyň goşgysynda pars we türkmen dilleri owadan kapýalaşypdyr. Iki halkyň medeniýetleriniň birleşmeginiň bir esasy bar, il bolsa Pygambere (saw) we onuň ymmatyna bolan söýgisidir.
Aýatullah Gomi sözüniň soňuny Ymam Raufyň zyýaratyndan ýatlama bilen dowam etdi: Ymam Ryza (a) aýtdy: Kimde – kim Horasana meniň zyýaratyma gelse men 3 ýerde onuň dadyna ýetişerin. 1 – ölüm we onuň kynçylygy wagtynda, 2- kyýamat güni Syrat köprüsinden ýagny gyldan inçe – gylyçdan kesgir bolan hemmämiziň geçmeli köprümizden geçmeli wagty, 3 - kyýamat güni hasap wagtynda. Şul esasda Ymam Ryza (a) zyýaratyna gidenler hormatlanar we kimde – kim gidip bilmese şu ýerden oňa salam berip biler.
Dabaranyň dowamynda Astande – Godse Razawiden gelen topar tarapyndan möwlit we tawaşi (muwaşşah – dini aýdym) ýerine ýetirildi, Ymam Ryza (a) aramgähinden klipler görkezildi, soňra Razawi “Häräme Motähheriň” mübärek baýdagy Ymam Raufyň aramgähiniň hyzmatyndaky agzalary tarapyndan getirildi we gadamgähde çärä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Ymam Ryza (a) hormatlaýanlar gözleri ýaşdan dolup, baýdagy ogşadylar we Beýik Allatagalladan Ymam Ryza (a) aramgähine zyýarat etmegi we şypa üçin doga – dilegler etdiler.
Dabaranyň soňunda bije çekişmek netijesi boýunça Ryza atly 5 oglana we Näjme atly 5 gyza Eýranyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary tarapyndan ýadygärlik sowgat berildi. Soňra 2 müňden gowrak çärä gatnaşan adamlara Hoja Ýusup Hamedani metjidinde sadaka berildi.
Şeýle hem çäreden birnäçe gün öň Medeniýet merkezde Ymam Ryza (a) aramgähine bagyşlanan sergi gurnaldy.
Şuny belläp geçmek zerurdyr, Gadymy Mary şäherinde ýerleşýän Ymam Ryza (a) gadamgähi häzirki Mary şäherinde 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Mary şäheri paýtagtdan soň Türkmenistanyň köp jemgyýetli şäheri hasaplanýar.
Filmler.