Eýranly wekiliýetiň Abuseýit Abulhaýyryň aramgähine zyýaraty
Kaka şäheriniň Medeniýet öýinde Abuseýit Abulhaýryň 1000 ýyllygyna bagyşlanyp iki ýurduň Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasyndan Türkmenistana Abuseýit Abulhaýyryň 1000 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen wekiliýet bu beýik şahsyýetiň aramgähine zyýarat etdiler.
17-nji ýanwarda Eýran Yslam Respublikasyndan Abuseýit Abulhaýyra bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen wekiliýetden doktor Aliasghar Mirbagherifard Yspyhan uniwersitetinde Pars dili we edebiýaty mugallymy we doktor Ebrahim Khodayar Tähranyň Tärbiat Modares uniwersitetinde Pars dili we edebiýaty mugallymy, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli edaralarda işleýän birnäçe ylmy işgärler bu dana şahyryň aramgähine aýlanyp, zyýarat etdiler.
Bu gezelenç Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalyp, onuň dowamynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammetdurdy Muhammedow bu aramgäh barada giňişleýin gürrüň berdi.
Şuny belläp geçmek zerurdyr, Abuseýit Abulhaýyryň ýadygärligi Türkmenistanda “Mäne baba” ady bilen meşhur bolup, Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynyň Mäne obasynda Aşgabat şäherinden 216 km uzaklykda ýerleşýär we şeýle-de Haweran sähralygy diýip hem atlandyrylýar. Bu bina XI asyryň ortalarynda Seljuklaryň birinji soltany tarapyndan bina edilipdir. Bu bina XIV asyryň birinji ýarymynda ilkinji gezek gaýtadan guruldy. Ýene-de 2007-nji ýylyň güýzünde aramgähi dikeltmek boýunça işler geçirildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda abatlamak boýunça işler amala aşyryldy.