• Feb 20 2022 - 11:23
  • 404
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda eýran-türkmen dostlugyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygy mynasybetli Eýran bilen Türkmenistanyň dogan halklarynyň arasyndaky dostluga bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda   eýran-türkmen dostlugyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygy mynasybetli Eýran bilen Türkmenistanyň dogan halklarynyň arasyndaky dostluga  bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkezi tarapyndan gurnalan bu dabara  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  jenap Golamabbas Arbab Hales, Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Aşgabatda ýaşaýan eýranlylar, pars dilini öwrenýän  okuwçylar, Eýran bilen gyzyklanýanlar we  olaryň maşgalalary gatnaşdylar.  Dabaranyň başynda Gurhany kerimden aýatlar okaldy, soňra medeniýet merkeziniň okuwçylarynyň hory iki ýurduň milli gimnlerini  öz  sesleri bilen  ýerine ýetirdiler. Şondan soň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Arbab Hales öz çykyşynda munuň ýaly çäreleri  geçirmäge medeniýet merkezine  şeýle mümkinçilikleri  döredendigi üçin  Türkmenistan döwletine  minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: “Myhmanlaryň bu çärä hoşniýetli we tüýs ýürekden gatnaşmagy, Türkmenistan döwletiniň iki iki ýurduň arasyndaky medeniýet gatnaşyklaryny has-da  giňeltmek baradaky  niýetine şaýatlyk edýär. Ylaýta-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Onuň Alyhezreti  Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň we dostlugyň giňelmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet merkezi medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öz wezipesini  ýerine ýetirmek üçin tagalla edýär. Bu hyzmatdaşlyk pars dilini öwretmek, Eýranyň däp-dessurlary, medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmak, dürli festiwallary, surat çekmek  we  kalligrafiýa boýunça bäsleşikleri, el işleriniň sergilerini  geçirmek we ş.m.  dürli ugurlarda alnyp barylýar”.

Jenap Arbab Hales, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňiş güni Eýranyň Milli güni diýip yglan edilendigi   hem-de  Eýran Yslam Respublikasynda we Eýranyň daşary ýurtlardaky ähli wekilhanalarynda dabaraly bellenilýändigini,  şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti  Eýranyň hormatly Prezidentine gutlag hatyny iberendigi barada  aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi: “Bularyň hemmesi iki döwletiň ýolbaşçylarynyň iki ýurduň medeni köklerini  birek-birege ýakynlaşdyrmaga gönükdirilen  erk-islegini görkezýär”.

Soňra ilçi 11-nji fewralyň Eýranyň milli güni, 18-nji fewral  bolsa Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni  diýip belläp geçmek bilen, sözüni dowam etdirdi: “Bu günler Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýär. Bu wakalaryň hemmesi, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň  altyn döwrüniň  başlamagynyna  şaýatlyk etmäge  ýardam berýär”.

Ilçi, çykyşynyň dowamynda Eýranyň 2500 ýyllyk taryhyna we Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň we Eýranyň garaşsyzlygynyň 43 ýyllygyna ünsi çekip,  şeýle diýdi: “Taryhda Eýran dürli hökümetler tarapyndan dolandyrylýardy. Emma,  biziň ýurdumyzyň  hakyky garaşsyzlygy gazanmagyna sebäp bolan taryhy waka 43 ýyl ozal  bolup geçdi, haçan-da Eýranyň halky, Ymam Homeýniniň ýolbaşçylygyndaky  halk rewolýusiýasynyň  netijesinde garaşsyzlygy gazanyp bilende”.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi çykyşynyň ahyrynda garaşsyzlygy ýurtlaryň ösüşinde iň möhüm faktor hökmünde görkezip, şeýle diýdi: “Garaşsyzlygyň saýasynda ýurtlar  özleriniň  baý medeniýetine, adamlaryň ukyplaryna we milli erkine bil baglap gülläp ösüp bilerler. Bu, Türkmenistanyň halkyna hem mahsusdyr, sebäbi Türkmenistan garaşsyzlygyň we paýhasly ýolbaşçylygyň netijesinde ähli ugurlarda  ösüş gazandy we siziň hemmäňiz bu ägirt uly üstünlikleriň şaýady bolýarsyňyz. Eýranyň halky hem Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň we 43 ýylyň dowamyndaky  ýadawsyz zähmetiniň netijesinde  ähli ugurlarda ösüş gazandy. Şonuň üçin öňe gidişligi  dowam etdirmek -  iki ýurduň halklarynyň esasy borjydyr”.

Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap  Nawid Rasuli, şu günki çäräniň Eýran Yslam Respublikasynyň syýasatyna laýyklykda  we iki döwletiň ýolbaşçylary tarapyndan  iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň  goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklardan has ýokary diýip yglan edilmeginden   ugur alyp,  Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigi barada  aýtdy.

Jenap  Rasuli gatnaşýanlaryň ünsüni Eýranyň hormatly Prezidenti Onuň Alyhezreti  doktor  Raisiniň Türkmenistana eden saparyna, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň  sammitine gatnaşmagyna we şol mejlisde ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi baradaky sözlerine çekip, täze ýylda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki medeni maksatnamalary durmuşa geçirip biljekdigimize umyt bildirdi.

Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi çykyşyny dowam etdirip,  medeniýet  merkezinde geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy we tehniki üstünlikleriniň sergisi barada gürrüň berdi: "Eýran Yslam Respublikasy häzirki wagtda Günbatar Aziýanyň lukmançylyk merkezidir. Eýranda lukmançylyk pudagyndaky bilimler,  esasanam baldak öýjükleri, oňurga ýiligini bejermek, derman serişdelerini öndürmek  we ş.m.  ugurlarda uly ösüş gazandy we bu pudaklarda Eýran öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda durýar.  Bütindünýä kosmos klubyna goşulmagy hem  rewolýusiýadan soňky döwürde  gazanylan ylmy we tehniki  netijeleriň we üstünlikleriň biridir.

Polat we alýumin öndürmek, gämi gurluşygy, uçar gurluşygy, bent gurluşygy, port gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygy, nebit we gaz guýularyny burawlamak  ýaly senagatyň  dürli pudaklaryndaky  öňegidişlik ylmy we tehniki  üstünlikleriň ýene bir aýdyň görkezijisidir.

 

 

Jenap  Rasuli  çykyşynyň ahyrynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklar baradaky makalalaryň bäsleşigi barada hasabat berdi we pars dilini öwrenýän  talyplara we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine  makala ýazyp  bäsleşige gatnaşmaklary   üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dabaraň dowamynda Eýran we Türkmenistan barada aýdymlar aýdyldy,  saýlanan makalalar okaldy we başga dürli çäreler geçirildi.

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňiş güni mynasybetli geçirilen dabara  pars dili kurslaryny  üstünlikli tamamlan okuwçylara şahadatnamalaryň, baýraklaryň  we sowgatlaryň  gowşurylmagy we tagamlaryň   hödürlenmegi  bilen tamamlandy.

Mundan başga-da, bu  baýramçylyk çäresiniň çäginde  2-nji fewraldan başlap  medeniýet merkezinde  Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy we tehniki ösüşleri baradaky surat sergisi  guraldy, myhmanlar uly gyzyklanma bilen oňa  tomaşa etdiler.

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: