• Jun 12 2024 - 08:58
  • 55
  • Okamak üçin wagt : 7 minute(s)

Aşgabatda söz ussady Hekim Ferdöwsini ýatlama çäresi geçirildi

Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda Abulgasym Ferdöwsini ýatlama we pars dilini goramaklyk güni mynasybetli çäre geçirildi.

Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda Abulgasym Ferdöwsini ýatlama we pars dilini goramaklyk güni mynasybetli çäre geçirildi.   

14-nji maýda geçirilen bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň diplomatlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman – german we Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Sona Annaýewa, pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlary we talyplary, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Abulgasym Ferdöwsini ýatlama we pars dilini goramaklyk güni mynasybetli çärede hemmelere hoş geldiňiz diýip, Ferdöwsini pars diliniň we Eýran medeniýetiniň goragçysy hökmünde agzap, sözüni dowam etdi: Bu gün “Şanama” eserini döretmekden maksadynyň pars dilini dikeltmek bolandygyny aňladan we öz ömrüniň 30 ýylyny  taryhyň beýik – pesinde belent bir köşk ýaly, hemişe mizemän durjak we pars dilidir edebiýatynyň, Eýran taryhydyr - medeniýetiniň simwolyna öwrüljek bu eseri döretmäge sarp edendigini buýsanç bilen beýan edýän şahyry, akyldary we epiki eserleriň ýazyjysyny ýatlamak güni. Beýik şahsyýetleriň we taryhçylaryň belleýişleri ýaly eger beýik Ferdöwsiniň tagallasy bilen “Şanama” eseri döredilmedik bolsa, bu gün Eýran medeniýetiniň taryhynyň  hatda pars diliniň hem bir bölegi unudulardy. 

Ol Ferdöwsiniň diňe bir dessançy şahry bolman, eýsem watansöýüjiligiň we Eýran medeniýetiniň ýaýrawlaryna ýürekden baglylygyň simwolydyr diýip, sözüni dowam etdi: Şanamanyň her bendinde Eýrana we onuň medeniýetiniň täsiriniň ýaýrawyna bolan söýgi görünip dur. Şanamanyň pälwanlarynyň pikirinde hemişe bu topragyň howpsuzlygynyň we ony goramagyň aladasy beýan edilýär. Ferdöwsiniň garaýşynda Eýran ýurduny goramak örän möhüm bolupdyr we hatda Şanamanyň iň möhüm pälwanlarynyň biri bolan Rüstemi wasp edende ony Eýranyň galkany hökmünde ýatlaýar we şeýle ýazýar:

Her belada sen Eýrana galkan erdiň,

Sumrug guş deý mydam oňa ganat gerdiň.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi sözüniň soňunda, Ferdöwsiniň Şanamanyň ýene-de bir aýratynlygy hemişe haýyr bilen şeriň ýüzbe – ýüz gelmegidir diýip, sözüni dowam etdi: Eýranyň Rüstem, Kawe, Feridun, Siýawaş, Araş, Gärşaseb ýaly pälwanlary hemişe şere garşy göreşipdirler. Siz pars dili şwrenijileri üçin üns çekiji bolaýmaly ýagdaýhem, esasan “pälwan” sözüni “gahryman”, “söweşjeň” ýa-da “urşujy” sözlerden tapawutlandyrýan artykmaçlygyň ahlak – etiki tarapy bolup durýanlygydyr.  Ferdöwsi özüniň Şanama eserinde milli gahrymançylyk kyssalaryny ahlak – etiki düşünjelere ýugurypdyr we azgynçylyklardan daş durmagyň, ahlak kadalaryna ygrarly bolmagyň zerurdygyny pälwanlaryň dili bilen beýän edipdir. Bu aýratynlyklar Ferdowsini Eýranyň iň beýik şahyrlarynyň birine we dünýä edebiýatynyň taryhy we esasanam Eýran siwilizasiýasynyň ajaýyp şahsyýetine öwürdi. Bu sebitiň baý medeniýetiniň mirasdüşerleri hökmünde biz onuň eserlerini goramaga we hormatlamaga borçlydyrys.

Ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda Abulgasym Ferdöwsini ýatlama we pars dilini goramaklyk güni mynasybetli çäre geçirilýänligine salgylanyp, şeýle diýdi: Halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegi birek-biregi has gowy tanamakdan başlanýar we ýokary okuw jaýlary esasy merkez hökmünde iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýär.  

Soňra ol Şanama eseri dolulygyna paýhaslylygy, sahylygy, hakykaty, erkekligi, ýagşylygy, hoşniýetliligi we ýamanlyga garşy göreş, ýok etmek, ýalan, akmaklyk we doň ýüreklilik, aýratynam, daşary ýurtly basyp alyjylaryň zulumy ýaly ahlak – häsiýetleri açyp görkezýänligine salgylanyp, sözüni dowam etdi: Firdöwsi, adamzadyň özüni alyp barşynyň ussat suratkeşi. Firdöwsiniň şahsyýetine kän bir üns berilmedik iň uly tarapy, onuň diňe bir Eýranyň iň beýik şahyry bolman, şol bir wagtyň özünde beýik akyldar, hekim we ugrukdyryjy bolmagydyr. Soňky iki asyryň dowamynda we Şanamanyň birinji bölümleriniň terjimesinden soň bütin dünýä Firdöwsiniň ornunyň beýikligine we işiniň gymmatyna gaty köp üns berip, alymlar hem ol hakda köp kitap we makala ýazyp, çap etdiler we bu hem onuň üstünliginiň syrydyr.

Rasuli çykyşynda Şanamanyň eserleriniň dürlüligi gadymy Eýranyň medeni dürlüligini görkezýänligine ünsi çekip, şeýle diýdi: Şanama kyssalarynyň netijesi eýranlylaryň öz topraklaryny goramak islegi, Afrasýab ýaly duşmanlary ýok etmek, gullary Zahhakyň elinden azat etmek we Siawuş ýaly bigünäleri zalymlaryň odundan halas etmek.Paýhas, bilim, sowgat, hakykat, azram ýa-da az, egri, kemçilik, masgaraçylyk, weýrançylyk ýaly köp söz bar, bularyň hersiniň öz manysy bar. Ferdowsi töwhid we agzybirlik hakda gürläninde pelsepe dilinde gürleýär. Gapylaryň hemmesi ýapyk bolsa-da, hiç haçan umytdan düşmezlik, her hekaýanyň filosofiki beýanynda durýan asylly öwütdir. Firdöwsi beýik Perewerdegäriň ähli ýaradylyşyň we älemiň çeşmesi hasaplaýar, şonuň üçin pälwanlaryň hem ýeke - täklik reňki bar.

Ol Ferdöwsiniň Şanama eserini ýazmak bilen esasy maksadyna hem ünsi çekip, sözüni dowam etdi: Söz ussady Hekim Firdöwsi, Şanama eserini Mahmuda Soltanyň hoşniýetliligi we sylagy sebäpli däl-de, eýsem, gymmat bahaly daş ýaly şöhle saçýan gymmatlygy ebedi galdyrmak we bütin dünýäde nur saçmagy üçin we bu dana kowmyň paýhasy baky galmagy üçin teklip edýär. Aslynda, Şanamanyň bentleri Firdöwsiniň dünýäsini gowy bilýändigini we uzak ömründe köp tejribe toplandygyny, käte dünýäni gören we tejribeli alym ýaly, filosof ýaly pikirli, mylaýymdygyny görkezýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sözünip soňunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplary şeýle medeniýet merkeziň pars dili öwrenijilerine üstünlik arzuw edip, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli bu beýik türkmen şahyrynyň Ferdowsi bilenem aýratyn baglanyşygynyň bardygyna we Şanamanyň öwütleri we mifleri peýdaly bolandygyna salgylanyp, şeýle diýdi: Magtymguly Ferdöwsiniň barlyga bolan garaýşynyň çuňlugyndan gapyl bolmandyr. Ferdowsi ölümiň öňünde hemme kişini deň hasaplaýar we bu düşünjä Magtymgulynyň goşgularynda-da hem gabat gelmek bolýar.

Dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň we Medeniýet merkeziň pars dili okuwçylarynyň ýerine ýetirmegine dürli medeni we çeper çykyşlaryň, Hekim Abulgasym Ferdowsi hakda wideo şekil, goşgular we makalalary okamak bilen dowam etdi.

Mundan başga-da, Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan Türkmençe-Parsça gepleşik sözlüginiň mugallymlara, pars dilini öwrenýän talyplara we Medeniýet merkeziň pars dili öwrenijilerine gowşurylmagy we hemmelere hödür – kerem edilmegi bilen tamamlandy.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: