• Oct 18 2022 - 20:36
  • 264
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Aşgabatda Hafezi ýatlama güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Meşhur lirikaçy Hafez Şiraziniň ýatlama güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet Merkezinde dabaraly çäre geçirildi

Meşhur lirikaçy Hafez Şiraziniň ýatlama güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet Merkezinde dabaraly çäre geçirildi.

Duşenbe güni, 10-njy oktýabrda, Türkmenistanyň dürli edaralarynyň wekilleriniň,  şol sanda pars dilini öwrenijileriň we olaryň ene-atalarynyň, şeýle hem Aşgabatda ýaşaýan eýranlylaryň gatnaşmagynda, dabaraly çäre geçirildi. Maslahatlar zalynda geçirilen çärede Gurhan Kerim okalandan soň, Näwid Resuli Eýran Yslam Respublikasynyň medeni meseleler boýunça geňeşçisi Hafezi pars poeziýasynyň we edebiýatynyň hazynalarynyň biri diýip belläp, şeýle diýdi: “Hafez lakamly we Lesan ol-Geýb ady bilen tanalýan Hoja Şamsoläddin Muhammet Şirazi Eýranyň we dünýäniň iň uly liriki şahyrlaryň biridir we Eýranyň medeniýetini bütin dünýä ýaýradan Eýran topragynyň iň gymmatly edebi we medeni genji - hazynalarynyň biridir.  

Mundan başga-da, Hafeziň intellektual aladalarynyň liriki goşgylarynda ýüze çykmagyna ünsi çekdi we şeýle diýdi: “Hafez aýratyn intellektual aladalary bolan şahyr we ony şahyryň liriki goşgylarynda görüp bolýar. Esasan, durmuş we ölüm, durmuşyň manysy we maksady we barlygyň soňy bilen gyzyklanýar we olar hakda şygyrlarynda şahyrana dilde syrly beýan edýär.

Räsuli çykyşyny dowam edip, Hafez Şiraziniň Diwanynyň dürli dillere terjime edilmegine, goşgularynyň adamlara etýän dürli täsirine ünsi çekdi we aýtdy: Baron won Hammer, Gilbert Lazar, Jon Roberto Skarça, Şigeru Araki we başgalar ýaly käbir adamlar Hafez hakda öz pikirlerini beýan edip birnäçe makala ýa-da setir ýazmak bilen Hafeze bolan hormatlaryny görkezdiler. Ikinji topar, Gýote, Dante, Andre Gide we başgalar Hafezyň şygryýetinden ylham alan adamlardyr. Üçünji topar, Hans Heýinrih Şöder, Hans Robert Romer we başgalar Hafez hakda kitap ýazypdyrlar we Hafeziň goşgularyny seljerme we düşündirme bilen meşgullanypdyrlar.

Dördünji toparda, Riwert, Wersilangi we başgalar Hafeziň Diwanyny ýa-da şahyryň birnäçe goşgusyny terjime eden adamlar bar. Bäşinji topar, Fridrih Junker, Nitşe, Zalf Wald Emerson we başgalar, Hafez barada makala we goşgy ýazyp, ony wasp edipdiler.

Ýurdumyzyň medeni meseleler boýunça geňeşçisi Hafez Şiraza haýran bolan meşhur nemes şahyry "Gýote" -niň öwgi sözlerini okap, sözüni dowam etdi:

Eý Hafez! Seniň sözüň bakylyk ýaly beýikdir. Seniň sözüň ýalňyz asmanyň gümmezi ýaly özüňe baglydyr we Goşgynyň başlangyjy bilen soňunyň arasynda hiç hili tapawut goýup bolanok, Sebäbi olaryň hemmesi ajaýyp. Sen şygyryň we şatlygyň sahylygynyň, her tolkundan soň her pursat ýüze çykýan tolkunyň çeşmesidirsiň, Sen elmydama aýdym aýtmaga we ýüregiň hemişe söýmäge taýyn. Eger – de dünýäniň soňy gelse – Eý Hafez diňe seniň bilen seniň ýanyňda bolmak we dogan ýaly seniň şatlygyňy we gam – gussaňy paýlaşmagy arzuw edýärin.

Seniň ýanyňda bolmak we seniň ýaly söýmegi arzuw edýärin. Sebäbi bu meniň durmuşymyň buýsanjy we durmuşymyň çeşmesidir. Hafez, seniň gazal ýazyşyňy öwrenmek, sen ýaly kapýalamak we öz gazallarymy seniň tankytlamagyňa getirmek isleýärin. Eý, dünýä şahyrlarynyň şahyry, seniň ýaly goşgy ýazmak isleýärin. Eý Hafez!  Imperatorlara şäherini oda ýakmak üçin uçgun ýeterlik bolşy ýaly, hyjuwly sözleriňizden ýüregimde şeýle bir ot -alow bar welin, tutuş bedenimi oda ýakdy we sen gowy bilýänsiň biz nähili toprakdan asmana çenli höwesiň gullugynda ýesirdigimizi.  Söýgi ilki gynanç getirip, soň şatlyk bermeýärmi?  Onda eý mugallym, bir pursat söýgi gujagynda oturmaga, Deldaryň syryny açanyňyzda maňlaýyňyza gözler bilen seredip, sizi wasp etmäge rugsat ediň.

Räsuli sözüniň dowamynda Magtymguly Pyraga ýüzlenip we Hafeziň onuň şygyrlaryna täsiri barada şeýle beýan etdi: Beýik türkmen şahyrlaryndan Magtymguly Pyragy, bu dil bilen doly tanyşmak üçin, Gündogaryň gymmatly edebiýatyndan, esasanam gadymy pars edebiýatyndan tejribe gazanmak üçin beýik eýran şahyrlarynyň eserlerini we bölümlerini öwrendir we Hafez ýaly beýik eýran şahyrlarynyň şygryýeti ony haýrana goýypdyr we bu täsiri şahyryň goşgularynda görmek bolýar.

Magtymguly Hafez ýaly şahsy durmuşyny birnäçe goşgusynda agzap geçip we erkin pikirlenýän şahyr hökmünde haýyr-sahawatçy we garyplaryň tarapdary we Hafezden ylham alyp dünýäniň soňy, adamlara maslahat we ahlak we ynsanperwer meseleler barada goşgy düzüpdir.

Näwid Räsuli, Hafeziň bütin dünýäde tanalmagy barada belläp sözüniň ahyrynda şeýle diýdi: “Bu akyldarlaryň çekişmelerine salgylanylanda, Hafez Şiraziniň goşgularynyň olaryň pikirlerine örän täsir edipdir we bu çekişmeleriň hemmesi Hafeziň bütin dünýäde tanalmagyny we olaryň pikirleri görkezýär.

Bu dabaraly çäre dürli medeni we çeperçilik çykyşlary, oýunlaryň ýerine ýetirilişi, pars dilini öwrenijileriň Hafez barada makalalary we goşgulary okamak, Hafeziň täleýnamasyny okamak we başga-da dürli gyzykly çäreler bilen dowam etdi.

Ýadygärlik sowgatlary gowşurmak we hödür kerem etmek bilen Hafez Şiraziniň hatyrasyna geçirilen dabara geçirilip gutardy.

 

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: