• Oct 28 2023 - 11:37
  • 138
  • Okamak üçin wagt : 8 minute(s)

Aşgabatda Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Aşgabat şäherinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda bu ýokary okuw jaýynyň mejlisler zalynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.

Aşgabat şäherinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda bu ýokary okuw jaýynyň mejlisler zalynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.   

          23-nji oktýabrda (1-nji Aban aýy) geçirilen bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary, talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa hemmelere hoşgeldiňiz diýip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna we daşary ýurt döwletleri bilen alyp barýan oňyn dostlukly gatnaşyklaryna we olaryň has-da berkemegi ugrunda edilýän işlere ünsi çekdi.

Ol sözüni dowam edip: Häzirki döwürde uniwersitetimiz bilen daşary ýurtlaryň ençeme abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy-kliniki merkezleri bilen özara gazanylan Ylalaşyklaryň, Ähtnamalaryň esasynda maksadalaýyk işler alnyp barylýar hem-de ol işleriň gerimini giňeltmeklige uly ähmiýet berilýär. Aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy hökmünde üstümizdäki ýylyň maý aýynda Hormatly Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasynda bolan iş saparynyň dowamynda Lukmançylyk uniwersitetimiz bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilmegini ýatlamak örän ýakymlydyr. Şondan bäri geçen gysga wagtyň içinde uniwersitetleriň professor-mugallymlarynyň ýurtlarda geçirilen halkara forumlarynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnaldy, diýip belläp geçdi.

Nargözel Myratnazarowa Abu Aly ibn Sina barada şeýle diýdi: Ynsan saglygyny goramagyň gaýtalanmajak inçe syrlaryny miras galdyran şahsyýetlere Gündogaryň meşhur ensiklopedik alymy Abu Aly ibn Sina (Awisenna) degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýdylanda: Ibn Sinanyň ady Gündogarda “Hakykatyň şaýady”, Günbatarda “Filosofiýanyň soltany”, “Lukmanlaryň soltany” ýaly lakamlar bilen ýörgünlidir.

Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory sözüni dowam etdi : Türkmen milli lukmançylyk mirasynyň wekilleriniň, şol sanda Abu Aly ibn Sinanyň ylmy taglymatlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hiç wagt üns merkezinden düşmedi. Ol bu mesele boýunça beýik akyldaryň işlerini türkmen diline terjime etmekde we çapa taýýarlamakda uly işleri ýerine ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly 5 jiltlik kitabynyň türkmen dilindäki neşiriniň neşir geňeşiniň baş redaktorydyr.

Nargözel Myratnazarowa  sözüniň soňunda Abu Aly ibn Sinanyň ylmy we amaly taglymatlary häzirki döwürde ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, bejermekde baý edebi çeşme hökmünde öz ähmiýetini ýitirmeýär, diýip belledi we şular ýaly dabaraly çäreleriň geçirilmegi bilen Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk hem has-da berkemegine umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales türkmen halkynyň milli liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sag bolsun aýdyp, filosof, psiholog, akyldar, lukman Abu Aly ibn Sinanyň ylymdaky orny barada şeýle diýdi: Ibn Sina Gündogaryň beýik akyldarlarynyň biridir we yslam medeniýetinde we siwilizasiýasynda terbiýe alandyr, eserleri we ýazgylary henizem dürli ugurlar boýunça alymlar tarapyndan öwrenilýär we ulanylýar.

Ol sözüni dowam etdi: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti 90 ýyllyk taryhy bilen Türkmenistanyň iň gadymy ylmy lukmançylyk merkezi hasaplanýar we Türkmenistanyň halkyna uly hyzmatlar edendir. Türkmen halkynyň milli lideri, Halk Maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhammedow hem bu ýokary okuw jaýynyň uçumydyr we bu uniwersitet üçin uly hormatdyr.

Arbab Hales Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Maşadyň lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň rektorlarynyň arasynda gol çekilen ähtnamany belläp, sözüni dowam etdi: Soňky onýyllyklaryň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy lukmançylyk pudagynda birnäçe ösüş gazandy we Eýranyň lukmançylyk merkezleri ökde lukmanlar bilen beýleki ýurtlardan gelen näsaglary hem kabul edip, bejerýärler. Maşadyň lukmançylyk ylymlary uniwersiteti Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly we gadymy ýokary okuw jaýlaryndan biridir we bu uniwersitetde müňden gowrak eýranly we daşary ýurtly talyplar bilim alýarlar we birnäçe görnükli we edermen lukmanlar bu okuw jaýynyň uçurumlarydyrlar.

Ilçi sözüni dowam etdi: Iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary göz öňüne tutup, ýakyn geljekde Eýran Yslam Respublikasynyň saglygy goraýyş, derman senagaty we lukmançylyk bilimi ministrligi bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda özara hyzmatdaşlyk üçin resminamalara gol çekiler diýip umyt edýärin.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda Ibn Sinanyň aramgähi barada hem aýdyp geçdi: Ibn Sinanyň aramgähi Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky owadan Hamedan şäherinde ýerleşýär.  Bu beýik alym bilen gyzyklanýanlaryň hemmesini Eýranyň Zagros daglarynyň etegindäki ajaýyp Hamedan şäherine akyldaryň mawzoleýini görmäge çagyrýaryn.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde Eýranly akyldar we lukman Abu Aly ibn Sina bagyşlap dabaraly çäre geçilýändigine ünsi çekip sözüni dowam etdi:

Eýranda birnäçe şahyrlar we şahsyýetler bardyr we olar ýurduň buýsanjy hasap edilýärler. Abu Aly ibn sina häzirki lukmançylyk ylymlarynyň atasydyr we taryhyň beýik lukmanlaryndan, filosoflaryndan şeýle-de astronom we ýazyjylaryndan biri hasaplanýar. Ibn Sinanyň ady şu güne çenli ÝUNESKO-nyň meşhur alym we edebiýat wekilleriniň sanawynda iki gezek hasaba alyndy: 2013-2012-nji ýyllarda Ibn Sinanyň lukmançylyk kanunynyň ýygnalmagynyň 1000ýyllygy we 1980-nji ýylda 1000 ýyllygy mynasybetli. Şeýle hem, 2003-nji ýyldan "Ylymdaky etika üçin Ibn Sinanyň baýragy" Eýran Yslam Respublikasynyň başlangyjy, teklibi we ÝUNESKO-nyň umumy konferensiýasynyň tassyklamagy bilen resmileşdirildi.

Ol sözüni dowam etdi: Lukmançylyk ylmynyň ösüşi Ibn Sinanyň bilimi bilen baglanyşyklydyr, Lukman Hekimiň bilimi bilen lukmançylyk ylmy has-da kämilleşipdir we müňlerçe ýylyň geçenine garamazdan heniz hem, bütin dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynda Eýranly akyldaryň kitaplary ýan kitaby hökmünde ulanylýar.

Rasuli adamlaryň durmuşdaky bilim we terbiýe ahmiýetine ünsi çekip şeýle diýdi: Abu Aly ibn Sina "iman", "ahlak", "saglyk we abadançylyk", "sowatlylyk we bilim" we "sungat we hünär" ýaly bäş ýörelgäni bilimde we terbiýede möhüm hasaplaýar. 

Rasuli sözüniň soňunda Ibn Sinanyň lukmançylyk bilimlerini ösdürmekde özboluşly aýratyn orny sebäpli, Eýranda bir günüň lukmanlar güni diýilip atlandyrylýanlygyna ünsi çekip we Eçran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda saglygy goraýyş we ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlygynyň has-da berkemegini arzuw edip, şeýle diýdi : Eýranyň lukmançylyk ylymlary bütin Dünýäniň döwletleriniň arasynda aýratyn oruna eýedir we Eýranyň şöhratly taryhynyň dowamynda köp eserleriň we açylyşlaryň çeşmesi bolan köp lukmanlar kemala geldi. Mysal üçin, sekiz ýyllyk mukaddes gorag döwründe batyrgaýlyk görkezen lukmanlar we Korona epidemiýasy wagtynda hem birnäçe lukmanlar saglygy goraýjy hökmünde öz başarnyklary we bilimleri bilen batyrgaýlyklaryny görkezdiler.

Dabaraly çäre  Abu Aly ibn Sina we Eýranyň saglygy goraýyş ulgamynda gazananlary barada wideoşekil, Abu Aly ibn Sinanyň bejerijilik ukyby barada sahna oýuny, Eýranyň Medeniýet Merkezi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymdyr - talyplary we Pars dili öwrenijileri tarapyndan goşgy, makalalar we başgada gyzykly çykyşlar bilen dowam etdi.

Şeýle hem çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna, talyplaryna, çärede çykyş eden pars dili öwrenijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýokary okuw jaýynda geçirilen çärede iki ýurduň el işleri we amaly – haşam sungatyna degişli umumy sergi gurnalyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we ýokary okuw jaýynyň rektory sergä aýlanyp gördüler.

Çäräniň soňunda iki döwletiň naz – nygmatlary hemmelere hödür – kerem edildi. 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: