• Dec 24 2022 - 11:44
  • 210
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Aşgabat şäherinde “Ýälda gijesi” mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

“Ýälda gijesi” mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň maslahatlar zalynda “Ýälda gijesi” nyşanlary bilen bezelen desterhanly dabaraly çäre geçirildi.

“Ýälda gijesi” mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň maslahatlar zalynda “Ýälda gijesi”  nyşanlary bilen bezelen desterhanly dabaraly çäre geçirildi.

21-nji noýabrda Medeniýet merkeziniň maslahatlar zalynda “Ýälda gijesi” mynasybetli dabaraly çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Näwid Resuli, “Ýunisef” halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekili  Muhammet Faýýazi,  ilçihananyň işgärleri, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar we türkmen halky gatnaşdylar.

Gurhan okalandan soň, Golam Abbas Arbab Hales“Ýälda gijesi” bilen  myhmanlary gutlady we “Ýälda gijesiniň” taryhy we medeni wakadygyna ünsi çekdi we şeýle diýdi: “Ýälda gijesi, eýranlylaryň müňýyllyklardaky ylmy gözleglerinden ýagny ýer günüň daşyndan aýlanýar diýen esasdan gözbaş alyp ýylyň iň uly gijesi hasaplanýar.

Sözüni dowam edip şeýle diýdi: Klimatologiýa we däp-dessur ylymlaryna esaslanyp, Ýälda gijesi astronomiýada hasaba alnan gijedir.

Arbab Hales, Ýäldanyň ýanwar günleri bilen meňzeşligini hristian ýurtlary tarapyndan bellenilýän medeni umumylyk hasaplady.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi çykyşynyň ahyrynda: "Ýälda gijesini miras we Eýranyň medeni aýratynlyklaryndan biri hökmünde goramak we ony bir nesilden-nesle geçirmek biziň hemmämiziň borjumyzdyr!" diýip belledi.

Ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Räsuli özüniň gysga çykyşynda ýylyň iň uzyn gijesini gutlap, şeýle diýdi: “Çele ýa-da Ýälda gijesi birnäçe müň ýyllyklardan gözbaş alýar we taryhyň dowamynda hemişe dürli medeniýetlerde bellenilip geçilýär we bu gijede özboluşly däp-dessurlar ýerine ýetirilýär.

Sözüni dowam edip: “Beýik alym Abu Reýhan Biruni Ýalda gijesini "Milade Akbar" ýagny “Ulydan dogluş” ady bilen ýatlaýar we ony günüň dogulmagy hasaplaýar” diýip belledi.

Räsuli sözüni dowam edip: “Güýzüň soňky gijesi ýylyň iň uzyn we iň garaňky gijesi hasaplanýan “Ýälda gijesi” eýranlylaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär we Eýranyň halky bu uzak gijäni dürli däp – dessurlar we çäreler bilen bilelikde  daň atýança gyzykly geçirýärler” diýip belledi.

Şeýle hem sözüni dowam edip: Çele gijesi adamzat jemgyýetiniň iň möhüm bölegi bolan maşgalany güýçlendirýändigini aýtdy. Şeýlelik bilen, maşgala agzalary bu möhüm gijede ýygnanyşýarlar we maşgala ýaşululary garpyz, hoz, nar, süýji we dürli miweleri iýmegiň bu gijäniň nyşanlaryndan biridigini belläp, köne hekaýalary gürrüň berýärler.

Türkmenistandaky ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi çykyşynyň ahyrynda Çeleh gijesini söýginiň we dostlugyň nyşany hökmünde belläp, goňşy ýurduň halkynyň söýginiň we dostlugyň nyşany bolan Ýälda gijämiz bilen has tanyş bolmagy üçin şu dabaraly çärede köp sanly türkmen myhmanymyzyň bardygyny aýtdy.

Sahnalary ýerine ýetirmek, Pars dili öwrenijileri tarapyndan Ýälda gijesi barada goşgy okamak, Hafeziň palyny atmak, Pars dili öwrenijilerine okuwy gutarandan soň şahadatnama gowşurmak, çärä gatnaşanlara ýadygärlik sowgat bermek we hödür kerem etmek Ýälda gijesiniň çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: