Aşgabatda pars dili güni hem-de Gündogaryň beýik akyldary Hekim Abulkasym Ferdöwsä bagyşlanan ýörite çäre geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde pars dili güni hem-de Gündogaryň beýik şahyry Hekim Abulkasym Ferdöwsä bagyşlanan ýörite çäre geçirildi. Bu dabara arassaçylyk we gigiýena düzgünlerini we şertlerini berjaý etmek bilen 16-njy maýda, duşenbe güni, geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde pars dili güni hem-de Gündogaryň beýik şahyry Hekim Abulkasym Ferdöwsä bagyşlanan ýörite çäre geçirildi.
Bu dabara arassaçylyk we gigiýena düzgünlerini we şertlerini berjaý etmek bilen 16-njy maýda, duşenbe güni, geçirildi. Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleri, eýran we türkmen medeniýetini söýüjileri, pars dilini öwrenýän okuwçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Gurhany kerimden aýatlar okaldy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Golamabbas Arbab Hales çykyş etdi. Öz çykyşynda ol şeýle diýdi: “Eýran Yslam Respublikasynyň senenamasynda dört beýik şahyryň hormatyna milli gün bellenilýär: Sagdy, Haýýam, Hafiz we Ferdöwsi. Ferdöwsi bu dört beýik şahyryň biri hökmünde aýratyn orun tutýar”.
Soňra jenap Arbab Hales sözüniň üstüni ýetirdi: “Hekim Ferdöwsi, pars diliniň ösmegine ägirt uly täsir etdi we pars diliniň we edebiýatynyň ruhlandyryjy şahsyýeti hökmünde tanalýar. Ferdöwsiniň “Şanamasy” pars edebiýatynyň iň ýokary medeni gymmatlyklarynyň biri bolup dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň arasynda berk we ajaýyp orny eýeleýär. “Şanamanyň” hekaýalary we rowaýatlary epiki we gahrymançylykly mowzuklardan başga-da medeni we ahlak meselelerini öňe sürýär.
Ilçi sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň medeni meselelere aýratyn üns berilýändiklerini göz öňünde tutup, şular ýaly çäreleriň geçirilmegi Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşar diýip umyt bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Sagdy gaznasynyň Türkmenistandaky wekili jenap Nawid Rasuli dabara gatnaşyjylaryň hemmesine hoş geldiňiz diýip, Hekim Abulkasym Ferdöwsi - Eýranyň iň uly epiki şahyry we dünýäniň iň uly epiki şahyrlaryň biri diýip, belläp geçdi. Edebiýatçy alymlaryň pikirine görä Ferdöwsi pars edebiýatynyň dört sütüniniň biridir. Pars edebiýatynda Hekim ady berlen diňe 5 şahyr bar, olaryň biri Hekim Abulkasym Ferdöwsidir.
Pars edebiýatynyň nusgawy eseri bolan Ferdöwsiniň “Şanamasy” hakda gürrüň berip, Rasuli şeýle diýdi: “Bu eseriň esasy aýratynlygy onuň epiki, gahrymançylykly ruhy. “Şanama” batyrlygyň, edermenligiň we söweş ruhunyň beýanydyr. Pars edebiýatynyň eserleriniň arasynda “Şanama” - ajaýyp ussatlyk bilen döredilen aýratyn eserdir. “Şanamany” döretmek bilen Hekim Ferdöwsi gadymy pars dili bolan pehlewi dili bilen täze dünýä arasynda baglanyşyk tapmaga we pars dilini dikeltmäge synanyşdy.
Soňra jenap Rasuli Ferdöwsiniň adamyň aňyna aýratyn üns berýändigini bellemek bilen sözüniň üstüni ýetirdi: “Ferdöwsiniň köp goşgularyna görä aň, akyl, paýhaslylyk adamyň ýol görkezijisidir. Akylly adam - çydamly we sabyrly adamdyr we her bir hereketi görende, her sözi eşidende gaharlanmaýar. Beýik akyldardan öwrenmeli esasy sapagymyz: diňe sabyrly we paýhasly adamlar ýeňiş gazanyp bilerler”.
Sözüniň ahyrynda jenap Rasuli beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Ferdöwsä bolan meýilliligi we eserlerinde “Şanamanyň” mifiki gahrymanlaryň keşplerini ulanmagy hakda aýdyp, şeýle diýdi: “Magtymguly “Şanamanyň” gahrymançylykly ruhundan we miflerinden medet gözledi we şol bir wagtyň özünde Ferdöwsiniň älemdäki barlyga çuňňur garaýyşyna akyl ýetirdi. Ferdöwsi ölümiň öňünde hemme kişi deň we ölüm adamlaryň arasyndaky deňsizligiň, tapawutlylygyň we ähli artykmaçlyklaryň soňy diýip hasaplaýar. Bu düşünjäni Magtymgulynyň goşgusynda hem görmek bolýar: “Magtymguly, şükür eýlegil hudaýa, Ölüm barabardyr şah-u-gedaga”.
Soňra söz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar institutynyň kitaphanasynyň müdiri hanym Doýduk Saparbaýewa berildi. Pars edebiýatynyň XI asyryň görnükli şahyrlaryň biri Abulkasym Ferdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan gün barada aýdyp, ol şeýle diýdi: “Ferdöwsi - Gündogaryň beýik epiki şahyry bolup, Günbatarda hem uly hormata eýedir. Şu güne çenli “Şanama” hakda onlarça ylmy kitap ýazyldy. Magtymguly Pyragy hem "San bolsam" goşgusynda Abulkasym Ferdöwsini uly hormat bilen ýatlaýar”.
Hanym Saparbaýewa öz çykyşyny şu sözler bilen dowam etdirdi: “Ýaş wagtym köp kitap bize elýeterli däldi, şonuň üçin Eýranyň meşhur şahsyýetleri hakda az maglumatymyz bardy. Emma häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda Ferdöwsi hakda türk, pars, rus we başga dillerde köp kitap bar, Türkmenistanyň ýaşaýjylary bu kitaplardan peýdalanyp bilýärler”.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiň pars dili we edebiýaty mugallymy Behzad Razazan hem öz çykyşynda beýik akyldary pars edebiýatynyň epiki poeziýasynyň sütünleriniň biri diýip atlandyryp, şeýle diýdi: “"Rudakiden Nima we Beýhaki-den Sagda we Nyzamy Genjewä... Beýik akyldar Abulkasym Ferdöwsi şygyr düzüliş köşginiň we pars diliniň täzeden dikeldilmeginiň düýbüni tutujy hökmünde tanalýar”.
Soňra Behzad Razazan şulary beýan etdi: “Şanamada” iki görnüşli rowaýatlar jemlenen: mifologiki we taryhy rowaýatlar. Bu eser takmynan altmyş müň beýtden ybarat bolup, 30 ýylyň
Filmler.