Aşgabatda “Şab-e çelle” güni mynasybetli ýörite dabara geçirildi
“Şab-e çelle” - gadymy eýran baýramçylygy, eýranlylaryň arasynda iň owadan gije diýip hasaplanýan, ýylyň iň uzyn gijesinde, ýagny gyş paslynyň öňüsyrasynda bellenilip geçilýär.
“Şab-e çelle” - gadymy eýran baýramçylygy, eýranlylaryň arasynda iň owadan gije diýip hasaplanýan, ýylyň iň uzyn gijesinde, ýagny gyş paslynyň öňüsyrasynda bellenilip geçilýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde “Şab-e çelle” güni mynasybetli ýörite dabara geçirildi. Bu dabarada medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän okuwçylar we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiniň okuwçylary Hafiziň goşgularyny okadylar. “Şab-e çelle” gijesi mynasybetli saçak bezeldi.
Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Golamabbas Arbab Hales, Ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Nawid Rasuli, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy jenap Mohammad Faýazi, ilçihananyň işgärleri we Türkmenistanyň dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, eýran we türkmen medeniýetini söýüjileri gatnaşdylar. Bu dabara Medeniýet merkeziniň Mejlis zalynda arassaçylyk we gigiýena düzgünlerini we şertlerini berjaý etmek bilen geçirildi. Dabaranyň başynda Gurhany kerimden aýatlar okaldy. Şondan soň jenap Arbab Hales ýygnananlaryň hemmesini “Şab-e çelle” güni mynasybetli gutlamak bilen, eýranlylar we Orta Aziýa ýurtlary tarapyndan bu gün mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belläp geçdi.
Çykyşyny dowam etdirip, ol şeýle diýdi: “Şab-e çelle” baýramçylygyň däplerinde maşgala gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär we bu däp-dessurlar ulularyň aýratyn ornyny, olara bolan hormaty we gadyr-gymmaty görkezýär". Jenap Arbab Hales öz çykyşyny “Şab-e çelle” güni bilen baglanyşykly käbir milli eýran däp-dessurlaryny ýatlamak bilen tamamlady.
Ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Nawid Rasuli, ýylyň iň uzyn gijesi bilen gutlap, gysga çykyşynda şeýle diýdi: “ Şab-e çelle baýramynyň 7 müň ýyldan gowrak taryhy bar we taryhyň dowamynda dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň döwürlerinde adamlar bu baýramy dabaraly ýagdaýda bellediler. Däp-dessurlaryň köpüsi şu güne çenli saklanyp galdy”.
Soňra jenap Rasuli sözüniň üstüni ýetirdi: “Gadymy eýranlylar ýylyň iň uzyn gijesinden soň, ertesi gün, gün şöhlesiniň çykmagy bilen günleriň has uzaljakdygyna we ylahy nuryň şöhlesiniň güýçlenjekdigine ynanýardylar we şonuň üçin bu güni belleýärdiler”.
Mundan başga-da, jenap Rasuli öz çykyşynda şeýle belläp geçdi: “Şab-e çelle” baýramy adamzat jemgyýetiniň iň möhüm birligini, ýagny maşgalany berkitýär”.
Çykyşynyň ahyrynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi bu baýramçylygy söýginiň we dostlugyň nyşany diýip atlandyrdy we nygtady: “Eýranlylar dünýäniň haýsy künjeklerinde bolsalar-da, söýgi we dostluk tohumlaryny ekýärler we dünýäni gowulandyrmaga synanyşýarlar ”.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Mohammad Faýazi hem öz gysga çykyşynda dabara gatnaşyjylary “Şab-e çelle” güni bilen gutlady we beýleki ýurtlarda bu baýramçylygyň we Hafiziň goşgularyny okamak dabaralaryň geçiririlmegi baradaky daşary ýurtly kärdeşleriniň ýatlamalaryny agzap geçdi we pars dilini öwrenýän türkmen okuwçylar tarapyndan Hafiziň goşgularynyň okalmagyny deňeşdirip, olaryň goşgy okamaklaryna ýokary baha berdi. Munuň bilen bilelikde, jenap Faýazi medeni geňeşçä edýän işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dabaraň dowamynda “Şab-e çelle” güniň däp-dessurlary barada wideo klip görkezildi, medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän okuwçylar we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiniň okuwçylary Hafiziň goşgularyny okadylar, bulardan başga-da dabarada oýun görkezildi, pars dili kurslaryny üstünlikli tamamlan okuwçylara şahadatnamalar, baýraklar we sowgatlar gowşuryldy, şeýle hem süýji tagamlar hödürlendi.
Filmler.