• Jun 7 2022 - 09:58
  • 266
  • Okamak üçin wagt : 7 minute(s)
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Gündogaryň söz ussady

Hekim Abulkasym Ferdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynda Gündogaryň beýik söz ussady Hekim Abulkasym Ferdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynda  Gündogaryň beýik söz ussady Hekim  Abulkasym Ferdöwsiniň  hatyrasyna  bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.

Bu çäre saglygy goraýyş  düzgünlerini berjaý etmek bilen 31-nji maýda geçirildi. Maslahata Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi  jenap Golamabbas Arbab Hales hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap Nawid Rasuli,   ilçihananyň diplomatlary, D.Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň rektory we daşary ýurt dilleriniň mugallymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkeziniň   pars dilini öwrenýän  okuwçylary  we mugallymlary, şeýle hem  institutyň pars bölüminiň talyplary gatnaşdylar. Institutyň rektory Maral Kuliýewa ýygnananlaryň hemmesine hoş geldiňiz diýip, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky  30 ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy barada aýdyp, Türkmenistanda geçirilen  prezident saýlawlaryndan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy hem-de dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň esasynda iki ýurdyň arasyndaky  hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt bildirendigi barada aýtdy.

Çykyşyny dowam etdirip, iki döwletiň  halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň agzalary bolmak bilen sebitdäki parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerinde hem umumy pozisiýasynyň bardygyny aýtdy.

Soňra hanym Kuliýewa 1990-njy ýylda D.Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty bölüminiň açylmagy we bu bölümiň talyplarynyň Eýranyň edebiýatyna we medeniýetine,  şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk”  kitabynyň pars diline terjimesine  bolan gyzyklanmasyny nygtamak bilen  bu kitabyň talyplara pars dilini öwrenmegine kömek edýän kitapdygyny belläp, şeýle diýdi: “Pars dili bölüminiň talyplary öz ugurlary bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmaga uly höwes bildirýärler,  şeýle hem  Ferdöwsi, Sagdy, Haýýam, Rumi, Rudaki we Anvari ýaly meşhur eýran şahyrlarynyň durmuşyny we döredijiligini öwrenýärler”.

D.Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň rektory çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan üçin Eýran Yslam Respublikasynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, D.Azady adyndaky institutynyň we Ferdöwsi adyndaky Maşat Uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň esasynda  ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlardaky  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň  mundan beýläk-de ösjekdigine umyt bildirdi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi  jenap Golamabbas Arbab Hales çykyş etdi. Ol Ferdöwsiniň  hatyrasyna  bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň guralandygy üçin institutyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň liderleriniň Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň  arasyndaky medeni umumylygy hemişe nygtaýandyklary barada  aýtdy. “Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow “Kyýamat güni goňşudan”  diýip aýdýar we Eýran Yslam Respublikasynyň  Beýik ruhy lideri Aýatolla Hameneýi Eýran bilen Türkmenistan diňe bir goňşy bolman, eýsem garyndaşdygyny hemişe nygtaýar” diýip,  ilçi belläp geçdi.

Çykyşyny dowam etdirip, Ilçi iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, esasanam medeniýet pudagynda, ösdürmegiň zerurdygy hem-de hyzmatdaşlygyň ösmeginde diliň möhüm orny barada aýdyp,  sözüniň üstüni ýetirdi: “Iki ýurduň halklaryny medeniýet we dil  birleşdirýär. Iki halkyň arasynda umumy medeniýet we dil bolmasa, netijeli hyzmatdaşlyk bolmaz we dil öwrenýänler, dürli ugurlarda, ylaýta-da senagat we  söwda ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň  ösüşine  goşant goşýarlar”.

Ilçi sözüniň ahyrynda iki ýurduň sungat we medeni däp-dessurlara, senetçilige, meşhur şahsyýetleriň hatyrasyna ylmy maslahatlaryň geçirilmegine, uniwersitetara gatnaşyklara  we ş.m. dürli ugurlardaky  umumylyga ünsi çekip,  pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň tamamlanmagy bilen iki döwletiň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak we bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek   üçin mümkinçilik dörediler diýip umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap Nawid Rasuli  hem öz gezeginde maslahatyň guralmagy üçin  minnetdarlyk bildirdi we iki döwletiň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýandyklary barada  aýtdy: “Gatnaşyklaryň ösmegi ýurtlaryň birek-biregi has gowy bilmegi esasynda gazanylýar. Bu gün biz Türkmenistanyň ýokary bilim merkezleriniň biriniň myhmany,  sebäbi iki ýurduň medeniýetine has gowy düşünmek alymlar, medeniýet we sungat işgärleri arkaly amala aşyrylýandygyna we bu ýokary okuw jaýynyň   medeni gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşup biljek ylmy merkezleriň  biri diýip ynanýarys”.

Sözüniň dowamynda Ferdöwsiniň deňsiz-taýsyz eseri bolan “Şanama”  we bu ajaýyp eseriň  dünýä edebiýatyna edýän täsiri hakda gürrüň berip, j-p Rasuli şeýle diýdi: “Angliýada we umuman  Ýewropada Ferdöwsi we  onuň “Şanamasy” hakda ilkinji bolup  William Jons  aýdyp berdi”. Jons Ferdöwsiniň “Şanamasyny” pars dilinde okan wagtynda pars we hindi-ýewropa dilleriniň meňzeşligine göz ýetirdi. Pars edebiýatyna uly gyzyklanma bildiren Iogann Wolfgang Gýote "Günbatar awtorynyň gündogar diwany" atly goşgular ýygyndysynyň biriniň ahyrynda Ferdöwsi hakda aýdyp, onuň beýikligini nygtady. Rus edebiýatynda ýokary orny eýeleýän Wasiliý Andreýewiç Žukowskiý “Şanamadaky” Rustam we Sohrab dessanyň  mazmunyna  esaslanyp, ajaýyp goşgy döretdi. J-p Rasuli  beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Ferdöwsä bolan meýilliligi  we eserlerinde  “Şanamanyň”  mifiki gahrymanlaryň  keşplerini  ulanmagy hakda aýdyp,  şeýle diýdi: “Magtymguly “Şanamanyň”  gahrymançylykly  ruhundan we miflerinden medet gözledi we şol bir wagtyň özünde Ferdöwsiniň älemdäki barlyga  çuňňur garaýyşyna akyl ýetirdi. Ferdöwsi ölümiň öňünde hemme kişi  deň we  ölüm adamlaryň arasyndaky deňsizligiň, tapawutlylygyň we ähli artykmaçlyklaryň soňy diýip hasaplaýar. Bu düşünjäni Magtymgulynyň goşgularynda hem görmek bolýar. Bularyň hemmesi "Şanamanyň"   dünýä edebiýatynda tutýan ornuny görkezýär”.

J-p Rasuli çykyşynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkeziniň  Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri instituty  bilen bilelikde  pars dili we edebiýaty pudagynda,  şeýle hem iki ýurduň medeniýeti bilen tanyşmak üçin  has köp çäreleri  geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu maslahatda Institutyň rektoryna  we pars bölüminiň kafedra müdirine medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan Gündogaryň beýik söz ussady Hekim  Abulkasym Ferdöwsiniň  hatyrasyna  bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi üçin  minnetdarlyk haty gowşuryldy.

Çäräniň dowamynda dürli çeper çykyşlar boldy. Abulkasym Ferdöwsi barada wideo-klip görkezildi, Eýranyň medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän  okuwçylar we  D. Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň talyplary  bu beýik şahyr hakda makalalary we goşgulary okadylar, oýun sahnasyny görkezdiler.

Bu maslahat sowgatlaryň gowşurylmagy,  şeýle hem  iki ýurdyň milli tagamlaryň   hödürlenmegi  bilen tamamlandy.

Maslahatyň geçirilen ýerinde  iki ýurdyň amaly-haşam sungatynyň çeperçilik önümleriniň we kitaplaryň bilelikdäki sergisiniň guralandygyny bellemelidiris.

 

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: