• Nov 28 2021 - 08:31
  • 359
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Aşgabatda pars dilini öwrenmegiň güýzki tapgyry başlandy

Pars diliniň güýzki okuw tapgyry Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde açylyş dabarasyny geçirmek bilen başlandy. Çarşenbe güni, 22-nji sentýabrda, pars dili kursunyň täze güýz möwsümi Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda saglyk düzgünlerine doly berjaý etmeklik arkaly täze pars dilini öwrenijileriniň we olaryň maşgalalarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda açylyş dabara bilen başlandy.

Pars diliniň güýzki okuw tapgyry Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde açylyş dabarasyny geçirmek bilen başlandy.

Çarşenbe güni, 22-nji sentýabrda, pars dili kursunyň täze güýz möwsümi Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda saglyk düzgünlerine doly berjaý etmeklik arkaly täze pars dilini öwrenijileriniň we olaryň maşgalalarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda açylyş dabara bilen başlandy.

Düzgün boluşy ýaly, bu okuw tapgyrynyň dabarasy Allanyň kelamy bolan Korandan Aýat okamaklyk bilen başlady. Soňra Nawid Resuli, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi täze pars dilini öwrenijilere we olaryň maşgalasyna hoş geldiňiz bilen garşylap şeýle diýdi:” Bu süýji Pars dili şygyryň, edebiýatyň we beýik şahsyýetler bolan Hafez, Sädi, Ferdöwsi ýaly şahyrlaryň dili bolan pars dili, Eýranyň we Türkmenistanyň medeni mirasynyň umumylyklaryna baýdyr. Şonuň üçin; Pars dilini öwrenmek bilen, birek-biregiň medeni umumylyklaryna öňküsinden has köp, düşünip bileris”.

Biziň yurdumyzyň medeni geňeşçisi dürli derejedäki pars dili sapaklaryny sanap geçmek bilen: "Pars dilini öwretmek üçin ulanylýan kitaplar Sädi gaznasynyň mugallymlary we halkara ülňüleri bilen taýýarlandy we düzüldi. Bu okuw tapgyrlarynda  şol kitaplardan öwredilýär we pars dilini öwrenmek isleýänler, iki dostlukly we goňşy ýurduň, ýagny Eýranyň we Türkmenistanyň umumy medeni mirasyny ykrar etmekde kömek edip biler diýip umyt edýärin” diýdi.

Nawid Rasuli, pars okuwçylarynyň gatnaşýan dürli medeni çärelerini sanap geçmek bilen, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen surat çekmek, düzme ýazmak, sahna oýnamak sungaty we ş.m. ýaly medeni çärelerini beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni geňeşçisi sözüniň ahyrynda pars dilini öwrenijilere üstünlik arzuw etdi we pars dilini öwretmek mümkinçiligini berenligi üçin Türkmenistanyň prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Pars dilini öwretmekde iň gowy mugallymlary ulanyp,  täze okuw usullary bilen dil öwrenýänlere ders bermek üçin hemme mükinçilikleriň bardygy we  süýji pars dilini öwrenmekden höwes bildirýänlere täze okuw usulyndan lezzet almaga höweslendi.

Ýygnanşygyň dowamynda 3 pars dilini öwreniji okuwçylar, gatnaşyjylara öz pars dilini öwrenişleri baradaky ýatlamalaryny pars we türkmen dillerinde paýlaşdylar.

 

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: