Aşgabatda Hafyza bagyşlanyp çäre geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty ýagny gündogar dilleri fakulteti bilen bilelikde Aşgabat şäherinde bu ýokary okuw jaýynda Hafyza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty ýagny gündogar dilleri fakulteti bilen bilelikde Aşgabat şäherinde bu ýokary okuw jaýynda Hafyza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.
16-njy okatýabrda (24-nji mehr) geçirilen bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň rektory Maral Kuliýewa, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary, talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň rektory Maral Kuliýewa hemmelere hoş geldiňiz diýip, daşaru ýurt dilleriniň esasan hem pars diliniň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşygy pugtalandyrmakda uly ornunyň bardygyny belläp geçdi.
Ol sözüni dowam etdi: 1990-njy ýyldan bäri biziň ýokary okuw jaýymyzda pars dili öwredilýär we ýüzden gowrak pars dili terjimeçileri ýokary okuw jaýymyzyň uçurumlary boldular. Şu günki gün olar bilim merkezlerinde we ykdysady pudakda zähmet çekýärler. Biziň talyplarymyz uly höwes bilen dost we goňşy döwletimiz bolan Eýranyň medeniýeti, sungaty we edebiýaty bilen tanyş bolýarlar.
Hanym Kuliýewa öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň goşgusynda Hafyzyň adyny Eýranyň edebiýatynyň güneşi hökmünde tanatýanlygyny belläp, bu iki akyldaryň pikirleriniň gabat gelýänligini aýtdy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň rektory Hafyzyň bütin dünýäde beýik şahyrdygyny belläp, onuň adynyň türkmen halkynyň arasynda hem ebediligini aýdyp sözüni soňlady.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales Türkmen halkynyň milli liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine medeniýet ulgamyna berýän ünsleri üçin sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi:
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ähli ugurlarda, esasanam medeniýet ulgamyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygyny goldaýandygynyň şaýat bolýarys.
Çykyşynyň dowamynda Hafyzy goşgularynyň sözleri mistiki we ylahy görnüşinde bolan şahyr hökmünde belläp, şeýle diýdi: Hafyzyň goşgularynda bir wagtyň özünde ylym, mistika we ylahy bilim duýmak bolýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi çykyşyny şular ýaly çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky umumy gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine ýardam eder diýip, tamamlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri instituty bilen bilelikde Hafyza bagyşlanyp dabaraly çäräniň geçirilýänligine, şygryýete we edebiýata ünsi çekip, şeýle diýdi: Edebiýat bütin dünýäde ähli adamlaryň arasynda umumy gymmatlyk hasap edilip we aladalar bilen gurşalyp alynan we "Eýranyň edebiýaty" umumy gymmatlyklaryň arasynda ajaýyp şöhle saçýar. Pars edebiýaty, esasanam poeziýa görnüşinde, dünýäniň we adamyň gündelik durmuşy arasynda ýokary manylygy we özüniň mizemezligi bilen özboluşly baglanyşyk gurýar.
Ol sözüni dowam etdi: Pars edebiýatynyň beýik söz ussatlary şeýle ýokary derejä eýe bolup, gadymy döwürlerden şu günki güne çenli dünýäniň iň beýik şahyrlary we akyldarlary hökmünde bütin ýer ýüzünde hormatlanylýarlar. Olaryň pozisiýasy dünýäniň akyldarlary tarapyndan ençeme gezek wasp edildi we dünýädäki köp şahsyýetler olaryň sözleriniň we pikirleriniň olara täsir edendigini buýsanç bilen beýan edipdirler. Hafyz Eýranyň we dünýäniň iň beýik liriki şahyrlaryndan biri bolup, Eýran topragynyň medeniýetiniň we edebiýatynyň iň gymmatly hazynalarynyň biridir we Eýranyň medeniýetini bütin dünýä tanamakda uly orny bardyr.
Rasuli ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň 24-nji mejlisinde, Eýranyň teklibi bilen 1367 hijri – şemsi ýylynda ýagny 1989-njy milady ýylynda, Hafyzyň 600 ýyllygy mynasybetli şol ýyly Hafyzy ýatlama ýyly diýip atlandyrylanlygyny belläp, sözüni dowam etdi: Hafyz üýtgeşik zatlar barada alada edýän şahyrdyr we muny onuň gazallarynda görmek bolýar. Esasan, durmuş we ölüm, durmuşyň manysy we barlygyň maksady bilen gyzyklanyp, olar hakda bir zatlar beýan edýär, ýöne onuň diwanynda yzly-yzyna ýüze çykýan aladalar we synaglar şahyrana bolup, birnäçe ugurlylygy, belgiler we nyşan dilinde beýan edilýär.
Ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sözüniň soňunda Hafyzyň Diwanyny ençeme ýyl bäri dünýäniň dürli dillerine terjime edildi we goşgularynyň adamlara täsiri barada belläp, aýtdy: Haçanda bu akyldarlaryň çekişmelerine salgylanylanda, Hafyz Şiraziniň goşgulary olaryň pikirine täsir edendiginiň we bu çekişmeleriň hemmesi Hafeziň bütin dünýäde tanalmaly diýilen netijä gelinendigini görýäris.
Dabaraly çäräniň dowamynda Hafyz barada wideoşekil, sahna oýuny ýerine ýetirilip, Eýranyň Medeniýet Merkezi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri institutynyň talyplary we Pars dili öwrenijileri tarapyndan goşgy, makalalar we başgada gyzykly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Şeýle hem çärede ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna, talyplaryna, çärede çykyş eden pars dili öwrenijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýokary okuw jaýynda geçirilen çärede iki ýurduň el işleri sungatyna degişli umumy sergi gurnalyp, ýurdumyzyň ilçisi we ýokary okuw jaýynyň rektory sergä aýlanyp gördüler.
Çäräniň soňunda iki döwletiň naz – nygmatlary hemmelere hödür – kerem edildi.
Filmler.