"Zenanlar we eneler güni" mynasybetli Aşgabatda dabaraly çäre geçirildi.
Hezreti Patma Zöhräniň (saw) doglan güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde “Zenanlar we eneler güni" mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Hezreti Patma Zöhräniň (saw) doglan güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde “Zenanlar we eneler güni" mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
13-nji ýanwar, anna güni Yslam pygamberiniň (saw) gyzy Hezreti Patma Zöhräniň (saw) doglan güni mynasybetli, Türkmenistanda Aşgabat şäherinde biziň ýurdumyzyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda “Zenanlar we eneler güni" mynasybetli dabaraly çäre gurnaldy.
Dabaraly çärede Bilbil Babaýewa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýaşaýjylary we birnäçe Eýranly raýatlar gatnaşdy. Gurhandan Aýat okalandan soň, jenap Näwid Resuli Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi bu baýramçylyk bilen gutlady we bu hoşniýetli günüň Hezreti Patmanyň (saw) doglan gününiň “Zenanlar we eneler güni” hökmünde bellenýänligini belläp, şeýle diýdi: Bu günüň şeýle bellenilmeginiň sebäbi Yslam Pygamberi (saw) öz gyzyna “Umme Abiha” adyny bermekligi bilen, ýagny “öz kakasy üçin hem eje bolan zenan” diýmekligi bilen baglydyr”.
Ol Enäniň beýik ornuny düşündirip, sözüni dowam etdi: Pygamberimiz (saw): "Jennet eneleriň aýagynyň aşagyndadyr" diýdi. Sebäbi eneler, göwrelilik (hamylalyk) döwründäki kynçylyklardan başga-da, islendik ýurduň geljekki perzentleriniň terbiýesinde möhüm orny bar we aslynda edep - terbiýäniň esasy merkezidirler ".
Jenap Resuli sözüniň dowamynda Eýranyň we Türkmenistanyň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň arasynda enäniň görnükli ornunyň ähmiýetine ünsi çekip, sözüni dowam etdi: iki ýurduň şahyrlary durmuşy "enäniň nazary, enäniň ýylgyryşy we enäniň dileg - dogasy" diýen üç bölege bölýärler. Iki ýurduň medeniýetinde giňden ýaýran we hormatlanýan möhüm söz we hatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy ene hakynda kitap ýazdy.
Jenap Resuli sözüniň soňunda biziň ýurdumyzda aýal-gyzlarymyzyň gazanan käbir üstünliklerine ünsi çekip, şeýle diýdi: “Bir ýurduň gülläp - ösüşinde aýallaryň tutýan orny örän wajypdyr we häzirki wagtda birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda ösüşi jemgyýetiň möhüm bölegi bolan zenanlaryň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna baglydyr.”
Dabaraly çäre wideo klipler, aýdym çykyşlary, sahnalar, pars dili öwrenijileriň öz eneleri barada ýazan makalalaryny we goşgularyny okamak, surat bäsleşikleri we beýleki çykyşlar bilen dowam etdi. Dabaranyň soňunda Pars dili öwrenijilere gutardyş şahadatnamalary, dabarada çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we ähli gatnaşanlara hödür kerem edildi.
Filmler.