• Jan 16 2025 - 16:58
  • 52
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Hezreti Alynyň (a) doglan güni we kakalar güni dabaraly bellendi

13-nji ýanwarda Hezreti Aly (a) doglan günine we kakalar günine bagyşlanyp, ilçiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysynyň, pars dili öwrenijileriň we olaryň ene - atalarynyň gatnaşmagynda Medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi.

13-nji ýanwarda Hezreti Aly (a) doglan günine we kakalar günine bagyşlanyp, ilçiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysynyň, pars dili öwrenijileriň we olaryň ene - atalarynyň gatnaşmagynda Medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi.

Çäre Gurhandan aýat okalmagy bilen başlandy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani bütin dünýäde Hezreti Alyny hormatlaýanlary, onuň mübärek doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasynda Rejep aýynyň 13, Hezreti Alynyň doglan güni atalar güni diýlip atlandyrylyp bellenilýär. Bu gün atalaryň ýadawsyz tagallalaryny ýada salmak we baha bermek üçin uly mümkinçilikdir. Jemgyýetiň atalarynyň edýän tagallalary, kynçylyklaryny, pidakärlikleri we yhlasy hakda oýlanyljak gün. Atanyň ornyna we edýän tagallalaryna baha bermek güni we ýüzünden ýadawlygyny aýyrmak güni we Kakaňyzyň owadan ýylgyryşyna tomaşa etmek we kaka barada pikir etmek, kakaňyzyň ýanynda bolmak güni.

Ol iki ýurduň medeni umumylyklaryna ünsi çekip, şeýle diýdi: Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni umumylyklaryň biri ene-atalara hormat goýmak we ene-atalaryň medeniýetde we jemgyýetdäki ýokary derejesine üns bermekdir. Yslam we Eýran medeniýetinde, şeýle hem türkmen medeniýetinde atalyk möhüm orna eýe we adatdan daşary gymmatlydyr, sebäbi kakanyň özüne ynanylan amanady bar we bu ylahy sowgady gorap saklamak, edep – terbuýe bermek onuň jogapkärçiligidir we ol bu ylahy sowgady terbiýelemk üçin, ynamy ödemek üçin jan etýär. Aslynda atalar maşgalanyň diregi. Güýç, sabyr we çagalaryna deňsiz-taýsyz söýginiň nusgasy hökmünde dik durýarlar. Olar diňe bir maşgalanyň maddy jogapkärçiligini öz üstüne alman, eýsem çagalaryň we maşgalanyň barlygy we goldawy bilen perzentleriniň ulalyp, ösmegi üçin mümkinçilikler döredýärler.

Ol çykyşynda Pygamberimiziň ene – atanyň orny barada belläp, şeýle diýdi: Ýagny ynsan baky bagt isleýän bolsa, bu ýoly ulanmak we ene-atasyna üns bermek bilen jennetde ajaýyp bir ýere ýetip biler we başga bir tarapdan, ene-atasyna hormat goýmaýan adama dowzah wada berilýär. Bunuň bilen baglylykda, Gurhanyň ýene bir ýerinde Hudaý ene-atalara bolan söýginiň we hoşniýetliligiň ähmiýetini belleýär hem-de Ysra süresiniň 24-nji aýatynda şeýle diýýär: "Ene-ataňyza söýginiň ganatlaryny ýaýyň", bu söýgi ganatlary kiçigöwünliligi, ene-atalaryňyzyň buýruklaryna boýun bolmagy we olara  bolan mähir muhabbetiňizi aňladýandyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi çykyşyny dowam etdi: Pygamberimiziň (s) hadysyna görä ene-atasyna, esasanam kakasyna ýagşylyk etmek we söýmek, adamyň ömrüni artdyrýar we durmuşynyň bereketidir, ýa-da başga bir ýerde Taňrynyň razylygy Atanyň razylygydyr we Taňrynyň närazylygy Atanyň närazylygydyr diýilýär. Şol esasda çaganyň ene-atasyna gulak asmazlygy hem ýazgarylýar we "ene-atasyny diňlemezlik " esasy günäleriň biri hasaplanýar. Hatda Gurhany kerimde-de Hudaý çagalary ene-atalary üçin doga etmäge çagyrýar we Nuh süresiniň 28-nji aýatynda şeýle diýýär: "Eý, Hudaý, meni we ene-atamy bagyşla we öz rehim edenleriňden eýle ", bu ünsi ene- atamyz dünäden ötenden soň bermeli. Ýagny perzentler ene – atalary wepat bolandan soň hem olar üçin doga – dileg etmeli, Beýik Alladan olary bagyşlamagy soramaly, olaryň wesýetlerini ýerine ýetirmeli we olary ýatlap durmaly.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Parwiz hemmeleri Hezreti Fatima Zahranyň (S) söýgüli ýoldaşy Hezreti Alynyň (a) doglan güni bilen gutlap, şeýle diýdi: Atalar güni dünýäniň dürli künjeklerinde dürli senelerde bellenilýär. Köp ýurtda bu gün iýun aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýär. Emma Eýranda Atalar güni olaryň maşgalada we jemgyýetdäki ornuna hormat hökmünde Hezreti Alynyň doglan gününde bellenilýär. Hezreti Aly takwalygyň, adalatyň we paýhasyň nusgasy we taryhyň ähli döwürlerinde ähli adamlar we adamzat jemgyýeti üçin görelde bolup, çagalary üçin göreldeli ata hökmünde tanalýar.

 Ol sözüni dowam etdi: Bu gün, maşgalany emele getirmekde we berkitmekde hemişe möhüm orun eýeleýän atalaryň edýän tagallalaryna, pidakärliklerine we söýgüsine baha bermek üçin bir pursatdyr. Kaka maşgala durmuşynda durnuklylygyň, goldawyň we ýol görkezijiniň nyşanydyr. Atanyň bolmagy we täsiri diňe bir maddy taraplarda däl, eýsem çagalary terbiýelemekde, ahlak we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny terbiýelemekde we maşgala gatnaşyklaryny berkitmekde-de möhümdir.

Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi: Eýran Yslam Respublikasy ýaly Türkmenistanyň medeniýetinde kakanyň orny örän möhümdir. Bu ýagdaý türkmenleriň däp-dessurlaryndan, etnik we dini ynançlaryndan gözbaş alyp gaýdýar we maşgala we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy kakasy Döwletmuhammet Azady hakynda "Atamyň" atly goşgy ýazyp, şol akyldaryň ahlak aýratynlyklaryny we asylly şahsyýetini beýan edipdir.

Jenap Parwiz türkmen däp – dessurlary barada hem belläp geçdi: Türkmen halkynyň gowy däpleriniň arasynda ýaşulylara atalara hormat goýmak bardyr. Türkmen medeniýetinde ýaşulylaryň aýratyn orny bar we olara hormat goýmak ahlak borjy hasaplanýar we kararlary maşgala we jemgyýetçilik meseleleriniň köpüsinde täsirlidir.

Bu dabaraly çäräniň dowamynda wideoşekil görkezildi, aýdym, goşgy, ýatlama we güklüli sahna Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle hem bu çäre bilen bagly surat çeken we çärä gatnaşan pars dili öwrenijilere ýadygärlik sowgady we okywyny üstünlikli tamamlanlara bolsa güwanamalar gowşuryldy. Çäräniň soňunda hemmelere hödür – kerem edildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: