• Dec 20 2024 - 20:58
  • 13
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Aşgabatda eýranlylar we türkmenler bilelikde Ýälda baýramy bellediler

Türkmenistanyň paýtagty aşgabat şäherinde ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde “Ýälda” baýramçylygy mynasybetli saçak bezelip, dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň paýtagty aşgabat şäherinde ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde “Ýälda” baýramçylygy mynasybetli saçak bezelip, dabaraly çäre geçirildi.

Bu dabaraly çäre 20-nji dekabrda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuliniň, daşary ýurtly diplomatlaryň, eýranlylaryň, sungaty söýýän türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda, Medeniýet merkeziň mejlisler zalynda geçirildi. Dabaranyň başynda Gurhan – Kerimden aýat okaldy. Soňra Ali Mojtaba Ruzbahani myhmanlary baýram bilen gutlap, Ýälda sözüniň medeni we taryhy baýramdygyna ünsi çekip, şeýle diýdi: Ýälda sözi dogulmagy, täzeden dünýä inmegi aňladýar we bu ýedi müň ýyl mundan ozal eýranlylaryň arasynda geçirilýän baýramydyr. Ýälda gijesiniň ýa-da Çille gijesiniň mowzugy, güýzüň soňky gijesinde ýylyň iň uzyn gijesi hökmünde uly joşgun bilen bellenilýän Eýranyň iň gadymy baýramlaryň biridir. Bu gije,  çarşenbe suri güni we Nowruz baýramy ýaly gadymy Eýranyň milli baýramlarynyň biridir we baýramçylyk güýzüň soňky gününiň gün ýaşmagyndan başlap, gyşyň ilkinji güni günüň dogmagy bilen tamamlanýar.

Ruzbahani sözüni dowam etdi: Ýälda gijesi Çille gijesi, Milad Mehr we käbir beýleki atlar bilen hem bellidir. Aslynda, ata-babalarymyz astronomiýa ýörelgelerine esaslanyp, gije-gündiziň uzynlygyny ölçemek bilimine eýe bolup, gyş möwsüminiň ilkinji gijesiniň ýylyň iň uzyn gijesidigine göz ýetiripdirler. Yslamdan ozal gadymy däp-dessur hökmünde, şeýle-de Yslamdan soň täze bir nukdaýnazardan hem seredilende, eýranlylar tarapyndan hormat goýulypdyr we eýran halkynyň medeniýetinde hemişe aýratyn orny eýeläpdir.

Ol 40 belginiň eýran medeniýetinde orny barada hem şeýle diýdi: Aslynda, 40-lyk belgisi gadymy döwürden Eýran medeniýetinde aýratyn orny bar. Gadymy eýranlylar gyşy "uly çille" we "kiçi çille " diýip bölüpdirler. Azär aýynyň soňky gijesine çille diýilýär; Sebäbi bu uly betbagtçylygyň başlangyjy we gyş sowugynyň gelmegi hakda gürrüň berýär. Takmynan 40 günden soň, uly çilläniň gutarmagy we kiçi çilläniň başlangyjy bolan sede baýramçylygy geçirilýär. 

Ruzbahani sözüni dowam etdi: Eýranyň dürli sebitlerinde, geografiki sebite we şol sebitiň däp-dessurlaryna esaslanyp, süýjilikleriň we iýmitleriň görnüşleri ulanylýar; Emma garpyz, Eýranyň ähli sebitlerinde maşgalalarda iýilýän ýeke-täk bakja - önümdir, sebäbi köp adam gar gijesinde garpyz iýilse, öňümizdäki aýazly gyşda üşemejekligine , kesellemejekligine we tomusda güýçli yssylarda suwsuz galmajaklaryna ynanýarlar. Mundan başga-da, nar miwesi Ýälda saçagynda şatlygyň we nesilleriň dowamlylygynyň alamaty hökmünde goýulýar. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda Ýälda baýramynyň esasy aýratynlygy barada şeýle diýdi: Ýälda gijesiniň iň möhüm aýratynlygy we ähmiýeti, bile bolmak we adatça maşgalanyň ýaşululary tarapyndan doga - dileg edilip, däp – dessurlaryň ýerine ýetirilmegi. Bu gije ýaşulular geçmişdäki ýatlamalary aýdyp, başdan geçirenlerini paýlaşýarlar, maşgala agzalarynyň arasynda öýkeleşenler bar bolsa, ýaraşylýar. Bu gije maşgalalar we maşgala agzalary bilelikde bolmak maşgala agzalarynyň ýakynlygyny we agzybirligini artdyrýar, düşünişmesizlikleri aýyrýar we netijede bagt döredýär we ýaşululara hormat goýulmalydygyny ýaş nesillere öwredýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, Ýälda sebitiň halklarynyň arasynda umumy we hormat goýulýan ahlak, etnik we milli gymmatlyklary, gorap saklamaga we goldamaga mümkinçilik döredýän miras hökmünde agzap bolar.

Ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawud Rasuli Çille gijesiniň Gadymy Eýranyň baý medeniýetiniň nyşany hökmünde belläp, şeýle diýdi: Ýälda ýa-da Çille gijesi Eýran halkynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän baý medeniýetini görkezýän baýramlarynyň biridir. Ýälda ata -enelerimiz üçin milli senenamada gelýän bir baýramçylyk bolman, eýsem ynsan häsiýetlerini ýüze çykarýan baýram bolupdyr. Bu gije ýylyp iň uzyn gijesidir we biziň ata – enelerimiz her ýyl bu gijäni baýramçylyk edip belläp geçipdirler.

Rasuli sözüni dowam etdi: Eýranly alym Abu Reýhan Biruni, Ýalda gijesini Milad Akbar diýip atlandyrýar we bu Günüň Miladasyny aňladýar, bu günden başlap gün nury köp şöhle saçýandygyny we ösüşiň başlanýandygyny aňladýar. Yalda gijesiniň taryhy örän uzak geçmişden gözbaş alyp gaýtýar. Käbir arheologlar Ýalda gijesiniň taryhyny ýedi müň ýyllyk diýip hasaplaýarlar. Olar daş döwrüne degişli Palçykdan ýasalan gap-gaçlary mysal getirýärler. Bu gap-gaçlarda goç we akrap ýaly Eýran aýlarynyň we haýwanlaryň şekilleri bar.

Ol sözüni dowam edip, Ýälda gijesiniň mähir-muhabbeti we parahatçylygy görkezýän däbi hökmünde agzap, şeýle diýdi: Çille gijesi adamzat jemgyýetiniň möhüm bölegi bolan maşagalanyň berkemegine sebäp bolar. Şeýle-de Çille gijesi eýranlylar dünýäniň haýsy böleginde hem bolsalar mahir we dostluk bilen bütin ýer şaryny ýaşaýyş üçin iň gowy ýere öwürmäge synanyşýarlar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi : şu ýylky Ýälda gijesiniň, Eýranyň we Türkmenistanyň ähli halky üçin söýgi, mähir we bagtdan doly bäýramy bolar diýip umyt edýärin.

Ýälda gijesi Pars dili öwrenijileriň ýerine ýetirmeginde dürli medeni çäreler we soňunda milli tagamlaryň hödür edilmegi bilen tamamlandy.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: