• Jan 28 2025 - 17:53
  • 49
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Allanyň Resulynyň Mäbäsy dabara bilen bellendi

Rejep aýynyň 27-ne ýagny bähmän aýynyň 8-ne Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Ilçiniň orunbasarynyň, Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysynyň, pars dili öwrenijileriň we olaryň ene –atalarynyň gatnaşmagynda Allanyň Resulynyň Mäbäs baýramçylygy uly dabara bilen bellenilip geçildi.

Rejep aýynyň 27-ne ýagny bähmän aýynyň 8-ne  Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Ilçiniň orunbasarynyň, Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysynyň, pars dili öwrenijileriň we olaryň ene –atalarynyň gatnaşmagynda Allanyň Resulynyň Mäbäs baýramçylygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. 

Dabaraly çäre Gurhan Kerimden aýat okamak bilen başlandy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Pärwiz taryhda bütin ynsanlaryň mugallymy hasaplanýan Yslam dünýäsiniň pygamberiniň pygamberlige saýlanan güni ýagny Mäbäs baýramy bilen hemmeleri gutlap, şeýle diýdi: Mäbäs baýramy Muhammet alaýhyssalamyň pygamber hökmünde bellenmegini ýada salýan iň möhüm we mübärek yslam baýramlaryndan biri hökmünde bellenilýär. Bu gün Rejep aýynyň 27, 40-njy Amolfil ýylynda bolup geçdi we Pygamberimiziň (saw) bütindünýädäki wezipesiniň başlangyjy boldy.

Ol sözüni dowam etdi: Jahyllyk döwründe arap jemgyýeti nadanlyk, butparazlyk we jemgyýetçilik deňsizlikleri başdan geçirýärdiler. Bu döwürde ahlak we adamzat gymmatlyklary gowşaýar we köp adamlar hakykatdan we ýeke-täklikden töwhitden daşlaşýarlar. Özüniň dogruçyllygy we ygtybarlylygy bilen tanalýan Yslam pygamberi (saw) çagalykdan butparazlykdan uzak ýaşapdy we hemişe hakykatyň gözlegindedi.

Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi: Muhammet alaýhyssalam 40 ýaşynda Hira gowagynda ybadat we pikirlenmek bilen meşgullandy. Bu gowak Mekge şäheriniň golaýyndaky Nur dagynda ýerleşýär. Jahyl jemgyýetiň ýagdaýyndan näräzy bolan Pygamberimiz (saw) bu ýalňyzlykda Hudaý we barlyk hakda oýlanýardy. Wahy perişdesi Jebraýyl onuň ýanyna inip, Aläk süresinden Gurhanyň ilkinji aýatlaryny okady: u aýatlaryň manysy şeýledir: “Ýaradan Rabbynyň ady bilen oka. Ol ynsany alakdan ýaratdy. Oka, Rabbyň tükeniksiz keramatyň eýesidir. Galam bilen ýazmagy öwreden oldur. Ynsana bilmediginem ol öwretdi.” Bu habar Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) wezipesiniň we adamzady ugrukdyrmak baradaky ylahy tabşyrygyň başlangyjydy.

Jenap Pärwiz Mäbäsiň ähmiýeti barada hem belläp geçdi: Yslam pygamberiniň (saw) wezipesi diňe bir musulmanlara däl, eýsem ähli adamlara kämillige we hakykata ýetmegiň ýoluny görkezýän adamzat taryhynyň öwrülişik aýratynlygydyr. Bu waka imanyň, ahlagyň we ylahy buýruklara eýermegiň ähmiýetini ýada salýar we jemgyýetde adalat we takwalygy ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýar.

Ol sözüni dowam etdi: Yslam pygamberiniň (saw) wezipesiniň başlanmagy adamzat taryhynda möhüm öwrülişik hasaplanýar. Bu tabşyrygyň başlamagy bilen töwhid we adalat habary dünýä ýaýraýar. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) Gurhandan gelip çykan taglymatlary diňe bir dini ynançlary düzetmek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetçilik, syýasy we medeni ugurlara-da uly täsirini ýetirdi.

Ol sözüniň soňunda şeýle diýdi: Yslam pygamberiniň (saw)  wezipesine girişmekligi we onuň tabşyryklary, töwhid, ahlak we adalat ýörelgelerine dolanmagyň zerurdygyny ýada salýar. Köp kynçylyklara duçar bolan häzirki zaman dünýäsinde Yslam pygamberiniň taglymaty parahatçylygy, raýdaşlygy we adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan durmuşy ýola goýmak üçin nusga bolup biler.

Bu dabaraly çärede wideoşekil görkezildi, aýdymlar, goşgy, sahna oýunlary we başgada gyzykly çykyşlar pars dili öwrenijiler tarapyndan ýerine ýetirildi. Çäräniň soňunda çykyş edenlere ýadygärlik sowgat gowşuryldy we hemmelere hödür – kerem edildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: