• Jan 13 2026 - 19:11
  • 4
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 13-ine Türkmenistanyň Döwlet Kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehaniniň, ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasiniň hem-de ilçihananyň medeniýet işleri boýunça hünärmeni Bageriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn Şamyradowna bilen tanyşlyk hem-de bilelikdäki medeni çäreleri gurnamak barada pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirildi. Myhmanlar golýazmalar bölümi, pars we daşary ýurt dilleri bölümi, gadymy çeşmeler, gadymy gazet we neşirýat bölümi ýaly kitaphananyň dürli bölümleri bilen tanyşdylar.

 

Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn bilen duşuşyk geçirildi

 

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 13-ine Türkmenistanyň Döwlet Kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehaniniň, ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasiniň hem-de ilçihananyň medeniýet işleri boýunça hünärmeni Bageriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn Şamyradowna bilen tanyşlyk hem-de bilelikdäki medeni çäreleri gurnamak barada pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirildi. Myhmanlar golýazmalar bölümi, pars we daşary ýurt dilleri bölümi, gadymy çeşmeler, gadymy gazet we neşirýat bölümi ýaly kitaphananyň dürli bölümleri bilen tanyşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba  Ruzbahani ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany" diýlip atlandyrylan täze ýyly gutlap, iki ýurduň medeni hyzmatdaşlyklarynyň has - da ösdürilmegini arzuw etdi. Soňra Türkmenistan we Eýranyň Magtymguly Pyragy ýaly bütin dünýä meşhur bolan medeni we edebi şahsyýetleriniň dünýä alymlarynda uly täsir galdyrmagy ýaly gymmatly, birmeňzeş medeni mirasynyň örän möhümdigini belläp geçdi. Medeniýet bölüminiň we kitaphananyň iki ýurduň gatnaşygyndaky ähmiýeti örän uludyr. Ilçi Eýranda hem milli kitaphana, “Astane Gods” kitaphanasy, Daşary işler ministrliginiň kitaphanasy we Medeniýet ministrliginiň kitaphanasy ýaly birnäçe gymmatly eserleri saklaýan kitaphanalaryň bardygyny belläp geçdi. Eýranyň milli kitaphanasynda 3 milliondan gowrak kitap saklanylyp, onuň türkmen tarap bilen dürli ugurlarda hususan – da kitap we kitaphana ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiliginiň bardygyny we taýýardygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi kitaphananyň başlygy Laçyn Nurmuhammedowa maý aýynda Eýranda geçiriljek halkara kitap sergisine gatnaşmaga we şol wagtda Eýranyň milli kitaphanasyna baryp görmegini hem – de hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmagy teklip etdi. Mundan başga – da, Türkmenistanyň Döwlet Kitaphanasynda Eýrana degişli bir bölüm döretmek maksady bilen pars dili kitaplaryny üpjün etmäge, kitaplary terjime etmek ugrunda hem işleşmäge taýýardygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Enä tagzym – Mukaddeslige tagzym" kitabynyň pars diline terjime edilendigini, häzirki wagtda bolsa Ferdöwsi uniwersitetinde 17 tomluk "Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri" kitabynyň terjime edilýändigini hem – de Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoludyr" kitabynyň terjimesiniň başlanjakdygyny belledi. Ilçi sözüniň soňunda kitaphananyň ýolbaşçylaryny ilçihananyň medeniýet merkezine, onuň kitaphanasyny we pars dili sapaklaryny görmäge çagyrdy.

Soňra Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi öz çykyşynda ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem – de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde edýän tagallalary üçin köp sag bolsun aýtdy. Duşuşygyň dowamynda Eýran we Türkmenistanyň arasyndaky medeni ulgamynyň hem – de iki ýurduň arasynda medeniýet ulgamynda ylmy, ýokary okuw we kitaphana hyzmatdaşlyklarynyň berkidilmegi bellenilip geçildi. Jenap Abbasi öz çykyşynda kitap ulgamynda ikitaraplaýyn hünärmenleri, mugallymlary çagyrmagy, medeniýet - sungat, edebiýat, medeni we taryhy miras ulgamlarynda kitap, neşirýat, surat, film ýaly eserleri üpjün etmek hyzmatdaşlygyny, Türkmenistanyň Döwlet Kitaphanasy bilen Eýranyň Milli Kitaphanasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip edip, kitaphananyň başlygyny, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryny we medeniýet işgärlerini maý aýynda geçýän Eýran Yslam Respublikasyndaky halkara kitap sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn Şamyradowna ilki bilen gelen myhmanlara öz adyndan hem – de ähli işgärleriň adyndan sag bolsun aýtdy hem – de hormatly ilçini Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gowşurylan nyşan bilen gutlady. Kitaphananyň başlygy Türkmenistanda Arkadag şäherindäki Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana bilen bilelikde jemi 272 kitaphana bardygyny we 2025 – nji ýylda ýurtdaky kitaphanalar kanuny kabul edilendigini belläp geçdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly ilçä we medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisine beren teklipleri üçin sag bolsun aýtdy. Duşuşygyň soňunda hormatly ilçi geçirilen duşuşyk üçin minnetdarlygyny bildirip, kitaphananyň ýolbaşçylaryny Eýranyň Milli Kitaphanasyna we şeýle hem ilçihanada geçiriljek Eýranyň Milli gününe çagyrdy. Soňra bolsa ýadygärlik sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Belläp geçsek, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan Döwlet kitaphana pars dilinde edebiýat wekilleriniň diwanlary, pars dili we edebiýaty boýunça okuw gollanmalary, çeper edebiýatlar sowgat berildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: