Hojjat-ul-Yslam wal-Muslimin Imanipur:
Milletleriň arasynda şahsyýetleri tanamak we tanatmak
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Magtymgulynyň 300 – ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.
Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň habar bermegine görä, Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri Hojjat-ul-Yslam Muhammet Mehdi Imanipur, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Magtymgulynyň 300 – ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyň ikinji gününde öz çykyşynda “Magtymguly Pyragynyň doly diwanynyň iň az ýalňyşlykly” nusgasynyň tanyşdyrylyşy barada belläp geçdi.
Ol öz çykyşynda Eýranyň we Türkmenistanyň medeni umumylyklaryna ünsi çekip şeýle diýdi: Meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, bu iki ýurduň alymlarynyň egnine uly wezipe ýüklän umumylyklardan biridir.
Imanipur birek-biregiň medeni şahsyýetlerini tanamagyň we tanatmagyň möhümdigine ünsi çekip şeýle diýip belläp geçdi:1400 sahypadan ybarat bolan Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan çap edilen “ Magtymguly Pyragynyň diwanynyň deňeşdirilen nusgasy” bu ugurda alnyp barylýän işlerdendir.
Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri bu doly diwanyň bar bolan 8 diwany gözden geçirmek we ozalky gözlegleri, ýerine ýetirilen ylmy işleri, Eýranda we Türkmenistanda bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly taýýarlanandygyny aýtdyp, sözüni dowam etdi: Elbetde, bu diwan hem 100% kemçiliksiz bolup bilmez, ýöne Eýranyň we Türkmenistanyň alymlarynyň arasynda esasanam 2024-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynda kanagatlanarly nusga bolup biler.
Halkara maslahatda Eýran Yslam Respublikasynyň wekili hökmünde Hojjat-ul-Yslam Imanipurdan başga-da, Hindistanyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri çykyş etdiler.
Şeýle hem, ýurduň medeni diplomatiýasynyň müdiri konferensiýanyň ikinji gününiň çäginde Türkmenistanyň döwlet muzeýine aýlandy.