• Mar 2 2023 - 20:38
  • 173
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministriniň Aşgabatdaky “Watan Mukaddesligi” muzeýine gezelenji

Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän medeniýet günleriniň çäginde Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri doktor Muhammet Mehdi Esmaili we onuň ýayndaky wekiliýet Aşgabatdaky “Watan Mukaddesligi” muzeýine baryp gördüler we Röwşen Nurmyradow Muhammetgulyýewiç tarapyndan garşylandylar

Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän medeniýet günleriniň çäginde Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri doktor Muhammet Mehdi Esmaili we onuň ýayndaky wekiliýet Aşgabatdaky  “Watan Mukaddesligi” muzeýine baryp gördüler we Röwşen Nurmyradow Muhammetgulyýewiç tarapyndan garşylandylar.

Bu toplumyň gurluşygy şol wagtky Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäherinde ýadygärlikler toplumyny gurmak hakynda” kararyna laýyklykda Aşgabat şäher häkimligi bilen “Polimeks” türk kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Şertnama laýyklykda ýerine ýetirilip, Watan mukaddesligi muzeýi toplum bilen bilelikde 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda açylyp ulanylmaga berildi. Muzeýde 1000-e golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar.

Muzeýiň binasy 1 gatdan ybarat bolup, onuň esasy sergi ekspozisiýasy muzeýiň 1-nji gatynda ýerleşýär. Muzeýiň sergi zallary uly bolan dört bölekden durýar: Gökdepe söweşiniň zaly, Beýik Watançylyk urşy  zaly. Bu zalda Beýik Watançylyk urşy bilen bagly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary hem ýerleşdirilen, Aşgabat ýer titremesiniň zaly, Häzirki zaman Aşgabadyň döwrebap binalary, Gökdepe söweşiniň panoramasy.

Bu muzeýde Türkmenistanyň taryhynyň bir bölegi halka görkezilýär, bir bölegi "Gökdepe" söweşi (1881-nji ýylda Russiýasynyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň Ahal sebitiniň " Gökdepä" hüjümi we türkmenleriň ýeňilmegi) . Ýene – de başga biz zaly 1948-nji ýylyň 7/3 bal bilen Aşgabatda bolan ýer titremesi. Bu  elhenç ýer titremede 176 müň adam wepat bolupdyr.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: