• Feb 28 2024 - 13:07
  • 114
  • Okamak üçin wagt : 8 minute(s)

Kakada Abuseýit Abulhaýryň 1000 ýyllygyna halkara maslahat geçirildi

Kaka şäheriniň Medeniýet öýinde Abuseýit Abulhaýryň 1000 ýyllygyna bagyşlanyp iki ýurduň Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi.

Kaka şäheriniň Medeniýet öýinde Abuseýit Abulhaýryň 1000 ýyllygyna bagyşlanyp iki ýurduň Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi.

18-nji dekabrda Kaka şäheriniň Medeniýet öýünde Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuliniň, EýranYslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadeginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili Ismail Orazowyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryh bölüminiň müdiri Agamyrat Baltaýewyň şeýle-de EýranYslam Respublikasyndan we Türkmenistandan başga-da birnäçe ylmy işgärleriň we taryhçylaryň gatnaşmagynda Abuseýit Abulhaýyra bagyşlanyň halkara maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryh bölüminiň müdiri Agamyrat Baltaýew Eýrandan gelen myhmanlara hoş geldiňiz diýip, Abuseýit Abulhaýyryň ylmyna we yrfanyna uly hormat goýýanlygyny beýan edip, şeýle diýdi: Bu gün biziň ýurdumyzda uly çäre geçirilýär. Bu ýyl Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip atlandyryldy. Hakykatdanam, bu iki beýik şahsyýet, ýagny Eýranda ýaşap geçen Abuseýit Abulhaýyr we Magtymguly Pyragy , iki ýurt Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy üçin gaty möhümdir.  Bu gün Abuseýit Abulhaýyryň dogduk şäherine geldik, bu ýerde Abuseýit we onuň kakasy okuwçylara tälim – terbiýe berýän ekenler. Zyýaratlaryňyz kabul bolsun.

Sözüniň soňunda Baltaýew iki ýurduň arasyndaky ylmy – medeni gatnaşyklaryň ösmegine ynam bildirip we şahyrlar – akyldarlara degişli birnäçe işleri bilelikde ýerine ýetirip bileris diýip sözüni tamamlady.

EýranYslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli Abuseýit Abulhaýyra bagyşlanyp geçirilýän bilelikdäki maslahaty barada şeýle diýdi:  Türkmenistanda meşhur mistik, ýazyjy we şahyr, "Abuseýit Abulhaýyr" ady bilen tanalýan "Fazlullah bin Ahmed Mehaniniň" bilelikdäki konferensiýanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň taryhçy we ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi, iki ýurduň Eýranyň we Türkmenistanyň şahrylara we akyldarlaryň pikirlerine hormat goýup, olaryň dünýä ýüzünde ähmiýetiniň barlygyny görkezýär. Bu şahyrlar we şahsyýetler hem – de olaryň pikirleri ýagny iki ýurduň medeni umumylyklary

Şeýle konferensiýalarda beýan edilýän iki ýurduň medeni umumylyklaryny göz öňünde tutsak, bu şahyrlar we şahsyýetler we olaryň pikirleri Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurdunyň arasynda ýakynlygy, raýdaşlygy, dostlugy we aragatnaşyk serişdesini üpjün edýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemeginde uly orun eýeleýär.

Rasuli Abuseýit Abulhaýyryň yrfany we gepleşik diline ünsi çekip sözüni dowam etdi: Abuseýidiň pikiriçe, yrfan, bu bendesiniň Hudaý bilen ýola goýýan ýürek baglanyşygydyr  we bu gatnaşyk bendesiniň ýüreginde yhlasdan we hakykatdan başga zat ýok mahaly ýüze çykýar. Abuseýidiň pikiriçe, özüňi pida etmek aslynda öz-özüňden geçmekdir, özüni pida etmeýän adamyň yrfan ýa-da Yslam bilen baglanyşygy ýokdur.

Abuseýidiň dili adamlaryň gündelik söhbetdeşliginiň dili we şol bir wagtyň özünde ýaşlaryň diline ýakyn. Belki onuň wagyzlarynyň özüne çekijiliginiň esasy delilleriniň biri hem halkyň ýönekeý dil gurluşyny ulanmagynda bolup biler.

Ol çykyşynda häzirki zamanyň zerurlyklary barada hem şeýle diýdi: Häzirki döwrüň hyjuwly dünýäsi ähli döwürlerden has hem şu wagt Abuseýidiň rehimdarlygy we ynsanperwerligi sapaklaryna mätäç. Çydamlylyk, hoşniýetlilik, dar düşünjeden gaça durmak, gysga görmek we başgalara zyýan bermek Abuseýit Abulhaýyr ýaly mistikleriň ýolunyň esasy hasaplanyp bu döwrüň esasy zerurlyklaryndan bolup durýar.

EýranYslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abuseýit Abulhaýyry iki halkyn Eýranyň we Türkmenistanyň aragatnaşygynyň esasy sütünleriniň biri hökmünde hasaplap, şeýle diýdi:

Bu beýik aryfyň wezipesi we mertebesi mistizmde, öz döwründen müň ýyl geçenden soň, ol henizem mynasyp derejede tanalmaýar we Eýranyň we Türkmenistanyň alymlary we ylmy işgärleri konferensiýa we ulmy maslhatalary geçirmek arkaly bu beýik şahsyýeti dünýä tanatmaly.

Rasuli sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda şular ýaly medeni çäreler ýygy – ýygydan geçirilip, onda hem şahyr we tanymal şahsyýetleriň tanyşdyrylmagyna umyt bildirdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýesynyň Magtymguly adyndaky milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Muhyýew Toýly hem çykyş etdi: Haçanda dünýäniň beýik şahsyýeti hökmünde Abuseýit Abulhaýyr barada aýdylyp geçilende onuň mugallymlaryny ýatlaman geçmek bolmaz. Ol öz mugallymlaryna uly hormat goýýardy. Olardan Abumuhammet Anazi, Abuseýit Anazi, Abulgasem Bäşär Ýasin, Abdulla Hazari, Abubekir Gaffal Moruzi, Abufazl Serähsi we Ahmet Amelini agzap bolar.

Muhyýew sözüniň soňunda şeýle diýdi: Abuseýit ilkinji bolup Gurhan Kerimi öwrenmek bilen yrfany, ruhy we ylmy din ugrunda ilkinji ädimi atdy.  Ol hemişe nygtaýardy, onuň agzyndan çykýan ähli zatlar Hudaýyň keramatlylygy bilen baglydyr.

Doktor Ali Asgar Mirbageri Fard Yspyhan uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty mugallymy öz çykyşynda şeýle diýdi:  Abuseýit Abulhaýryň ähli pikirleri, adamyň iki fiziki we ruhy ölçegleri bar bolan Gurhanyň taglymatyna esaslanýar. Başga bir söz bilen aýdylanda, adamyň iki özüni ýa-da iki şahsyýeti bar; Fiziki we ruhy şahsyýet. Adamlaryň ömründe üns berýän zady fiziki ýagdaý, ruhy ýagdaýa bolsa az üns berilýär.  Musulman mistikleriniň maksady we wezipesi adamlaryň hakyky we fiziki keşplerine düşünmek, şonda adamlar kämillik derejesine ýeter.

Ol sözüni dowam etdi: Abuseýit beýleki beýik şahsyýetler ýaly ähli taglymatlaryny her kimiň kämillige ýetmek ukybyna görä hakyky şahsyýetine ýetmelidigine bagyşlady.

Soňra doktor Mirbageri Fard Möwlana Jelaleddin Muhammet Balhynyň Masnawi – Manawisinden bir goşgy okap, mowzugy tymsallar bilen düşündirdi.

Yspyhan uniwersitetiniň pars dili we edebiýatymugallymy sözüniň soňunda şeýle diýdi: Abuseýidiň we aryflaryň habary, yslam düzgünleriniň çäginde daşarky dünýä tarapyndan aldanmaly däldiris we hakyky şahsyýet bolup ýetişmäge çalyşmalydyrys.

Soňra Magtymguly adyndaky milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Babaýew Akmyrat Mäne şäheriniň Abuseýit Abulhaýyryň doglan ýeri hökmünde belläp, çykyş etdi: Х asyrda Mäne şäheri taryhda uly we möhüm şäherleriň biri bolupdyr we diňe bir öz döwrüniň ykdysadyy – medeni merkezi hasaplanman, onlarça döwletleri biri - birine baglapdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryhy öwreniş bölüminiň ylmy işgäri Merdan Nepesow öz çykyşynda türkmen halkynyň milli lideri, Halk Maslahatynyň baňlygy gurbanguly Berdimuhammedowyň kitabynda Abuseýit Abulhaýyryň şahsyýeti we Mäne şäheriniň orny barada beýan edilenleri, aýdyp geçdi.

Tärbiýäte Modärres uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty mugallymy Doktor Ebrahim Hodaýar öz çykyşynda “Asrar al-Tawhid ” kitaby barada şeýle beýan etdi: Pars kyssalary kitaplaryň içinde 3 sanysy has meşhurdyr: Asrar al-Tawhid , Täzäkkorolowliýa we Sagdynyň Gülüstan eseri. Asrar al-Tawhid  kitabyň meşhurlygynyň sebäbi şu günki nesillere nähili ýaşamalydygyny öwretýänliginde, ýagny menmenlikden gaça durmak we başgalara kömek etmek diýmekdir we bu örän ähmiýetlidir. Abuseýit menmenlikden gaça durmak üçin adamyň bu pikiri ýaýratmak üçin ilki bilen özünden başlamalydygyna ynanýardy.

Ol sözüni doam etdi: Abuseýit Abulhaýryň neslinden bolan Muhammet bin Manur Asrar al-Tawhid kitabynda Abuseýidiň "men" sözüni hiç haçan ulanmandygyny we hemişe "olar" sözüni ulanýandygyny aýdýar. Emma bolup geçýän bu uruşlaryň hemmesi ynsan egoistliginden başga zat däl. Abuseýidiň ähli tagallasy adamlardan egoistligi aýyrmakdy. 

Tärbiýäte Modärres uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty mugallymy sözüniň soňunda şeýle diýdi: Abuseýit Abulhaýryň pikiriçe, adam ýaradylyşyň iň asyllysy we Taňrynyň ýerdäki mirasdüşeri, ýöne Mäne babanyň taglymatlarynyň esasy, adamyň saglygynyň, mertebesiniň we beýikliginiň syry ynsanyň menmenligi bir tarapa goýmaklygy başarmagynda diýip hasaplaýardy. Ol adamlardan menmenlik aýrylsa, parahatçylyk we dostluk baky boljakdygyna ynanýardy.

Magtymguly adyndaky milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Güýçmyrat Çaňlyýew iň soňky çykyş ediji hökmünde Abuseýit Abyşulhaýryň durmuşy, pentleri şeýle – hem Žukowskiýniň geçiren barlaglary barada beýan etdi.

Şuny belläp geçmek möhümdir, Kaka şäheri Aşgabat şäherinden 129 km uzaklykda ýerleşýär.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: